Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän Balkan welaýatynda nobatdaky dynç alyş möwsüminiň başlanmagyna sanlyja gün galanda, sebitde uçar we otly biletleriniň gytçylygy ýene ýitileşdi.
Ilat “Türkmenhowaýollary” we “Türkmendemirýollary” agentlikleriniň websaýtlarynda we kassalarynda bilet tapyp bilmeýän mahaly, araçylar biletleri döwlet bahasyndan 10 esse gymmada satýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 24-nji maýda sebitden maglumat berdi.
“Türkmenbaşy we Balkanabat şäherlerindäki howa we demirýol menzilleriniň kassalarynda erkin bilet asla tapdyrmaýar. Onlaýyn bilet hem ýok” diýip, balkanabatly ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.
Şol bir wagtda, ýerli ýaşaýjylar Balkandan Aşgabada we welaýatlara gitmek üçin döwlet bahasy 100-150 manat bolan biletleriň üstüne 1000 manat beren raýatlaryň islän ugruna bilet tapyp bilýändigini belleýärler.
“Bu biletleri satýan araçylar howa we demirýol menzilleriniň işgärleri bilen bilelikde işleşýärler. Biletleri 10 esse gymmada diňe şol araçylarda tapyp bolýar” diýip, ýagdaýlardan habarly başga bir ýerli ýaşaýjy aýtdy.
Sebitiň howa we demirýol menzilleriniň birnäçe işgäri anonim şertde habarçymyza beren maglumatynda bu aýdylanlary tassyklady.
“Uçar paýtagta ýa-da welaýatlara boş uçsa uçýar, ýöne para bermedik adamlara bilet satylmaýar. Muňa biletleriň satuwy bilen bagly korrupsiýa zynjyrynyň ýaýbaňlanmagy we berkemegi sebäp bolýar" diýip, sebitiň howa menzilleriniň biriniň işgäri anonim şertde gürrüň berdi.
Onuň tassyklamagyna görä, mysal üçin, howa we demirýol menzilleriniň işgärleri araçylaryň üsti bilen, döwlet bahasy 110 manat bolan biledi 1000 manada satsalar, şol puluň 110 manady döwlet kassasyna, galan bölegi ýokarky emeldarlara, azyndan ýedi edara, ýagny ýedi adama paýlanýar.
“Her edara her biletden 100 manat alanda, aýyň ahyrynda ol ummasyz pul bolýar. Bu puldan howa menziliniň başlygy, MHM, prokuratura, transport polisiýasy we araçy paý alýar. Bu ýagdaýlary döwlet emeldarlarynyň ählisi bilýär” diýip, howa menziliniň işgäri belledi.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada “Türkmenhowaýollary” we “Türkmendemirýollary” agentlikleriniň ýerli edaralaryndan, şeýle-de sebitiň howa we demirýol mezillerinden teswir alyp bilmedi.
“Türkmenhowaýollary” 2018-nji ýylda we “Türkmendemirýollary” 2019-njy ýylda biletleriň onlaýyn satuwyny ýola goýdy.
Şonda häkimiýetler bu hyzmatlaryň ýolagçylar üçin döredilen täze bir aňsatlykdygyny aýdyp, biletleriň belli bir böleginiň onlaýyn, galan böleginiň kassalarda satylýandygyny mälim edipdiler, ýöne olaryň göterimini aýdyňlaşdyrmandylar.
Muňa garamazdan, Türkmenistanda ilat uçar we otly biletleriniň ýeter-ýetmezçiligi bilen ýyllarboýy ýüzbe-ýüz bolýar. Raýatlar para bermedikleriň biletleri tas asla satyn alyp bilmeýändigini aýdyp gelýärler.
Bu problema uly baýramçylyklaryň öňüsyrasynda we dynç alyş möwsüminde has-da ýitileşip, biletleriň töweregindäki para-berimi hem möwjedýär.
Bellesek, şu günler Balkanyň häkimiýetleri Hazaryň kenaryndaky Awaza syýahatçylyk zolagyny tomusky dynç alyş möwsümini açmaga taýýarlanýar.
Sebitde her ýylyň iýun aýynda başlanýan bu möwsümiň dowamynda uçar we otly biletleriniň gytçylygy ýitileşýär, taksileriň kireý nyrhlary we bazarlarda azyk önümleriniň bahasy ýokarlanýar.
Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri bu ýagdaýlar, şol sanda uçar we otly biletleriniň gytçylygy, olaryň töweregindäki para-berim meseleleri barada gürrüň gozgamaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum