Dekabr aýynyň birinji güni Bütindünýä AIDS keseline garşy göreş hökmünde bellenýär. Onuň maksady bu problema adamlaryň ünsüni çekmek we immunýetmezçilik wirusy (AIW) bilen ýaşaýan adamlary goldamakdyr. BMG-niň maglumatlaryna görä, soňky ýyllarda Merkezi Aziýa ýurtlary bu kesele ýoluganlaryň sany boýunça liderleriň hataryna girdi. Bu guraksy statistikanyň arkasynda on müňlerçe näsagyň ykbaly, olaryň keselçilik bilen bagly çekýän aladalary, ýekirmeklik, ýaňadan adaty durmuşy dikeltmegiň ýollaryny agtarmak hem-de başgalaryň ol adamlara kömek etmek baradaky aladalary durýar.
«Golaýlaşma, onuň howply keseli bar». Sabohatyň gürrüňi
41 ýaşly Sabohat (ady üýtgedildi - red.) ömrüniň ýarysyndan gowragyny AIW bilen ýaşaýar. Kesel oňa gazanç üçin ýygy-ýygydan Russiýada işlemäge giden ýanýoldaşyndan ýokuşýar. Ol öz ýagdaýyny göwrelilik döwründe bilipdir.
«Bu gaty gorkunç bolsa-da, men ilkinji çagamy dogurmagy ýüregime düwdüm. Gynansak-da, gyzymyň hem AIW bilen keselländigi anyklandy. Ýanýoldaşym bilen gatnaşygymyz bozuldy, biz tizden aýrylyşmaly bolduk» diýip, ol aýal gürrüň berýär.
Iki ýyldan soň Sabohat başga bir adam bilen tanyşýar, onda-da AIW keseli bar eken. Ol Orsýete işe gidende, bu kesele ýolugypdyr. Niçigem bolsa, olara maşgala gurmak başardypdyr, iki sagdyn çaga dünýä inipdir, sebäbi olaryň ikisi-de zerur dermanlary alypdyrlar.
Emma wagtyň geçmegi bilen ol aýalyna el galdyryp başlaýar, ony öýden daşary goýbermän, her ädimini yzarlaýar. Maşgaladaky näsazlyga äriniň hossarlary hem ýag serpýärler: är-aýalyň ikisiniň hem AIW bilen kesellidigini bilip, olar Sabohata ýigrenjini aç-açan görkezýärler hem-de ogluna ýaş hem sagdyn aýal tapmagy maslahat berýärler.
«Meniň gidere ýerim ýok. Meniň uly gyzym we iki sany maýyp doganym garry ejemiň garamagynda. Maňa bu azaplara hem urlup-ýenjilmelere çydap, ýanýoldaşymyň ýanynda bolmak galýar. Galyberse-de, meniň ýene iki gyzym ösüp gelýär – olar 7 hem 11 ýaşly, Olary entek durmuşa çykarmagym gerek» diýip, Sabohat aýdýar.
Sabohatyň adamsy bölekleýin işler bilen gazanç edýär: gyşda taksi sürüji bolup işleýär, tomusda – gurluşyk meýdançasynda. Onuň bilimi-de, hünäri-de ýok. Sabohat bolsa maşgalada bolýan zorluk-sütemden ejir çekenlere ýardam edýän merkeze ýa-da gaçybatalga merkezlerine ýüz tutmaga gorkýar, AIW bilen keselländigi sebäpli kemsidiljegini bilýär.
Ol eýýäm özi ýalylara kömek etmeli gurluşlarda kemsidiji garaýyşlara duş gelipdi. Bu ýagdaýy Duşanbe şäherindäki belli keselhananyň kardiologiýa bölümine düşeninde gördi. Sabohat hemişe retrowirusa garşy bejergi alýar, onuň wirusa ukyby nol derejede, şonuň üçinem onuň bedeninde töwerek-daşdan hiç hili goragy ýok. Şonda aýalyň aýtmagyna görä, lukmançylyk edarasynyň işgärleri ony aç-açan, kemsidip ýekiripdirler.
