Hazar deňziniň türkmen kenarynda ýerleşýän “Awaza” syýahatçylyk zolagynda dynç alyş möwsümi dowam edýän mahaly, içerki syýahatçylaryň transport kynçylyklary ýitileşýär.
Awazadaky myhmanhanalara ýollanma satyn almaga mejbur edilen býujet işgärleriniň ençemesi ýurduň welaýatlaryndan Türkmenbaşy şäherine göni uçar gatnawlarynyň ýokdugyny aýdyp, nägilelik bildirýär.
“Işleýän hassahanamyň müdiri ýokardan buýruk geldi diýip, iş hakymdan birnäçe aý saklap galyp, iýul aýyna iki hepdelik Awaza ýollanma almaga mejbur etdi. Iýunyň ahyrynda zähmet rugsadyna çykyp, Awaza gitmekçi bolanymda Lebap welaýatyndan Balkana hiç hili göni uçaryň ýa otlynyň ýokdugyny bilip galdym” diýip, Türkmenabat şäherindäki hassahanalaryň biriniň saglyk işgäri anonim şertde aýtdy.
Şeýle-de, ol maý aýynda ellerine ýollanmalar gowşurylanda, edara ýolbaşçylarynyň tomus aýlarynda Türkmenabatdan Awaza göni uçar gatnawynyň boljakdygyny aýdandygyny hem belledi.
Bu ýagdaýlar bilen Daşoguz we Mary welaýatlarynyň ýaşaýjylary hem ýüzbe-ýüz bolýarlar.
Daşoguzly we maryly býujet işgärleriniň ençemesi Daşoguz-Türkmenbaşy-Daşoguz we Mary-Türkmenbaşy-Mary ugurlary boýunça uçar gatnawlarynyň ýola goýulmagyna maýyň ahyryndan bäri garaşýandyklaryny aýdýar.
““Türkmenhowaýollary” agentliginiň websaýtynda ýerleşdirilen maglumatlar we agentligiň kassalarynda oturan işgärler hem häzirlikçe diňe Aşgabat-Türkmenbaşy-Aşgabat ugurlary boýunça günde iki-üç sany uçar gatnawlarynyň bardygyny tassyklarlar” diýip, habarçymyz belledi.
Şol bir wagtda, agzalan welaýatlaryň ýaşaýjylary Aşgabadyň üsti bilen Awaza gitmek üçin-de, döwlet bahasyndan uçar we otly biletleriniň tapdyrmaýandygyny aýdýarlar.
“Eliňde ýollanma bolsa-da, döwlet bahasy 100-150 manat bolan uçar biletleriniň üstüne 1000 manat bermeseň, ne awiakompaniýanyň websaýtynda, ne-de kassalarynda bilet tapdyrýar. Netijede, biz para berip, ilki Aşgabada, soňra ýene para berip, Türkmenbaşa bilet satyn almaly bolýarys. Bu ummasyz çykdajy bolýar. Nädip yzyma aşjagym belli däl” diýip, daşoguzly hasapçy hünärmen anonim şertde aýtdy.
Lebaply, daşoguzly we maryly býujet işgärleriniň ençemesi bu meseläni çözüp bermegi haýyş edip, “Türkmenhowaýollary” we “Türkmendemirýollary” agentlikleriniň ýerli edaralaryna hat ýazandyklaryny, ýöne netije bolmandygyny aýdýar.
“Kaşaň täze aeroportlar, awtomenziller, wokzallar haňlap ýatyr. Raýatlaryň islegini minimal derejede bolsa-da ödäýjek transport gatnawy ýola goýlanok. 30-35 ýyllap bejerilmedik çarkandak ýollarda ýarym sutkalap, käte sutkalap, uly töwekgelçilikli taksi hyzmatyndan peýdalanmakdan başga çärämiz ýok” diýip, efirde özüni Mergen aga diýip tanyşdyrmagy soran maryly ýaşaýjy aýtdy.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada agzalan agentlikleriň ýerli edaralaryndan, şeýle-de sebitleriň howa we demirýol mezillerinden teswir alyp bilmedi.
Türkmenistanda ilat uçar we otly biletleriniň ýeter-ýetmezçiligi bilen ýylyň-ýylyna ýüzbe-ýüz bolup gelýär. Raýatlar para bermedikleriň biletleri döwlet bahasyndan tas asla satyn alyp bilmeýändigini tekrarlaýarlar.
Transport kynçylyklary barada Azatlygyň habarçylary maýyň ahyrynda hem maglumat beripdiler. Şonda habarçylarymyz Awazada nobatdaky dynç alyş möwsüminiň başlanmagyna sanlyja gün galanda, sebitde uçar we otly biletleriniň gytçylygynyň ýitileşendigini aýdypdylar.
Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ýurduň ulag ulgamynyň yzygiderli ösdürilýändigini ýygy-ýygydan tekrarlaýarlar, ýöne uçar we otly biletleriniň ýetmezçiligini we munuň bilen bagly ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan problemalaryny agzamaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum