Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatdan welaýatlara otly biletleri tapdyrmaýar


Demirýol wokzaly. Türkmenistan
Demirýol wokzaly. Türkmenistan

Türkmenistanda otly biletleriniň gytçylygy güýçlendi. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary paýtagtda biletleriň açyk satuwda iki gün bäri ýokdugyny, adamlaryň welaýatlara barmak aladalarynyň artýandygyny aýdýarlar.

"21-nji awgustdan bäri terminallarda bilet ýok. Onlaýn satyn almak mümkinçiligi hem ýok" diýip habarçymyz aýdýar.

Otly biletleriniň häzirki gytçylygy paýtagtdan ýurduň ähli ýerleri bilen aralyga degişli.

Aşgabatly ýolagçylar bilet gytçylygynyň öňem bolandygyny, biletler satylyp başlanda tiz gutarandygyny, emma soňky iki gün düýpden ýokdugyny, hatda para berip hem satyn alyp bolmaýandygyny belleýärler.

"21-nji awgusta çenli hem biletler tiz satylyp gutarýardy. Ondan soň, hatda para bilen hem tapdyrmaýar" diýip, aşgabatly çeşme aýdýar.

Biletleriň bir bölegi terminallarda satylýan bolsa, bir bölegi kassalarda satylýardy. Bu ýerde uly nobatlar döreýär we dawa ýüze çykýar.

Azatlyk bilen anonim gürleşen çeşmeleriň biri paýtagtyň demirýol wokzalynda 18-nji awgustda bolan ýagdaý barada şeýle gürrüň berdi: “Satuwa çykarylýan biletleriň bir bölegi nagt we beýleki bölegi nagt däl görnüşde satylýar. Adamlaryň sanyny görer ýaly däl. Kassirler: 'Bizde bilet gutardy. Galan biletleri täze ornaşdyrylan terminallardan satyn alyň' diýip adamlary, kassanyň öňünden kowýardy” diýip çeşme gürrüň berdi.

Habarçymyzyň sözlerine görä, Aşgabadyň wokzal administrasiýasy ýüze çykan bilet gytçylygynyň sebäplerini täze okuw ýylynda ÝOJ-na dolanýan talyplaryň sanynyň we Awaza syýahatçylyk zolagyna dynç alyşa gidýänleriň sanynyň köplügi bilen düşündiripdir.

Aşgabadyň wokzalyndaky elektron terminallar otly biletlerini satyn almak isleýän alyjylaryň oňaýlygy we kassalarda nobatlar döremez ýaly ornaşdyrylypdy. Emma aşgabatlylar terminallardan bilet satyn almagyň kyndygyny aýdýarlar.

"Täze terminallaryň ornaşdyrylmagy ilatyň bilet isleglerini kanagatlandyrmagyň ýerine, täze kynçylyklary döredýär. Bilet almaga synanyşýan ýaşulylar täze türkmen elipbiýinde hem okap bilmeýändigi we sanly tehnologiýalardan baş çykarmaýanlygy sebäpli, terminallary ulanyp bilmeýärler. Ellerinde bank kartlary bolmadyk ilat näme etmeli?” diýip, paýtagt ýaşaýjysy aýdýar.

Lebaply ýaşaýjy Aşgabatdan Türkmenabada gaýtmak üçin başdan geçiren kynçylyklaryny paýlaşyp, şeýle gürrüň berdi:

"Terminaly ulanyp bilmän goşmaça 20 manat berip, başga bir adamdan onuň karty arkaly terminaldan bilet satyn almagy soradym. Prowodnige 250 manat para berip, tamburda oturyp gideniňden goşmaça 20 manat bereniň gowy” diýip, türkmenabatly ýaşuly gürrüň berdi.

Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary bilet gytçylygynyň içerki uçarlarda hem dörändigini aýdýarlar.

Bilet ýetmezçiliginiň fonunda welaýatlara gatnaýan taksileriň ýol kireý nyrhlary ýokarlandy.

"Otly we uçar biletleriniň gytçylygynyň fonunda hususy taksileriň kireý nyrhlary 450-500 manada çenli artdy. Welaýata gidýän taksiler Çoganlydan ýöreýär. Täze gurlan tölegli ýoldan sürýän sürüjilerе 500 manat, adaty ýoldan sürýänlere 450 manat tölemeli” diýip, Türkmenabat-Aşgabat ugry boýunça kireý edýän taksiçi gürrüň berýär.

Bilet gytçylygy problemasy ýurtda ýyllarboýy saklanýar. Resmiler tarapyndan agzalmaýan we döwlet mediasynda gozgalmaýan bu problema her ýyl dynç alyş möwsüminde agyrlaşýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG