Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mubarek we onuň ogullary tussag astynda


Ýurduň häkimiýetleri Mubaregiň režimine korrupsiýada bildirilýän aýyplamalar, şeýle hem ýurtda bolan gozgalaňda ýüzlerçe adamyň öldürilmegi boýunça derňew geçirýärler.
Ýurduň häkimiýetleri Mubaregiň režimine korrupsiýada bildirilýän aýyplamalar, şeýle hem ýurtda bolan gozgalaňda ýüzlerçe adamyň öldürilmegi boýunça derňew geçirýärler.
Müsüriň häkimiýet başyndan çetleşdirilen prezidenti Hosni Mubarek 15 günlük tussag astyna alyndy. Ýurduň häkimiýetleri Mubaregiň režimine korrupsiýada bildirilýän aýyplamalar, şeýle hem ýurtda bolan gozgalaňda ýüzlerçe adamyň öldürilmegi boýunça derňew geçirýärler.

Mubaregiň iki ogly - Alaa bilen Gamal hem çarşenbe güni Müsüriň baş prokurorynyň görkezmesi boýunça tussag edildi. Olar hem 15 günlük soraga çekiler.

Alaa bilen Gamal Mubaregiň häkimiýet başynda bolan döwründe onuň bilen bile işleşen ençeme adamyň saklanylýan ýeri bolan, Kairiň gyrasynda ýerleşýän Tora tussaghanasyna geçirildi.

Mubaregiň özüniň, onuň ogullarynyň we režiminiň möhüm şahsyýetleriniň tutulyp, soraga çekilmegi ýanwar we fewral aýlarynda ençeme hepdeläp paýtagtyň Tahrir meýdançasyna ýygnanan protestçileriň esasy talaplarynyň biridi. Protestçiler Mubaregiň 30 ýyllyk hökümdarlyk döwründe onuň režiminiň wezipesinden galp peýdalanan resmi işgärleriň jogapkärçilige çekilmegini isleýärler.

Mubaregiň häkimiýet başyndan gitmegine sebäp bolan gozgalaňlarda polisiýa tarapyndan ot açylyp, ýüzlerçe adam öldi. Resmi maglumatda ölenleriň sany 365 diýlip berildi. Ýöne adam hukuklaryny goraýjy aktiwistler we beýleki toparlar ölenleriň sanyny munuň iki essesi diýip çaklaýarlar.

“Ýürek krizisi”

11-nji fewralda häkimiýet başyndan kowulansoň, Şarm el-Şeýha gaçyp giden Mubarek derňewçiler tarapyndan soraga çekilende, aýdylyşyna görä, “ýürek krizisi” sebäpli keselhana düşüpdir.

Çarşenbe güni keselhananyň işgärleri 82 ýaşly öňki prezidentiň saglyk ýagdaýy barada maglumat bermekden, hatda onuň asyl keselhanadadygyny tassyklamakdan hem boýun gaçyrdylar.

Mubaregiň ogullary Alaa (çepde) bilen Gamal (sagda) Kairiň gyrasynda ýerleşýän Tora tussaghanasynda saklanylýar.



Keselhananyň direktory Mohammad Fathallah “Mübäregiň saglyk ýagdaýy gowumy” diýlip soralanda, “AFP” habar gullugyna “belli bir derejede” diýip, jogap berdi.

Döwlet eýeçiligindäki gündelik gazet “Al-Ahram” çarşenbe güni Şarm el-Şeýhdäki çeşmelere salgylanyp, Mubaregiň soraga çekilmekden sypmak üçin, saglyk ýagdaýyny bahana edinip, keselhana gidendigini ýazdy.

Howpsuzlyk işgäleri Germaniýanyň “DAP” habar gullugyna Mubaregiň çarşenbe güni giçlik Kairdäki bir keselhana geçiriljekdigini aýdypdylar. Ýöne beýleki mediada onuň 15 günlük tussaglyk möhletini Şarm el-Şeýhiň keselhanasynda geçirjekdigi aýdylýar.

Tarapdarlarynyň öňki prezidenti azat etmäge synanyşmagyndan edilýän gorky sebäpli, Mubaregiň keselhanada ýatan otagy we keselhananyň howlusynyň töweregi häzir berk goragly.

Mubaregiň özüne we onuň 30 ýyllyk zalym hökümdarlygyna garşy protest bildirmek üçin, çarşenbe güni öýleden öň keselhananyň daşynda az sanly demonstrantlar ýygnandy.

Adalat üçin çagyryşlar

8-nji aprelde Kairiň merkezi Tahrir meýdançasynda bir protest lagerini saklamagy dowam etdirýän demonstrantlar Mubarek bilen onuň ogullaryna korrupsiýada we öz wezipelerinden hyýanatçylykly peýdalananlykda bildirilýän aýyplamalar barada derňew işinde öňegidişlik bolmasa, protestleri Şarm el-Şeýhda geçirjekdiklerini aýtdylar.

Režimiň işgärleriniň geçen 30 ýyllyk döwürde eden bikanun işleri üçin jogapkärçilige çekilmegi Mubarek häkimiýet başyndan kowulmazdan öň hem demokratiýanyň tarapyny çalýan protestçileriň eden esasy talabydy.

Mubarek bilen onuň ogullarynyň tussag astyna alynmagy barada Waşingtondan görkezilen resmi reaksiýa ýok. Ýöne 12-nji aprelde Birleşen Ştatlar we yslam gatnaşyklary konferensiýasynda çykyş eden Döwlet sekretary Hillari Klinton: “Adalat we mertebe baradaky çagyryş arap dünýäsinde netije berýäne meňzeýär” diýdi.

“Bu gün arap dünýäsiniň uzak gyşynyň doňy çözülip başlady. Onlarça ýyldan bäri, indi, ilkinji gezek uly özgeriş üçin hakyky pursat döredi. Sesleri eşidilip, ileri tutýan meselelerine üns berilmegi üçin adamlara bu bir hakyky pursat” diýip, Klinton aýtdy.

Müsüriň döwlet telewideniýesi çarşenbe güni Mubaregiň ogullarynyň “derňew zeruryýeti sebäply” tussag astyna alnandygyny, olaryň ozal Şarm el-Şeýhde hem sudda soraga çekilendiklerini habar berdi.

Alaa we Gamal häzir Mubaregiň beýleki ýaranlarynyň birnäçesi bilen birlikde Tora tussaghanasynda saklanylýar. Häkimiýet başyndaky partiýanyň baş sekretary Safawat El-Şerif, guramaçylyk sekretary Ahmed Ezz, parlamentiň başlygy Fathi Sorour, öňki premýer-ministr Ahmed Nazif, öňki içeri işler ministri Habib El-Adly we başga-da öňki hökümetiň ençeme ministrleri we ýokary derejeli resmileri şu tussaghanada.
XS
SM
MD
LG