Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň goranyş başlygy Demirgazyk Koreýa Russiýa esger iberdi diýýär


ABŞ-nyň goranmak secretary Lloýd Ostin
ABŞ-nyň goranmak secretary Lloýd Ostin

ABŞ-nyň goranmak secretary Lloýd Ostin 23-nji oktýabrda Demirgazyk Koreýanyň Russiýa esger iberendigini tassyklaýan subutnamalarynyň bardygyny aýdyp, bu ýagdaýyň Phenýan Moskwany ýarag bilen üpjün edeninden soň "indiki ädim" bolandygyny belledi.

"Biz Demirgazyk Koreýanyň esgerleriniň Russiýa gelendigini görkezýän subutnamalary görýäris" diýip, Ostin Rime edýän sapary wagtynda žurnalistlere aýtdy. “Olar o ýerde anyk näme edýärler? Indi şuny örmek galdy” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Şeýle-de, Ostin analitikleriň bu ýagdaýy seljermegi dowam etdirýändigini, ýöne Phenýanyň Russiýa gönüden-göni kömek edendigi üçin degişli netijelere duçar bolup biljekdigini belledi.

“Eger-de olar egindeş söweşijiler bolsalar, olaryň niýeti bu urşa Russiýanyň adyndan gatnaşmak bolýar, bu bolsa örän we örän çynlakaý mesele, onsoň bu diňe bir Ýewropadaky ýagdaýa däl, Hindi-Ýuwaş umman sebitindäki ýagdaýlara-da täsir eder” diýip, Ostin aýtdy.

NATO-nyň metbugat wekili Farah Dakhlallah ýaranlaryň bu meseläni ara alyp maslahatlaşýandygyny aýtdy.

"Eger-de bu goşunlar Ukrainada söweşmeli bolsa, bu Demirgazyk Koreýanyň Russiýanyň bikanun urşuna berýän goldawynyň düýpli ýokarlanandygyny görkezer hem-de Russiýanyň front liniýalarynda çekýän saldamly ýitgileriniň ýene bir alamaty bolar” diýip, Dakhlallah aýtdy.

"Biz bu mesele boýunça ýaranlygyň çäginde işjeň maslahatlaşýarys we Demirgazyk Atlantik Geňeşi basym [Günorta Koreýadan] gysgaça maglumat alar hem-de bu meseläni ýakyn wagtda ýene-de ara alyp maslahatlaşarys" diýip, Dakhlallah sözüniň üstüni ýetirdi.

Milli howpsuzlyk boýunça metbugat wekili Jon Kirbi 23-nji oktýabr güni giçlik Ak tamda Birleşen Ştatlaryň Russiýanyň Uzak Gündogaryndaky Wladiwostok şäherine oktýabr aýynyň başyndan ortasyna çenli Demirgazyk Koreýanyň azyndan 3000 esgeriniň gämi bilen getirilendigine ynanýandygyny aýtdy.

"Bu esgerler soňra gündogar Russiýada ýerleşýän köp sanly harby tälim merkezlerine ugradylar we olar häzirki wagtda tälim alýarlar" diýip, Kirbi aýtdy.

"Biz entek bu esgerleriň rus goşuny bilen birlikde söweşe girjekdigini ýa-da girmejekdigini bilemizok, ýöne bu gürrüňsiz uly alada goýýan ähtimallyk bolup durýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Kirbi Demirgazyk Koreýanyň esgerleriniň günbatar Russiýa gidip, soň Ukrainanyň goşunalaryna garşy söweşe goşulyp biljekdigini aýtdy. Şeýle-de, eger-de ukrain goşunlarynyň garşysynda ýerleşdirilse, Demirgazyk Koreýanyň esgerleri "kanuny nyşana öwrüler" diýip, Kirbi aýtdy.

NATO-nyň baş sekretary Mark Rutte 22-nji oktýabrda Demirgazyk Koreýanyň Ukraina goşun ibermeginiň “düýpli eskalasiýany” alamatlandyrjakdygyny, ýagny ýagdaýyň has ýitileşjekdigini aýtdy. Şeýle-de, Günorta Koreýanyň prezidentinden, harby bileleşige gysgaça maglumat bermekleri üçin, indiki hepde Brýussele öz hünärmenlerini ibermegini haýyş edendigini aýtdy.

Milli aňtaw gullugynyň müdiri Ço Tae-ýong 23-nji oktýabrda Seulda Günorta Koreýanyň kanun çykaryjylaryna Demirgazyk Koreýanyň häzir Russiýada ýerleşýän 3000 esgeriniň, Ukrainadaky söweş meýdanlaryna iberilmezlerinden ozal, pilotsyz uçarlar we beýleki enjamlar boýunça tälim alýandygyny aýtdy.

Ço, öz agentliginiň hasaplamalaryna görä, Demirgazyk Koreýanyň dekabr aýyna çenli Russiýa jemi 10,000 esger ibermegi maksat edinýändigini aýtdy.

Russiýa we Demirgazyk Koreýa esger ýerleşdirmeleri barada aýdylýanlary ret etdi. Emma bu iki ýurt soňky iki ýylda özara hyzmatdaşlygyny üzül-kesil ýokarlandyrdy we iýun aýynda goranyş şertnamasyna gol çekdi.

“Yonhap” habar gullugynyň Günorta Koreýanyň aňtaw gullugyna salgylanyp ýazmagyna görä, Demirgazyk Koreýanyň häkimiýetleri Ukraina iberilen harby gullukçylaryň maşgalalaryny izolýasiýada saklaýar.

Habarda Russiýanyň Demirgazyk Koreýanyň iberen her bir harbysyna aýda 2000 dollar möçberinde hak töleýändigi aýdylýar. Ýöne bu puluň köp böleginiň harbylara we olaryň maşgalasyna ýetmän, döwletde galmagy mümkin. Demirgazyk Koreýada ortaça aýlyk 2022-nji ýyla çenli 1-3 dollar diýlip kesgitlenildi.

Forum

XS
SM
MD
LG