Aşgabadyň çetki etrapçalarynda jemgyýetçilik awtobuslarynyň gatnawy göz-görtele azaldy. Bu şäher ýaşaýjylarynyň transport gatnawynda bökdençlikleri döretdi. Bu barada maglumat berýän Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysy çetki etrapçalardaky döwlet awtobuslarynyň juda könedigini we munuň ýolagçylar üçin dürli kynçylyklary döredýändigini hem aýtdy.
“Mysal üçin, tertipnama boýunça Teke bazar bilen halkara awtoulag terminalyna çenli aralykda gatnaýan 33 belgili awtobus her 30 minutdan bir gezek gelmeli. Ýöne bu ugur boýunça bir awtobus gelip gidensoň, ikinji awtobus ýene bir ýarym sagat soň gelýär” diýip, ýagdaýlardan habarly aşgabatly ýolagçy 3-nji iýulda gürrüň berdi.
Awtobusyň gelmeginiň öňüsyrasynda, duralgada üýşen adamlaryň sany 100-den geçýär. Awtobus gelende, käte oňa münmäge çalyşýan adamlaryň biri-birini basgylamagy we ezmegi ýaly wakalar hem bolýar.
“Hususan-da, gartaşan adamlar kynlyk bilen awtobusa münüp ýetişýärler. Käte awtobuslarda ýeriň üstünde adamlaryň arasynda dawa-jenjel hem bolýar” diýip, aşgabatly ýolagçy aýtdy.
Ýerli häkimiýetler agzalýan ugur boýunça döwlete degişli awtobuslaryň hereketiniň azalmagynyň sebäpleri barada aç-açan düşündiriş bermeýärler. Azatlygyň "Türkmenawtoulaglary" agentiligi bilen telefon arkaly habarlaşmak synanyşyklary başa barmady.
Ýöne ýagdaýdan habarly çeşmämiz awtobus gatnawlarynyň azalmagynyň sebäplerini olaryň sanynyň juda azlygy we könedigi bilen düşündirýär.
“Tertipnama boýunça bäş awtobus gatnamaly bolsa, olaryň diňe iki sanysy gatnaýar. Şol sebäpli awtobus gatnawlarynyň arasyndaky aralyk bir ýarym sagat ýa-da ondanam köp dowam edýär. Awtobuslaryň juda köne bolmagy hem, olaryň örän haýal hereket etmegine sebäp bolýar” diýip, çeşmämiz belledi.
Galyberse-de, aglabasy “Hyundai” markaly bu awtobuslar ýolagçylaryň syýahaty döwründe-de dürli kynçylyklary döredýär.
“Köne hereketlendirijilerden çykýan ýakymsyz ysly gaz awtobusyň tutuş kabinasyna ýaýaraýar. Ýolagçylar bu zyýanly gazdan dem almaly bolýarlar. Awtobusyň hereketlendirijisinden gelýän ses ýolagçy bölüminde eşidilýär. Bu ses sebäpli ýolagçy gapdalynda gürleýän adamyň sesini eşidip bilmeýär” diýip, aşgabatly ýolagçy aýtdy.
Howanyň temperaturasy gündizlerine 40 gradusa çenli ýetýän şu günlerde, awtobuslaryň aglabasynda sowadyjy split-ulgamlary hem işlemeýär. Bu ýagdaý, onsuz hem hyryn-dykyn doly awtobuslarda sapar etmeli bolýan ýolagçylara has-da ýaramaz täsir edýär.
“Awtobuslarda sowadyjy ulgamyň ýokdugy zerarly, aşa yssy howada olaryň içi adamlaryň demi bilen has-da gyzýar. Esasanam garry adamlara dem almak gaty kyn düşýär. Saglyk ýagdaýy gowşak ýolagçylar huşuny ýitirýär. Şeýle adamlar awtobusdan düşürilýär we zerur bolan ýagdaýynda, tiz kömek gullugy çagyrylýar. Häkimiýet wekilleri öz ulagynyň aýnasyndan daşary seredende, olara ähli zat gowy we pozitiw edip görkezmek üçin, şäheriň merkezindäki köçelerde diňe täze awtobuslaryň hereketi ýola goýulýar. Emma şäheriň çetki etrapçalaryndaky köçelerde hakykat gaty gynandyryjy” diýip, aşgabatly çeşmämiz belledi.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada awtoulaglarda ýolagçylaryň howpsuz gatnadylmagyna we olara hyzmat etmegiň ýokary medeniýetiniň üpjün edilmegine gözegçilik edýän “Türkmenulaggözegçilik” döwlet kärhanasyndan kommentariýa alyp bilmedi.
Türkmen häkimiýetleri we mediasy könelişen, sandan çykan jemgyýetçilik transport serişdeleri, olaryň ilata ýetirýän täsirleri barada maglumat bermeýärler. Muňa derek, hökümet maslahatlarynda transport serişdeleriniň gatnawlarynyň kämilleşdirilýändigi we täze awtobuslaryň, taksileriň satyn alynýandygy ýygy-ýygydan tekrarlanylýar.
Muňa garamazdan, Türkmenistanda ilat köpçülikleýin transport serişdeleriniň ýetmezçiligi bilen ýyllarboýy ýüzbe-ýüz bolup gelýär. Bu ýetmezçilik uçar we otly biletleriniň gytçylygynda hem ýygy-ýygydan ýüze çykýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum