Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AIW ýokançly adamlar 'ýekirilýän' Türkmenistanda olara medisina kömegini bermegiň tertibi tassyklandy


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistanda AIW ýokançly adamlaryň anyk sany aýan edilmeýär.
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistanda AIW ýokançly adamlaryň anyk sany aýan edilmeýär.

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi adamyň immunýetmezçilik wirusy ýokançly adamlar ýüze çykarylan mahalynda lukmançylyk kömegini bermegiň tertibini tassyklady. Bu barada “Türkmenportal” neşiri habar berýär. Bu aralykda, bu kesele ýolugan adamlar ýurtdaky ýekirmelerden we üzňeleşdirmelerden şikaýat edýärler.

Hökümetçi neşire görä, “täze düzgünnama Türkmenistanda bu kesele ýolugan raýatlara berilýän lukmançylyk kömeginiň hilini we elýeterliligni artdyrmaga gönükdirilendir”

Saglyk ministriniň degişli buýrugy Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan şu ýylyň 8-nji awgustynda döwlet belligine alnypdyr.

Türkmen häkimiýetleri immunýetmezçilik wirusynyň ýurt içindäki gerimini aç-açan boýun almazlykda tankytlanýar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan ýerli lukmanlar wirusa ýolugan adamlaryň sanynyň, hususan-da, soňky ýyllarda ençeme esse artandygyny aýdýarlar.

“Bu kesele ýolugan raýatlaryň sany soňky 5-6 ýylda görlüp-eşidilmedik derejelere ýetdi. Muny bize näçe gizläp saklaň diýseler hem, bu maglumatlar il içinde indi uly bir syr hem däl. Ýöne saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň emeldarlary, MHM we polisiýa işgärleri bu ugurda hakyky sanlaryň aýan edilmegine garşy erjellik bilen göreşýärler” diýip, Mary welaýatyndaky AIDS öňüni alyş merkeziniň bir lukmany anonim şertlerde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, ganynda adamyň immunýetmezçilik wirusy (AIW) tapylan her bir raýatyň şahsy maglumatlary derrew polisiýa we MHM-ä iberilýär; netijede, ol raýatlar diňe bir ýakynlaryndan we jemgyýetden däl, eýsem, güýç edaralaryndan hem basyş görýärler.

Paýtagtly beýleki bir lukman ýurtdaky syýasy ýapyklygyň, maglumat we sosial ýapyklygyň, üzňeligiň hem-de ykdysady kynçylyklaryň bu keseliň soňky ýyllarda raýatlaryň arasynda has köp ýaýramagyna goşant goşýandygyny aýdýar.

“Häkimiýetler ganynda AIW ýokanjy tapylan raýatlara ‘bihepbeler, ynha, Türkiýä gidip ten satyp, ýa-da tertipsiz jynsy gatnaşyklara girip, SPID keselini Türkmenistana getirýärsiňiz’ diýip, haýbat atmagy gowy görýärler emma raýatlaryň şol kesele ýolugmagynyň düýp sebäplerini eşitmek islemeýärler” diýip, Aşgabat şäherinde Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan lukman aýdýar.

Onuň sözlerine görä, türkmen jemgyýetinde we maşgalalarda saklanyp galýan hem-de döwlet tarapyndan öwran-öwran wagyz edilýän konserwatiw düşünjeler, şeýle-de millilikden we däp-dessurlardan gözbaş alýan stereotipler sebäpli, raýatlara, şol sanda ýokary synplaryň okuwçylaryna jynsy gatnaşyklarda gigiýena, özara düşünişmek, ahlak we saglygy goramak düşünjeleri ýeterlik derejede düşündirilmeýär.

“Şeýlelikde, jynsy gatnaşyklarda goranyş serişdelerinden hem-de kontrasepsiýalardan peýdalanmak hakynda doly we elýeter maglumatlar berilmeýär” diýip, paýtagtly lukman aýdýar.

Onuň sözlerine görä, bu kesel diňe bir jynsy gatnaşyk arkaly däl, eýsem, gan degen islendik enjamlaryň, şol sanda tatu we gözellik gurallarynyň, şeýle-de lukmançylyk şprisleriniň üsti bilen hem ýokuşyp bilýär.

“Şeýle-de, neşekeşlikden ejir çekýän raýatlaryň hem bu kesele ýolugýandygy düşündirilmeýär, maglumat ýapyklygy we kesel bilen bagly statistikalary gizlemek tejribeleri zerarly, ýüzlerçe, müňlerçe näsag öz wagtynda lukmançylyk kömegini alyp bilmeýär” diýip, ol aýdýar.

Hökümetçi neşir, täze düzgünnama bilen zerur lukmançylyk kömegini bermegiň tertibiniň kämilleşdirilýändigini aýdýar, ýöne başga jikme-jiklik bermeýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan bir ýerli synçy hökümetçi neşiriň degişli habaryny ýurtda wirusa ýolugan adamlaryň ençeme ýyllardan bäri boýun alynmaýan meseleleriniň gytaklaýyn dile getirilmegi hökmünde hasaplaýandygyny aýdýar.

