Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ 'Altyn kart' wizalaryny 5 million dollara satmakçy bolýar


Donald Tramp (çepde)
Donald Tramp (çepde)

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 25-nji fewralda "altyn kart" ýagny ýaşamak üçin rugsatnamalary hersini 5 million dollara satmak meýilnamasyny yglan etdi we rus oligarhlarynyň ony satyn almaga hukukly bolup biljekdigini aýtdy.

Tramp bu programmany Ak Tamda yglan edip, “altyn kartlaryň” iki hepdä golaý wagtyň içinde elýeterli boljakdygyny aýtdy.

"Sizde ýaşyl kart bar, bu altyn kart. Biz kartyň bahasyny 5 million dollar diýip goýarys"- diýip Tramp aýtdy.

Satuwdan alnan girdejiler defisiti azaltmak üçin ulanylar diýip, amerikan prezidenti aýtdy. Bu maksatnama, iş ýerleri döretjek "pully adamlara" gönükdiriler diýip, prezident aýtdy.

"Olar baý bolarlar we üstünlik gazanarlar, köp pul harçlarlar, köp salgyt tölärler we köp adamy işlederler we bu gaty üstünlikli bolar öýdýäris" - diýip Tramp belledi.

Onuň sözlerine görä, täze altyn kartlara ýüz tutanlar seresaplylyk bilen barlanar we baý ruslar ýüz tutup biler.

XS
SM
MD
LG