«Bölümiň ähli işgärleri diýen ýaly meni ýekirdi. Meniň bilen bir otagda bolýan goňşym gürleşip başlan badyna, şepagat uýalarynyň biri: “Onuň howply keseli bar, onuň ýanynda oturmaň, oňa galtaşmaň” diýip, maňa tarap ylgaýardy. Bolýan otagymdan çykyp, koridordan ýöräp barýarkam, wraç meni gördügi: “Yzyňa dolanyp gir we çykma!” diýýärdi. Sanitarkalar ýüzlerini turşadyp, meniň gap-gaçlarymy alyp, maňa golaýlaşmajak bolup çalyşýardylar. Bu gaty agyr degýärdi» diýip, ol gürrüň berýär.
BMG-niň maglumatynda, Täjigistanda AIW bilen kesellän adamlaryň 32%-i kemsidilme we ýekirmeler sebäpli lukmançylyk kömeginden gaça durýandygy aýdylýar. "AIW bilen ýaşaýan zenanlaryň Täjigistan ulgamy" guramasynyň başlygy Tahmina Haýdarowa bu maglumat bilen ylalaşýar. Ol saglygy goraýyş edaralarynda kemsidilmäniň öňüni almak boýunça syýasaty amala aşyryp, ýurduň medisina işgärleriniň arasynda, okuw-terbiýeçilik işiniň alnyp barylmalydygyny öňe sürýär.
Jemgyýetçilik aktiwistiniň aýtmagyna görä, AIW bilen kesellän näsaglara psihiki goldaw bermek hem zerurdyr. Medisina işgärleri, raýat jemgyýetiniň guramalary bilen işleşýänlere we jemgyýetlere näsaglar bilen aralykda ähli oňaýly şertleri döretmek, AIW keselli adamlary goldap, olaryň hukuklarynyň bozulmagyna ýol bermezlik üçin, medisina işgärlerini höweslendirmegiň gerekdigini aýdýar.
«Bu ädimler saglygy goraýyş edaralarynda has düşünjeli we goldaw beriji şertleri döretmäge ýardam eder» diýip, Tahmina Haýdarowa tassyklaýar.
«Jemgyýetde AIW daşary ýurt keseli diýen pikir ýaşaýar»
Respublikan “AIDS” merkeziniň maglumatyna görä, 2024-nji ýylyň 30-njy sentýabryna çenli Täjigistanda özünde AIW bar bolan 17 müňe golaý adam resmi taýdan hasaba alyndy. Olaryň 6 müňe golaýy aýallardyr. 1991-nji ýyldan bäri Täjigistanda bu keselden 4600 adam ýogaldy.
BMG-niň maglumatlaryna görä, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitinde jemi 140 müň täze AIW bilen keselleme hasaba alyndy. Bu ýagdaýyň 93% Orsýete, Ukraina, Özbegistana we Gazagystana degişlidir. BMG-niň şu ýylyň tomsunda çap eden hasabatynda, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýada ýaşaýan AIW bilen kesellän adamlaryň 42%-iniň wirus näsazlygyndan gysylýandygy nygtaldy. Bu dünýäde iň pes görkezijidir.
Bişek şäheriniň gan arkaly geçýän wirusly gepatitlere we AIW kesellerine gözegçilik merkeziniň direktory Aida Karagulowanyň aýtmagyna görä, munuň sebäbi adamlar köplenç diňe bir jemgyýetçilik derejesinde kemsidilmeler däl, eýsem öz-özüňi hem çetde tutmak bilen bejergi almaga gelmeýärler.
«Adama özüne goýlan diagnozy kabul etmek kyn bolanda, ol öz keselini inkär edýär. Netijede, birnäçe ýyldan soň, ol eýýäm agyr ýagdaýda biziň ýanymyza gelýär. Şoňa çenli oňa ikinji derejeli ýokançlyklar hem goşulýar» diýip, ol aýdýar.
