Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň döwlet dükanlary ilatyň un paýlaryny 'kemeldip berýär'


Aşgabatdaky bir döwlet dükanynyň öňünde azyk nobatyna garaşýan aýallar we çagalar. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.
Aşgabatdaky bir döwlet dükanynyň öňünde azyk nobatyna garaşýan aýallar we çagalar. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.

Türkmenistanda azyk howpsuzlygynyň ýagdaýy bilen bagly dowam edýän aladalaryň arasynda, Aşgabadyň käbir döwlet dükanlary ilatyň un paýlarynyň üstünden kemeldip berýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 15-nji noýabrda maglumat berdi.

Ýaňy-ýakynda döwlet dükanlaryndan ýeňillikli un paýlaryny alan birnäçe ýaşaýjy dükanlarda 3-4 kilogram hökmünde ölçelip berlen unlarynyň agramynyň, öý terezilerinde ölçelende, aýdylandan az görkezendigini aýdýarlar.

“Un paýlarynyň agramy öý terezilerinde ýeňil görkezýär. Un, iň azyndan, ýarym kilogram, ýa-da ondan hem köpräk agramda kemeldilip berilýär” diýip, bir ýerli ýaşaýjy aýdýar.

Ýagdaýy düşündirmek üçin dükana dolanyp baran birnäçe ýaşaýjy öz şikaýatlarynyň diňlenilmändigini aýdýarlar.

“Satyjy ‘ogurlyk eden utanmaz, üstüne gelen utanar’ edip, ‘un ýetenine kaýyl bol, köpler ýeňillikli bahadan un alyp bilenok, sen bolsa ýarym kilogramyň gürrüňini edýärsiň, zerur bolmasa, unuňy goý-da, puluňy alyp gidiber’ diýip, ýüzüňi alyp goýberýär” diýip, ikinji gezek dükana baran ýerli ýaşaýjy aýdýar.

Döwlet dükanlary bu ýagdaý boýunça düşündiriş bermeýär.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylary geçen hepdede şäheriň döwlet dükanlaryndaky çörek gytçylygy, gijäniň garaňkysynda döwlet dükanlarynyň öňünde çörek nobatyna garaşýan adamlar barada habar berdiler.

Habarçylaryň iberen wideo ýazgylarynda döwlet dükanlarynda çörek satuwy başlaýança, dükanyň töweregindäki agaçlaryň aşagynda irkilip oturan ýaşaýjylary we 10-12 ýaşly çagalary görse bolýar.​

Bu habarlaryň yz ýany, häkimiýetler nobata garaşýan adamlara garşy reýd geçirip başlady.

Ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň fonunda ençeme hojalyklar ýeňillikli azyk paýlaryna mätäç galýar. Şol bir wagtda, subsidirlenen azyk önümleri kadaly paýlanylmaýar, käbir sebitlerde alty aý çemesi gijikdirilýär.

Giň ýaýran işsizligiň hem-de pes ykdysady şertleriň arasynda harytlar we hyzmatlar yzygiderli gymmatlaýar.

Döwlet dükanlarynyň öňünde emele gelýän azyk nobatlarynda wagtal-wagtal alyjylaryň öz aralarynda, ýa-da alyjylar bilen satyjylaryň arasynda dawa-jenjeller ýüze çykýar.

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda iýul aýynda bir döwlet dükanynyň öňünde emele gelen ýeňillikli un nobatynda dörän ýakalaşykda bir aýal heläk boldy. Şonda bu dükanda un paýynyň üç aý töweregi gijikdirilip paýlanandygy mälim boldy.

Aşgabadyň döwlet dükanlarynda un paýlary kemeldilip berilýän ýaşaýjylar ýeňillikli azyk paýlary bilen bagly problemalar boýunça özlerini çykalgasyz duýýandyklaryny aýdýarlar.

“Alyjylar özleriniň arz-şikaýatlaryny hiç kime ýetirip bilmejekdiklerine göz ýetirensoň, adalat gözlemegiň ýerliksizdigini aýdýarlar we hyrçyny dişläp, öýlerine gaýtmaly bolýarlar” diýip, paýtagtly ýaşaýjy aýdýar.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň habarçylary Daşoguz welaýatynda azyk önümleriniň bahalarynyň arzanlandygyny habar berýärler.

“Daşoguzda azyk önümleriniň, şol sanda un, ýag we gök-bakja önümleriniň bahalary günbatar welaýat bilen deňeşdirilende üç esse töweregi arzan. 1-nj sort unuň 50 kilogramy 120 manat, ýokary hilli un 150 manat, 1 kilogram tüwi 8 manat, 1 kilogram käşir 50 teňňe, 1 litr günebakar ýagy 16 manat. Men Türkmenistanda beýle arzan bahalary görmedim” diýip, Azatlyk Radiosynyň Daşoguz welaýatyna sapar eden habarçysy maglumat berýär.

Şeýle-de, bu sebitde sygyr etiniň bahasy 40 manada, goýun etiniň bahasy 30 manada çenli aşaklapdyr.

Habarçymyz demirgazyk sebitde öz hojalygynda towuk, hindi towugy, ördek we gaz ýaly öý guşlaryny saklaýan köp hojalyga duş gelendigini habar berýär.

Ýerli synçylar sebitde erkin söwdada bahalar boýunça emele gelen maýylganlygyň birnäçe aý mundan ozal azyk paýlarynyň üstünde turan dawa-jenjelleriň hem-de protestleriň yz ýanyna gabat gelmegine ünsi çekýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG