Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyzy üçin adalat gözleýän ene Türkmenistanyň adalatçysyna ýüz tutdy


Türkiýede zähmet migrasiýasynda bolýan türkmenistanly ene 20 ýaşly gyzynyň 2023-nji ýylda Aşgabatda gümürtik ýagdaýda aradan çykandygyny aýdyp, ölüm hadysasynyň häkimiýetler tarapyndan gaýtadan derňelmegini talap edýär.
Türkiýede zähmet migrasiýasynda bolýan türkmenistanly ene 20 ýaşly gyzynyň 2023-nji ýylda Aşgabatda gümürtik ýagdaýda aradan çykandygyny aýdyp, ölüm hadysasynyň häkimiýetler tarapyndan gaýtadan derňelmegini talap edýär.

20 ýaşly gyzynyň gümürtik ölüminiň häkimiýetler tarapyndan açyk derňelmegini talap edýän maryly ene özüniň adalat gözlegleriniň nobatdaky tapgyrynda Türkmenistanyň ombuds aýalyna, adalatçysyna ýüz tutandygyny aýdýar. Ýöne adalatçynyň beren jogaby maşgalanyň derdini ýeňledip bilmedi.

Mary welaýatynyň ýaşaýjysy, häzirki wagtda Türkiýede zähmet migrasiýasynda bolýan Gülälek 2023-nji ýylda gümürtik ýagdaýda Aşgabatda heläk bolan 20 ýaşly gyzynyň janyna kast edilendigini aýdyp, mundan ozal Azatlyk Radiosynda we sosial media serişdelerinde çykyş etdi. Ol öz gyzynyň ölümine sebäp bolan adamlaryň derňelmegini we jenaýat jogapkärçiligine çekilmegini talap edýär.

Gülälek we adamsy bu iş boýunça adalat gözlegleriniň nobatdaky tapgyrynda ýardam sorap, öleriniň Türkmenistanyň adalatçysyna ýüz tutandyklaryny aýdýarlar. Adalatçynyň öz arzalaryna beren jogabynyň bir nusgasyny Azatlyk Radiosyna-da iberen türkmenistanly zenan, bu jogabyň özlerini kanagatlandyrmandygyny aýdýar.

Türkmenistanyň adalatçysy 28-nji sentýabrda maşgala iberen hatynda bu meseläniň Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky bir topara iberilmegini maslahat berýär.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri bu iş boýunça ozal beren maglumatlarynda ýerli hukuk goraýjy edaralarda ýaş gyzyň ölümi boýunça maglumatlaryň bolmandygyny, ýöne häzirki wagtda bu hili ölüm habarlaryna hut prezidentiň diwany tarapyndan seredilýändigini aýtdylar.

Azatlyk Radiosy bu iş boýunça Türkiýede zähmet migrasiýasynda bolýan türkmen zenany Gülälek gelneje bilen söhbetdeşlik geçirdi. Ol adalatçynyň jogaby, adamsynyň Türkmenistandaky ýagdaýy we adalat gözlegleriniň mundan soňky tapgyrlary barada gürrüň berdi.

Ýöne gürrüňdeşlige geçmezden ozal, maglumat üçin aýdylsa, Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň ýaşaýjysy bolan 20 ýaşly Güljemal Aşgabatda işläp ýören döwürlerinde 2023-nji ýylyň awgustynda paýtagtda bir doglan güne çagyrylýar we, bar bolan maglumatlara görä, şol gün köp gatly binadan gaçyp heläk bolýar. Kazyýet-lukmançylyk seljermelerinde bu ölümiň sebäbi ‘beýiklikden ýykylma şikesi’ hökmünde görkezilýär.

Interwýu: Gyzy üçin adalat gözleýän ene Türkmenistanyň adalatçysyna ýüz tutdy
please wait

No media source currently available

0:00 0:05:36 0:00

Forum

XS
SM
MD
LG