Soňky maglumatlara görä, Gyrgyzystanda 14 müňden gowrak AIW bilen kesellänler hasaba alyndy. Olaryň 13 müňden gowrak adam ýurduň öz raýatlarydyr. 1996-njy ýyldan bäri geçirilen tutuş syn boýunça, şol döwür içinde Gyrgyzystan Respublikasynda bu keselden 3,5 müňden gowrak adam ýogalypdyr.
Aida Karagulowa öz ýurdunda we sebitde bu keselçiligiň ösmegini ilatyň "ýokançlykdan seresap bolmazlygy we Hudaý gorar” diýen töwekgelçilikli meýil bilen baglanyşdyrýar.
Onuň sözlerine görä, Gyrgyzystanda AIW ýaýramagynyň üç ýoly bar - parenteral (gan arkaly), jynsy gatnaşykdan we eneden çaga geçmegi; Gyrgyzystanda başky orunda jynsy gatnaşyklar durýar: 2024-nji ýylyň ilkinji dokuz aýynyň maglumatlaryna görä, ähli ýagdaýlaryň 85%-i şonuň bilen bagly.
«Jemgyýetimizde häli-şindi AIW daşary ýurt keseli, nirededir uzak bir ýerlerde, munuň bilen diňe belli adamlar keselleýärler diýen pikir ýaşaýar. Hawa, elbetde, aýratyn toparlarda; iňňe bilen özüne sanjym edýän neşekeşleriň, jynsy gatnaşykdan gazanç edýänleriň, erkekler bilen jynsy gatnaşykda bolýan erkekleriň durmuş şertleri bilen bagly howply ýagdaý has ýokarydyr. Men bu topara ýaşaýyş şertleri sebäpli medisina kömegi elýeterli bolmadyk hem-de wagtly-wagtynda barlagdan geçip bilmeýän migrantlary-da goşardym. Ýöne biziň ähli syrkawlarymyzy howply toparlaryň wekilleri diýip pikir etmek ýalňyşdyr. Meniň pikirimçe, bu tersine, olaryň köpüsi durmuşda özlerini adaty alyp barýan, talap edilýän we öz kärinde üstünlik gazanan jemgyýete uýgunlaşýan adamlardyr. AIW adamda öz täsirini hiç hili bildirmeýär we onuň ukybyny peseltmeýär» diýip, Karagulyowa gürrüň berýär.
«Päsgelçilikler diňe kellede»
Gyrgyzystanly Ýewgeniý Milýukow hem neşe serişdelerini ulanandan soň, AIW bilen kesellänlerden biri, ol indi şuňa meňzeş diagnoz goýlan adamlara kömek edýär. Ol hem AIW bilen kesellän adamlaryň öz-özüne ýigrenjini ýeňip, durmuşyny gowulandyryp biljekdigine ynanýar. Gyrgyz jemgyýetinde şeýle raýatlary kadaly kabul etmek we birleşdirmek babatda oňyn ösüşler bolup geçdi.
«Mysal üçin, ýaňy-ýakynda meniň doly sagdyn gyzym dünýä indi. Adam kellesindäki şahsy päsgelçilikleri aýyrsa, AIW onuň ömrüne päsgelçilik döretmeýär: Hawa, elbetde, kynçylyk bar, sen bu hassalygy gazandyň. Emma bu ahyrzaman däl. Galyberse-de, AIW bilen kesellän adam öz işinde köp çäklendirmeleri goýýar, ýagny sen hirurg bolup bilmersiň, gan bilen bagly ýene-de 2-3 sany pozisiýa bar we beýlekiler. Şonuň üçinem mekdeplerde, azyk önümçiliginde, kafelerde we ş.m. işläp bilersiňiz. Adamlar durmuş aragatnaşyklary arkaly AIW keseliniň ýokuşmajagyny eýýäm özleşdiren ýaly görünýär» diýip, aktiwist aýdýar.
Milýukow we onuň egindeşleri düşündiriş işlerini alyp barýarlar, psihologiki goldaw berýärler, býurokratik meseleleriň çözgüdine, AIW bilen kesellän adamlara wirus ýüki azalanda, öz wagtynda ýardamlary almaga kömek edýärler.
