Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda zibil dörýän çagalaryň köpelmegi bilen bagly meseläni aradan aýyrmak üçin täze usul oýlap tapana meňzeýär.
Aşgabadyň arassaçylyga gözegçilik edýän edarasynyň wekilleri dükanlaryň we restoranlaryň töweregine zyňlan zibil galyndylary üçin telekeçilere uly möçberde jerime ýazyp başladylar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 13-nji martda paýtagtdan maglumat berdi.
“Häkimiýetleriň zibil dörýänlere garşy gören çäreleri netije bermänsoň, häzir olar boş plastik we çüýşe gaplarynyň döremegine şert döredýän telekeçilere garşy göreşýärler. Şu günler arassaçylyga gözegçilik edýän edaranyň işgärleri dükanlaryň, barlaryň, restoranlaryň, naharhanalaryň töweregine aýlanýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly aşgabatly telekeçi anonim şertde gürrüň berdi.
Ol bularyň töweregine taşlanan plastik we çüýşe gaplar üçin olaryň eýelerine 5-10 müň manat aralygynda jerime salynýandygyny hem belledi.
Işgärler bu çäreleriň sebäplerini “arassaçylygy üpjün etmek tagallalary” bilen düşündirýärler. Şeýle-de, olar plastik we çüýşe gaplaryň taşlanan ýerlerine çagalaryň üýşýändigini hem belleýärler.
“Zibil çelekleri dolup, ýa-da olaryň gapdalynda zir-zibiller üýşse, bu ýerlere çagalar baryp, olaryň çelegi dörmegine we boklaşkalary ýygnamagyna ýol berilse, Jemagat hojalygy müdirliginiň şol ýere berkidilen süpürijilerine hem jeza çäreleriniň görüljekdigi duýduryldy. Olaryň zähmet hakyndan 50%-niň jerime hökmünde alynjakdygy aýdyldy” diýip, ýagdaýlardan habarly ygtybarly çeşmämiz aýtdy.
Azatlyk bu barada Aşgabadyň arassaçylyga gözegçilik edýän edarasyndan we Jemagat hojalygy müdirliginden teswir alyp bilmedi.
Ýöne bu çäreler, Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, zibil dörýän, sadaka soraýan, dilegçilik edýän çagalaryň köpelendigi baradaky maglumatlar bilen utgaşýar.
Ýurduň dürli sebitlerindäki, şol sanda paýtagtdaky habarçylarymyz dürli ýaşdaky çagalaryň zibil dörüp, plastik we çüýşe gaplary toplaýandygy we olary degişli ýerlere satyp, gazanç etmäge, maşgala býujetine goşant goşmaga çalyşýandyklaryny yzygiderli habar berýärler.
“Bu ýagdaýlara daşary ýurt ilçihanalarynyň wekilleri hem şaýat bolýarlar we bu, häkimiýetleri çäre görmäge iterýäne çemeli” diýip, paýtagtdaky habarçymyz belledi.
Ol häkimiýetleriň çagalaryň zibil dörmeginiň öňüni almak üçin mundan ozal hem dürli çäreleri görendigini aýdýar.
“Bularyň arasynda, çagalary gorkuzmak, ýüzlerini almak, käýemek ýa-da ene-atasy, hossarlary bilen düşündiriş işlerini geçirmek ýaly çäreler bar. Ýöne bu çäreler netije bermedi. Sebäbi hökümet hemişe bolşy ýaly meseläniň sebäpleri bilen däl-de, netijesi bilen göreşýär” diýip, habarçymyz belledi.
Türkmen häkimiýetleri ykdysady kynçylyklary we onuň getiren netijelerini, hususan-da, çagalara ýetirýän täsirlerini boýun alyp, aç-açan mesele gozgamaýarlar. Häkimiýetler ýurtdaky işsizleriň we döwletiň maddy kömegine mätäç maşgalalaryň anyk sanyny hem äşgär etmeýärler.
Berk döwlet gözegçiligindäki resmi media bu ýagdaýlar barada hiç hili gürrüň gozgamazdan, raýatlaryň, şol sanda çagalaryň “bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny” her gün diýen ýaly öňe sürýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum