Duşenbe güni Belarusyň paýtagty Minskiniň merkezi metro duralgalarynyň birinde bolan partlamada 12 adam öldi. Ýaralananlaryň sany 150 töweregi.
Prezident Aleksandr Lukaşenko öten agşam gyssagly geçirilen Howpsuzlyk geňeşiniň ýygnagynda ölenleriň we ýaralananlaryň sanyny aýtdy.
Partlama duşenbe güni öýleden soň ýerli wagt bilen sagat 18-e golaý Kastryçnitskaýa (Oktýabr meýdançasy) stansiýasynda boldy. Bu duralga Lukaşenkonyň býurosynyň takmynan 100 metrliginde ýerleşýär.
Partlamanyň sebäbi belli däl. Ýöne “RIA Täzelikler” habar gullugy Lukaşenko salgylanyp, bu hüjümiň ýurduň daşyndan gurnalan bolmagynyň mümkindigini habar berdi.
Partlama mahaly
Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Belarus gullugynyň habarçysy Walentina Aksak partlama bolan mahaly metro stansiýasyndan ýagdaýy telefon arkaly şeýle suratlandyrdy: “Potolokda bir zat döwlen ýaly bolup, bir ýiti, ýakymsyz şatyrdy boldy. Depeden ýanyp duran bölek-büçek zatlar gaçyp ugrady. Bular eskalatoryň üstüne gaçyp, hemme ýere şol bada ot ýaýrady. Adamlara hem ot düşdi. Eskalator togtady, yşyklar sönüp, duralga tüsseden doldy”.
Aksak öz egin-eşigine, saçlaryna ot düşen ençeme adamy görendigini habar berdi: “Sagat öýleden soň, 6 töweregi bolansoň, duralgada köp adam bardy. Yzda duran adamlar näme zatlaryň bolanyny bilmeýärdiler. Partlamanyň golaýynda duran adamlar garşy tarapdaky çykalga tarap ylgadylar. Olaryň käbirine ot düşüpdi. Men ençeme adamyň otly sütün ýaly bolup ýanyp duranyny gördüm”.
Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň habarçysy Ales Daşçinskiý partalamadan az salym soň, milisiýanyň duralganyň daşynda adamlaryň ýygnanmagynyň öňüni alandygyny habar berdi.
Habarçy Alena Struwe hem partlama bolan mahaly duralgadady. Ol az salymdan soň wakany telefon arkaly bildirdi: “Bu ýere tiz kömek maşynlary gelýär. Pyýadaýollarda gan dökülip ýatyr. Ýaralylar daşary çykarylýar. Meniň gapdalymda duran bir ýaş zenan duralga gelýärkä, garaňky bolup, otlynyň durandygyny aýdýar. Ol elsiz-aýaksyz ýatan adamlary görüpdir. Hemme ýer gan, et, ýagdaý şeýle”.
Dürli çaklamalar bar
Partlama bolup-bolmanka “Twitterde” bu waka barada dürli habarlar ýaýrap ugrady. Käbirleri partlamanyň stansiýanyň platformasynda bolandygyny aýtsa, käbrileri: “Ol duralgadan geçip barýan bir otluda boldy” diýýär.
Partlamanyň sebäpleri barada anyk zat ýok-da, diňe dürli çaklamalar bar. Häkimiýetler bu bir terrorçylykly hüjüm diýen pikirden ugur alýarlar. Ýöne hökümete tankydy garaýan synçylar muňa şübhelenýärler. Olaryň pikiriçe, bu Lukaşenkonyň diktatorçylyk režiminiň halkyň ünsüni ýurtdaky krizisden başga zada sowmak üçin gurnan hilesi.
Internetde bolsa dürli dildüwşük teoriýalary ýaýradylýar. “Livejournal.ru” saýtynda atsyz blogçular “Ýurduň içindäki häkimiýet ugrunda barýan göreşden” gürrüň etseler, blogçy Nanoagent bu işde Orsýetiň gizlin gullugy FSB-niň eliniň bardygyny ýazýar.
Her niçik-de bolsa, Belarusyň maliýe taýdan häzir kyn ýagdaýda duranlygy, onuň Orsýetden milliardlarça karz pula garaşýanlygy welin, hakykat.