«Galyberse-de, biz daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlarymyz, mysal üçin, Orsýetdäkiler bilen aragatnaşyk saklaýarys. Gerek bolan halatda dermanlar iberýäris. Sebäbi olar köplenç şol ýerde hasaba alynmaýar we barlagdan geçip bilmeýär. Ol ýerdäki medisina enjamlary düýbünden başga, hatda barlaglar hem tapawutlanýar. Mysal üçin, häzir men ol ýere gidip, barlag geçirtsem, ol ýerde meniň gysylan wirusym AIW netije görkezmez, sebäbi bizde has duýgur reagentler bar. Raýatlarymyz ol ýere baranda, barlaglardan soň, hemme zadyň arassa görkezilen halatlary köp boldy. Bu ýere gaýdyp gelende bolsa, öz ýoldaşyna ýokuşdyrýar» diýip, Milýukow aýdýar.
Öňki garşy pikirliden aktiwiste çenli. Zülfiýanyň hekaýasy
Zülfiýa Saparowa Gazagystanyň iň uly şäheri Almatynyň "Deňdeşlikden deňdeşlige – plus" jemgyýetçilik guramasynda işleýär. Ol özünde AIW bardygyny 2007-nji ýylda bilipdir.
«Şol wagtlar biz Özbegistandan ýaňy göçüp gelip, ýaşamak ýazgysyna durmak üçin, analiz tabşyrmaly bolduk. Şonda mälim bolşy ýaly, mende hem kiçi oglumda AIW bilen keselländigimiz ýüze çykdy. Şol wagtlar oglum üç ýaşlaryndady. Ýanýoldaşymyň, uly oglumyň hem gyzymyň synaglarynyň netijesi erbet bolmady. Olar sagat eken. Elbetde, ilkibaşda howsalaly ýagdaýa düşdük hem muňa haýran galyp, ony inkär etdik. Çaganyň öňünde özümi günäli duýdum. Sebäbi şol wagtlar “AIW bilen kesellän adamlar köp gitse 10 ýyl ýaşaýar” diýip, ýagdaýy öňünden duýdurýardylar» diýip, Zülfiýa aýdýar.
Saparowa hem, AIW bilen kesellän adamlara kömek edýän köp adamlar ýaly, bu keseli inkär edýän durmuşdan, täze missionere çenli ýeňil bolmadyk ýoly geçdi.
«Mende şeýle güýçli ejizlik bolup, hatda düşegimden turmak hem kyndy, ýöne men özümi şeýle ýeňip geçdim. Adamlaryň "bu derman ýasaýjy kompaniýalaryň dildüwşügi" we beýleki biderek zatlar barada ýazýan her hili saýtlary we söhbetdeşlikleri okadym. Häzir olary ýada salmak maňa gülkünç, ýöne şol wagtlar welin ynanýardym» diýip, Saparowa aýdýar.
Zülfiýa entek öz ýurdundaka, kiçi oglunyň dünýä inmezinden öň, bu ýokançlygyň keselhanada ýokuşyp biljekdigini çak edýär. Zülfiýanyň aýtmagyna görä, ogly oňa bejergi alyp başlamaga, AIW we onuň bilen kadaly ýaşamak barada köpräk bilmäge itergi beripdir.
«Men onuň mekdebe gitmegini hökman görmeli diýip ýüregime düwdüm. 2016-njy ýylda Almatyda AIW bilen kesellän çagalaryň ene-atalaryna ilkinji türgenleşik okuwlary geçirilip başlandy. Soňra oglum şeýle alamaty bolan çagalar üçin ýörite gurnalan düşelgä gitdi. Ol ýerde olara bu kesel barada gürrüň berip, onuň bilen nähili ýaşap bolýandygyny öwretdiler. Ol dogry bejergi alýan ýokanç keselli adamlaryň sagdyn çagalary dogrup biljekdigini aýdanda, bu meniň üçin öwrülişik pursady boldy. Meniň üçin bu iň agyrly meseledi, sebäbi oglum heläk bolar, onuň çaga ýüzi düşmez öýdüp gorkýardym» diýip, Saparowa ýatlaýar.
