Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýada iki sany weteran fotožurnalist heläk boldy


Söweş fotožurnalisti Tim Heterington (ortada) Liwiýanyň Misurata şäherinde, 2011-nji ýylyň 20-nji apreli.
Söweş fotožurnalisti Tim Heterington (ortada) Liwiýanyň Misurata şäherinde, 2011-nji ýylyň 20-nji apreli.
Liwiýanyň gabawdaky şäheri Misuratada iki sany weteran fotožurnalist heläk boldy. Britaniýada doglan film dörediji Tim Heterington we ençeme baýraga mynasyp bolan Kris Hondros 20-nji aprelde, çarşenbe güni, atyşykda pida boldular.

Britaniýada doglan film dörediji Tim Heterington (sagda) we ençeme baýraga mynasyp bolan Kris Hondros
Misurata şäherinde iki aýa golaý bäri liwiýaly gozgalaňçylar bilen Muammar Kaddafiniň güýçleriniň arasynda agyr söweş barýar. Bu iki tanymal fotožurnalistiň gülle degip ölen ýeri şäherde güýçli söweşiň barýan Tripoli köçesi. Olar bilen bile işleýän beýleki iki adam hem ýaralandy.

Nämeleriň bolandygyny häzir Misuratanyň keselhanasynda ýatan ispaniýaly fotožurnalist Guillermo Serwera şeýle düşündirdi: “Tripoli köçesinde işläp ýörkäk, bize raketadan atylan bir granat degdi. Biz söweşden gorkup, yza tarap gelýärkäk, biziň duran ýerimize bir granat gelip düşdi”.

Liwiýa hökümetiniň resmi sözçüsi Musa Ibrahim şu gün, 21-nji aprelde, Tripolide žurnalistlere özüniň bu ýitgä gynanýandygyny aýdyp, sözüniň üstüni şeýle ýetirdi: “Biz özümiz bilen uruşmaýan hiç bir adamy öldüremzok. Bu žurnalistiň nähili ýagdaýda ölendigini barlamak gerek. Bu, elbetede, uruş. Biz tarapdan hem, ol tarapdan hem adam ölýär. Adamlar iki tarapyň arasynda galýar. Biz ýagdaýy bilemzok”.

Duýduryş berilýär

Ýöne gozgalaňçylar Kaddafiniň güýçleriniň Misuratada parahat ilata bilgeşleýin hüjüm edýändiklerini aýdýarlar.

Misuratanyň medisina komissiýasynyň doktory Halid Abufalga iki günbatar žurnalistiniň öldürilen güni parahat ilatdan ýedi liwiýalynyň we bir ukrainaly doktoryň hem heläk bolandygyny aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, mundan başga ýene 120 adam ýaralanypdyr.

“Halkara habar howpsuzlygy” instituty Misuratada soňky hepdelerde ýüzlerçe adamyň ölendigine, bularyň hem köpüsiniň parahat ilatdandygyna ynanylýandygyny habar berdi.

Kömek guramalary ýangyç, azyk harytlary we medisina üpjünçiligi azalyp, gumanitar krizisiň döremegi mümkin diýip ençeme hepde bäri duýduryş berip gelýärler. Soňky duýduryş 20-nji aprelde Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça ýokar komissary Neýwi Pillaýdan geldi. Ol Kaddafiniň güýçleri tarapyndan “tapawut goýulman edilýän hüjümleri” ýazgaryp: “Munuň halkara jenaýatyny artdyrmagy mümkin” diýdi.

Metbugata hüjüm

Heteringtonyň we Hondrosyň ölümine gynanç bildirýänleriň sany gitdigiçe artýar.

Ak Tamyň metbugat sekretary Jeý Karneý bu hadysa özüniň gynanýandygyny aýdyp, Liwiýadan we beýleki döwletlerden žurnlistleri goramagy haýyş etdi: “Žurnalistler tutuş dünýäde bize maglumat ýetirmek, dünýä liderlerinden jogapkärçiligi talap etmek, sesi başga ýollar bilen eşidilmeýänleriň sesini eşitdirmek üçin her gün öz janlaryny howp astyna salýarlar”.

Liwiýa konfliktinde ýene iki žurnalist heläk boldy. Olaryň biri Liwiýanyň internet telekanaly ”Al-Hurrany” esaslandyran Mohammed al-Nabbous, beýlekisi hem ”Al-Jazeeranyň” fotohabarçysy Hasan al-Jaber.

Žurnalistleri goramak komissiýasy Liwiýada fewral aýyndan bärde metbugata edilen 80-den agdyk hüjümi dokumentleşdirdi. Bu san ölenleri, ýaralananlary, tussag edilenleri we hüjüme uçranlary öz içine alýar.
XS
SM
MD
LG