Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýada ýarym asyrlyk adatdan daşary ýagdaý ýatyryldy


Demonstrantlar Siriýanyň Banias şäherindäki protestler mahalynda, 2011-nji ýylyň 17-nji apreli.
Demonstrantlar Siriýanyň Banias şäherindäki protestler mahalynda, 2011-nji ýylyň 17-nji apreli.
Prezident Başar Al-Assadyň hökümdarlygyna garşy barýan gozgalaňyň möwjemeginiň öňüni almak maksady bilen sişenbe güni Siriýanyň hökümeti ýurtda 50 ýyla golaý bäri dowam edip gelýän adatdan daşary ýagdaýy ýatyrdy.

Munuň sebäbi bir aýdan gowrak bäri ýurtda barýan we Homs şäherinde 200 adamyň ölümine sebäp bolan protestler. Täze kanuna indi prezident Assad gol çekmeli. Muňa hem diňe bir formallyk hökmünde garalýar.

Ýurduň resmi habar gullugy “SANA” hökümetiň syýasy tussaglaryň işine garaýan Döwlet howpsuzlygy baradaky sudy hem ýatyryp, parahatçylykly protestlere hukuk berýän täze bir kanuny oňlandygyny bildirdi. Ýöne edilen bu göçümler resmileriň mundan beýläk protestlere çydamlylyk görkezilmez diýip ozal beren duýduryşlaryna gabat gelenok.

Ýurtda 30 ýyllap höküm süren atasy Hafiz Al-Assaddan bu wezipäni miras alan Başar Al-Assad 16-njy aprelde adatdan daşary ýagdaý baradaky kanunyň basym ýatyryljakdygyny aýdypdy. Ýöne bu iş Homsdaky protestleri togtadyp bilmedi. Demonstrantlar bir köpçülikleýin matamda Assadyň režiminiň soňlanmagyny açyk talap etdiler.

Şaýatlar Homs şäheriniň Sagat Meýdançasyna ýygnanan protestçilere garşy ýaragly güýçleriň gije ot açandygyny aýtdylar. “Olar ähli zada ok atdylar, hemme ýer tüssä garyldy. Men käbiriniň aýagyna, käbiriniň hem garnyna gülle degip, ýerde ýatan adamlary gördüm” diýip, bir aktiwist “AP” habar gullugyna aýtdy.

Protestçiler Assadyň režimi agdarylýança özleriniň meýdançadan gitmejekdiklerini bildirdiler. “AFP” habar agentligi bir aktiwiste salgylanyp, “Sagat meýdançasyna” 20 müň adamyň ýygnanandygyny habar berdi.

“Reuters” habar gullugynyň bildirmegine görä, matama ýygnanan adamlar Assadyň agdarylmagyna çagyryp: “Biz millionlap behişde gideris” diýip gygyryşypdyrlar.

Günäkär daşardan gözlenýär

Ýurduň Içeri işler ministrligi öz beýannamasynda: “Homs sünni yslamyň düzgünlerine berk eýerýän ýaragly topar “Salafitleriň” terrorçylykly hüjümlerine uçran iki şäheriň biri” diýdi.

Siriýanyň ýokary derejeli resmileri, şol sanda Assadyň özi-de, bu protestlerde “çet ýurtlaryň dildüwşügini” günäkär edýärler.

“The Washington Post” gazeti 17-nji aprelde Birleşen Ştatlaryň Döwlet departmentiniň Siriýanyň oppozision toparlaryny, şol sanda Londonda ýerleşýän we göni Siriýa gepleşk berýän bir telekanalyny-da, maliýeleşdirendigini ýazdy. Ýöne Döwlet departmentiniň sözçüsi Mark Toner munuň Assadyň režimini ýykmaga gönükdirilen zatdygyny inkär edýär.

“Biz bu hökümeti agdarmak boýunça iş alyp baramzok. Siriýada graždan jemgyýetini goldamak bilen biziň edýänimiz ol ýerde demokratik institusiýalaryň gurulmagy. Dogrusy, biz bu işi dünýäniň hemme ýerinde edýäris. Meniň öz şahsy tejribäm boýunça, 1990-njy ýyllarda Polşadakam biz graždan jemgyýeti we hökümete degişli däl guramalar bilen köp hyzmatdaşlyk etdik. Ýöne bu ýerdäki ara tapawut Siriýa hökümetiniň bular ýaly kömege öz üstüne abanýan howp diýip garaýanlygynda” diýip, Toner aýtdy.

Ol: “Oppozision toparlara kömek etmekden maksat: Assady – Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klinton ony reformaçy diýip häsiýetlendirdi – demokratik özgerişe tarap öňe itmekdi” diýdi. Toner bu meselede öz pikirini şeýle beýan etdi: “Bir jemgyýetde demokratik prosese tarap transformasiýany öňe sürmek hökmany suratda bir hökümeti agdarmak däl. Biziň etmäge synanyşýanymyz – prezidentiň häzir ýüzbe-ýüz bolup durany – öz halkynyň ony demokratik ugra tarap itmegi”.
XS
SM
MD
LG