Häzir Zülfiýa başga aýallara, ylaýta-da bejerişden boýun gaçyrýanlara maslahat berýär. Jemgyýetde beýle näsaglary ýigrenmek dowam etse-de, Gazagystanda hem oňaýly özgerişleriň görünýändigini ol aýdýar.
«Häzir ýaşlar has köp maglumata eýe bolýarlar. Biz bir gezek Almatyda "Meni gujakla" kampaniýasyny geçirdik. Onda 30 ýaşa ýetmedik adamlar arkaýynlyk bilen golaýlaşyp gujakladylar. Gartaşan nesil, meniň deň-duşlarymyň ýa-da ýaşlaryň bize "garrylar" diýýänleri bu zatlaryň ählisine gorky bilen howatyrly hem seresaply seredýärdiler. Elbetde, muňa wagt gerekdigine men düşünýärin» diýip, Saparowa aýdýar.
Zülfiýanyň tejribesinde başga ýagdaýlar hem bolupdyr. Geçen ýyl ol etrap prokuraturasynyň işgärleri bilen bilelikde, bir çagany barlaga alyp gitmeli eken. Ol çaga bejergi almandyr.
«Biz ol ýere baranymyzda, prokuratura işgärleri öz ýanlaryna ýaramaz keselden goralýan ýörite eşik alypdyrlar! Ýadyňyzda bolsa, COVID pandemiýasy döwründe, şeýle goragy ulanýardylar. Munuň sebäbini soranymda, olar "çaganyň enesi AIW bilen kesellän, bejergi almaýar, ol çaga-da bejerilmeýär, birden ol dişlärmi ýa dyrnaçaklarmy" diýdiler. Şol ýerde men mini-türgenleşik sapagyny geçirmeli boldum we öz ýagdaýym barada gürrüň berdim. Meni, elbetde, danymdan depäme çenli synladylar, mende AIW bolsa-da, ýöne gaty sagdyn ýaly görünýärdim» diýip, aktiwist ýatlaýar.
2024-nji ýylyň başyna çenli Gazagystanda 32600 adam AIW bilen ýaşaýar. Geçen ýyl ýurduň Saglygy goraýyş ministrligi Almatyda we ýene bäş oblastda bu ýokanç keseliň ýaýramagynyň ýokary derejede saklanýandygyny görkezdi we ýokuşmagyň täze ýagdaýlaryň öňüni almak üçin, görülýän çäreleriň ýeterlik derejede alnyp barylmaýandygyny mälim etdi.
«Dertdeşleriň maslahaty – ol biziň ýolumyzy geçen adam»
Özbegistanda 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli, 48,5 müňden gowrak adam AIW bilen keselläpdir, olaryň 84%-den gowragy bejergi alýar.
Daşkendiň ýaşaýjysy Olesýa Wahitowa olaryň biridir.
«Men eýýäm 8 ýyl bäri hasapda durýaryn. Men keselländigimi tötänden bildim. Ýanýoldaşym keselhana düşende, maňa-da barlagdan geçmelidigimi aýtdylar» diýip, öňki medisina işgäri ýatlaýar.
Ol şol bada özüne bejergi bellenmegini sorap, bejergi almaga başlapdyr. Ýöne oňa bu diagnozy psihiki taýdan kabul etmek has agyr düşüpdir.
«Men medisina işgäri hökmünde, wirus kynçylyklaryny sazlaşdyrýan dermanlaryň bardygyna düşünýärdim, emma ýüregimiň töründe "Belki, bu ýalňyşdyr?" diýip umyt etdim. Nähili bolmalydygym we nädip ýaşamalydygym barada agyr alada edip, öz-özümi çete tutup başladym. Çagalykdan kär edinmäge çalyşýardym, şoňa görä-de, mundan beýlägem baş şepagat uýasy bolup işläp biljekdim, sebäbi bu işiň gan bilen baglanyşygy ýok. Nähili-de bolsa, men işimi taşladym» diýip, Olesýa aýdýar.