Türkmen dilinde ynsan saglygy bilen bagly maglumatlary çap edýän “Saglyk” neşiriniň hünärmenleri adamyň immunýetmezçilik wirusy, ýagny AIW bilen adamyň immunýetmezçiliginiň döredýän sindromynyň, ýagny AIDS keseleiniň arasyndaky ara tapawudy düşündirýärler.

“Adama AIW wirusy ýokuşyp, ol birnäçe ýylyň dowamynda bejerilmedik halatynda AIDS keseline öwrülip bilýär. Bu wirus AIDS keseline öwrülýänçä 5-12 ýyl wagt geçip bilýär” diýip, neşir ýazýar.

Şonuň üçin, hünärmenlere görä, adamyň immunýetmezçilik wirusynyň öz wagtynda anyklanylmagy we netijeli saglyk bejergileriniň kabul edilmegi adamyň ömrüni uzaltmaga kömek edýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň AIDS maksatnamasyna (UNAIDS) görä, häzirki wagtda ýer ýüzünde 47 milliondan gowrak adam AIW keseline ýolugyp, olardan 25 million adam işe ukyply ýaşlardaky adamlar hasaplanýar.

Türkmenistanyň saglyk edaralary ýurtda adamyň immunýetmezçilik wirusyna ýolugan adamlaryň anyk sany barada statstiki maglumatlary hödürlemeýär.

Mary welaýatyndaky AIDS öňüni alyş merkezinde Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan lukman jemgyýetde bu kesele ýolugan adamlara bolan düşünmezligiň dowam edýändigini aýdyp, olaryň jemgyýetden üzňeleşdirilmeginiň häkimiýetler tarapyndan goldanýandygyny aýtdy.

Ýurt içinde AIW we AIDS bilen baglylykda ýigrenje, yzarlamalara we gynamalara sezewar bolýan beýleki bir topar hem LGBTQ azlygynyň wekilleridir.

Ýerli synçynyň ynanjyna görä, ýurtda gomoseksuallygyň jenaýat hökmünde saklanyp galynmagy adamyň immunýetmezçiligine garşy göreşmegiň we bu kesele uçran adamlara lukmançylyk kömegini bermeginiň öňüni baglaýar.

“LGBTQ azlygynyň wekilleriniň bu kesele ýolugmagy olar üçin ölüme barabar howp döredýär. Sebäbi, jemgyýetde we döwlet edaralarynda saklanyp galýan ýowuzlyk we çydamsyzlyk bu raýatlary ýaşamaga bolan hukukdan, lukmançylyk kömegine bolan hukuklardan mahrum edýär” diýip, ýerli synçy aýdýar.

Azatlyk Radiosy 26-njy awgustda Polşada ýaşaýan asly türkmenistanly LGBTQ azlygynyň agzasy, AIW keseline ýolugyp bejergi alan 29 ýaşly Dawid Omarow bilen gürrüňdeş bolup, Türkmenistanda bu kesele duçar bolan adamlaryň ýagdaýy bilen bagly söhbetdeşlik geçirdi.

“Men ol ýerde örän möhüm bolan psihologiki goldawyň berilmeýändigini bellemek isleýärin. Ol ýerde psihologiki ýa-da sosial goldaw düýbünden ýok. Medisina kontekstinde bu örän möhüm bolup durýar” diýip, Omarow aýdýar.

“Gowşak raýatlaryň durmuşyny ýeňletmek maksady bilen maglumat, habarlylyk kampaniýalary alnyp barylmaýar. Bu adamlar psihologiki faktorlar sebäpli, özlerini başgaça görýärler. Käbir adamlar seni çetledip bilýär, käbirleri seniň bilen gatnaşygy doly kesýär. Hemmeler bilse, seni masgaralap, ýa-da senden doly arany açyp bilýär. Sen edil terk edilen adam ýaly ýeke galýarsyň” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Türkmenistanda ilkinji gezek 2001-nji ýylyň tomsunda “Adamyň immunýetmezçilik wirusy sebäpli döreýän keseliň (AIW ýokuşmasynyň) öňüni almak hakynda” ýörite kanun kabul edildi.

Paýtagt Aşgabatda we welaýatlarda AIDS keseliniň öňüni alyş merkezleri hereket edýär. Bu merkezlerde raýatlaryň anonim görnüşde AIW barlagyndan geçip bilýändigi aýdylýar, ýöne Azatlygyň söhbetdeşi, Dawid Omarow bu barlaglaryň anonim däldigini belledi.

Azatlyk Radiosy AIW we AIDS bilen bagly meseleler hem-de täze kabul edilen düzgünnama boýunça Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden goşmaça resmi teswir alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG