Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Birleşen Ştatlar Liwiýa pilotsyz uçarlaryny iberer


Pilotsyz uçarlar, görünmän, 40 sagatlap howada galyp bilýär. Olaryň nyşanany takyk urmak mümkinçiligi orän ýokary.
Pilotsyz uçarlar, görünmän, 40 sagatlap howada galyp bilýär. Olaryň nyşanany takyk urmak mümkinçiligi orän ýokary.
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Liwiýanyň howa giňişliginde Muammar Kaddafiniň güýçlerini nyşana almak üçin pilotsyz uçarlaryň ulanylmagyna ygtyýar berdi. Muňa sebäp bolan – gabawdaky şäher Misuratada gozgalaňçylaryň we parahat ilatyň arasynda pida çekýänleriň sanynyň gitdigiçe artýanlygy. Galyberse-de, hökümet goşuny NATO uçarlarynyň urgularyna uçramazlyk üçin hüjümlerini ilatly merkezleriň çäklerinde amala aşyrýarlar.

Birleşen Ştatlaryň goranmak ministri Robert Geýts bu habary penşenbe güni metbugat ýygnagynda bildirdi. Ol: “Prezident biziň käbir mümkinçiliklerimiziň bardygyny belläp, olardan peýdalanylmagyna meýil bildirdi. Bu onuň pilotsyz uçarlaryň ulanylmagyny oňlaýandygyny aňladýar. Men olaryň ilkinji missiýasy şu gün bolar diýip pikir edýärin. Bu bize käbir takyk başarnyklary berer” diýdi.

Ikisi iberiler

Birleşen Ştatlar harby maksat üçin bu uçarlary Pakistanda, Owganystanda, Bosniýada, Serbiýada, Yrakda we Ýemende ulandy. Pilotsyz uçarlar, görünmän, 40 sagatlap howada galyp bilýär. Olaryň nyşanany takyk urmak mümkinçiligi orän ýokary.

Gabawdaky şäher Misuratada gozgalaňçylaryň we parahat ilatyň arasynda pida çekýänleriň sanynyň gitdigiçe artýar. Pilotosyz uçarlar şonuň üçin iberilýär.
Metbugat ýygnagynda Geýtsiň ýanynda ABŞ-nyň Birleşen ştab başlyklarynyň ýolbaşçysynyň orunbasary general Jeýms Kartwraýt hem bardy. Kartwraýt Birleşen Ştatlaryň Liwiýanyň howa giňişligine patrullyk etmek üçin iki sany pilotsyz uçary ol ýerde saklamagy planlaşdyrýandygyny aýtdy.

General Kartwraýtyň aýtmagyna görä, iki sany pilotsyz uçar penşenbe güni Liwiýa iberilipdir. Ýöne howanyň ýaramazlygy sebäpli olar yzyna gelipdir.

NATO-nyň agzalarynyň arasynda pilotsyz ýaragly uçarlardan peýdalanýan diňe Birleşen Ştatlar. Ýaranlygyň içindäki beýleki döwletler bu uçarlary köplenç razwedka üçin ulanýar.

“Sada goşant”

Birleşen Ştatlaryň bu kararyna barýan operasiýa kontrollyk etmegi Birleşen Ştatlardan öz üstüne alaly bäri parahat ilaty goramakda kynçylyk çekýän NATO-ny goldamak üçin edilýän iş diýip garalýar. Amerikanyň goranmak ministri pilotsyz uçarlaryň ýerleşdirilmegini NATO-nyň missiýasyna edilýän “sada goşant” diýip atlandyrdy.

Penşenbe güni Döwlet sekretary Hillary Klinton Liwiýada hökümet güýçleriniň edýän hüjümlerinde karteç bombasyny ulanýan bolmagynyň mümkindigini aýtdy. “Polkownik Kaddafiniň güýçleri elhenç hüjümlerini, şol sanda Misuratany gabamagy hem dowam etdirýärler. Gowuşýan habarlarda Kaddafiniň tarapdarlarynyň öz halkynyň garşysyna karteçli bombalary ulanýan bolmagynyň mümkindigi aýdylýar” diýip, Klinton belledi.

Gozgalaňçylaryň sözçüsi Abdel Hafiz Goga “Al-Jazeera” telekanalyna oppozision söweşijileriň Birleşen Ştatlaryň pilotsyz uçar ibermek kararyny “gutlaýandygyny” aýtdy. Ol: “Munuň parahat ilaty gorajakdygyna şübhe ýok” diýdi.
XS
SM
MD
LG