Onuň ýanýoldaşynda hem AIW barlagy oňyn netije beripdir. Ol şu ýylyň fewralynda aradan çykypdyr. Ýöne ol mydama bejergi alansoň, är-aýalyň ikinji çagasy sagdyn dünýä inýär:
«Çagamyz dogulmazyndan biraz öň men Daşkentde "Oňyn enelik" synag taslamasynyň gatnaşyjylary bilen tanyşdym, Olaryň köpüsi meniň üçin umytlandyryjy boldy. Bu maňa, ylaýta-da, göwreliligiň soňky aýlarynda uly goldawdy, sebäbi olar AIW bilen kesellän halatynda, sagdyn çaga dogurmak barada, öz tejribesini gürrüň berýärdiler. Soňra meniň gorkym we soňky şübhelerim aýryldy. Häzir oglum eýýäm bäş ýaşynda. Ol doly sagdyn doguldy, protokola görä bar bolan soňky barlaglar negatiw çykdy, oglum registrasiýadan aýryldy» diýip, Wahitowa gürrüň berýär.
Oglunyň dünýä inmegi Olesýany maslahatçy bolmaga, aýallara we ýetginjeklere kömek etmäge iteripdir. «Sebäbi bu ýagdaýda dertdeşleriň ýardamynyň hünärmenlere, hatda wraçlara garanyňda, has peýdalydygyna ynanýaryn. Sebäbi maslahatçy seniň başdan geçirýän ýoluňy geçdi. Şoňa görä-de, has köp ynam we kabul etmek döredýär» diýýär.
Olesýa şol “Oňyn enelik” proýektinde maslahatçy bolup işleýär. Ol proýekti hökümete garaşly bolmadyk «Ишонч ва хаёт» («Ynanç we durmuş») guramasy döredipdi. Olar Özbegistanda AIW bilen kesellän adamlar üçin köp çäreleri amala aşyrýar.
Olesýanyň şeýle herekete gelmegine ýene bir sebäp; göwrelilik döwründe ol wraçlaryň kemsitmesine duçar boldy: oňa käbirleri çagany aýyrtmagy erjellik maslahat berip, belki, "çaganyň düşmegi” mümkin diýip gorkuzdylar.
«Häzir biz medisina edaralarynyň başlangyç bölümlerinde, maglumat duşuşyklaryny geçirip biljek derejä ýetdik. Ondan öň biz dürli mahallalarda (kwartallarda - red.) maslahatlar geçirdik, sebäbi paýtagtda adamlar habarly bolsa-da, biraz çetde durýarlar, hatda Daşkent welaýatynda-da adamlar eýýäm has ýapyk, tebigy zat, olar gorkýarlar. Bu meselede öňden gelýän häsiýetleri, medeniýet aýratynlyklaryny-da nazarda tutmaly. Muňa garamazdan, biz AIW bilen kesellän adamlaryň dymýandygy, ýüz tutmaýandygy üçin, kiçiräk ädimleri ädýäris, olaryň dymyp oturmazlygyny, kömek soramaklaryny isleýäris. Iň esasy, olar bizi diňleýärler» diýip, Wahitowa aýdýar.
Ýapyklyk we hiç zat aýtmazlyk AIW bilen göreşe ýardam etmeýär
Türkmenistan AIW bilen kesellän raýatlaryň sany boýunça resmi statistiki maglumat bermeýär. Bu ýurduň häkimiýetleri keseliň hakyky möçberini barada hiç zat aýtmaýandygy üçin tankyt edilýär. 2024-nji ýylyň tomsunda Azatlyk Radiosynyň anonim şertde geçiren interwýuda, ýerli medisina işgärleri soňky 5-6 ýylyň içinde, respublikada AIW bilen kesellän adamlaryň sanynyň birnäçe esse artandygyny aýtdylar.
Şeýlelikde, aşgabatly wraç ýurtda maglumat-habar beriş we jemgyýetçilik guramalarynyň bolmazlygy hem-de ykdysady kynçylyklaryň Türkmenistanda AIW keselçiliginiň ýaýramagyna ýardam edýändigini belledi. Onuň aýtmagyna görä, bu keseliň öňüni almak boýunça düşündiriş işleriniň geçirilmegine, şol sanda ýokary synp mekdep okuwçylarynyň arasynda jynsy bilimiň alnyp barylmagyna türkmen jemgyýetiniň konserwatiw garaýyşlary päsgel berýär, beýle garaýyşlar bolsa döwlet tarapyndan höweslendirilýär.
«Türkmen häkimiýetleri AIW bar adamlara ýigrenç bilen garaýarlar. Olary, meselem, "Türkiýä gitmekde, ol ýerde jelepçilik bilen meşgullanmakda ýa-da ahlaksyz jynsy gatnaşyklarda aýyplap, soňra Türkmenistana AIDS-i getirdiňiz” diýýärler. Olar adamlaryň kesellemeginiň hakyky sebäpleri, näme üçin keselländikleri bilen gyzyklanmaýarlar. Raýatlar jynsy gatnaşyklarda, gorag serişdeleri barada zerur maglumatlary almaýarlar» diýip, çeşme Azatlyk bilen pikirini paýlaşdy.
UNAIDS — BMG-niň AIW we AIDS epidemiýasyna garşy bütin dünýäde göreşmegiň jemlenen guramasy. Öň bu gurama dünýä liderlerine durnukly ösüş maksatlarynyň çäklerinde, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin, AIW meýilnamalaryny işläp taýýarlamaga çagyryş etdi.
UNAIDS-iň hasaplamalaryna görä, AIW sarp edilmeli serişdeleriniň 20%-i wirusdan has beter ejir çekýän adamlar toparyna profilakika – keseliň öňüni almak üçin berilmeli.
Gurama ýardam çäreleriniň ýokuşmak halatlarynyň artýandygyna garamazdan, AIW üçin serişdeleriň düýpli azalan sebitlerinde, şol sanda Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynda artdyrylmagyna çagyryş etdi.
Şeýle hem UNAIDS sebitdäki hökümetler adam hukuklary baradaky kanunçylygy özgertseler, jemgyýetçilik saglygyna abanýan howpuň öňüni alyp boljakdygyny ýatlatdy.
2018-nji ýyldan bäri UNAIDS-iň Hoşniýetli ilçisi Erkin Ryskulbekow AIW barada duýduryş işleriniň ýokary derejelerde dowam etdirilýändigine garamazdan, Merkezi Aziýa ýurtlarynda näsaglara ýaramaz garaýyşlar we olary ýekirmek birnäçe sebäplere görä, ol ýa-da başga bir derejede dowam edýär diýdi.
«Birinjiden, bu bölek topar 90-njy ýyllarda ähli ýerde "AIDS XXI asyryň belasy” diýip yzdylar. Ikinjiden, jemgyýet ýapyk. Üçünjiden, meniň pikirimçe, örän möhüm faktor: jemgyýetçilik-syýasaty. Olar bu tema barada ýokary tribunalardan ýakymsyz gürrüň edýärler. Bularyň bary ahyrky netijede AIW keselli adamlara ýaramaz garaýşyň häzire çenli dowam edilmegine getirýär. Men aktiwist hökmünde, munuň adaty keseldigini we howa-damja arkaly ýaýraýan ýiti respirator wirus ýokançlygyndan howpunyň azdygyny beýan etmäge çalyşýaryn. Parlamentiň agzalary bilen aýratyn gürleşenimde, elbetde, olar şahsy gürrüňçilikde, ähli zada düşünýärler. Megerem, olaryň jemgyýetçilik derejesi muny aç-açan boýun almaga mümkinçilik bermeýär» diýip, Ryskulbekow belleýär.
Forum