Takmynan üç hepde mundan ozal Birleşen Ştatlarda musulmanlaryň radikallaşmagy barada Birleşen Ştatlaryň Wekiller Palatasynda respublikan Piter King tarapyndan gurnalan diňlenişik güýçli dartgynlyga getiripdi.
Bu diňlenişige protest bildirilip, üýşmeleňler guraldy, hukuk goraýjy toparlar Kingi MakKartizmd aýyplady, kameralar hem Kongresiň bir musulman agzasynyň diňlenişik zalynda gözlerinden ýaş döküp, aglanyny görkezdi.
Demokratlaryň kontrollygyndaky Senatda sişenbe güni geçen diňlenişik jemgyýetçiligiň ünsüni o diýen özüne çekmese-de, köp synçylar oňa şol jedelli barlaga berilýän jogap diýip düşündiler.
“Amerikaly musulmanlaryň graždan hukuklaryny goramak” diýip atlandyrylan bu diňlenişikde kanun çykaryjylar we şaýatlar çykyş edip, Birleşen Ştatlarda musulmanlara garşy fanatizmiň barha artýanlygyny duýdurdylar.
Diskriminasiýa ýykgyn etmeler
Bu diňlenişigi çagyran Senatyň Adalat komitetiniň baş kanun, graždan hukuklary we adam hukuklary boýunça aşakky komitetiniň başlygy demokrat senator Riçard Durbin.
“Birnäçe adamyň nädogry hereketi üçin tutuş jemgyýeti ýazgarmagyň ýalňyşdygyny biziň hemmämiz kabul etmeli. Jemgyýete günä ýükleme Amerikanyň ýoly däl. Amerikaly musulmanlar hem beýleki amerikanlar ýaly baş kanun tarapyndan goralmaga hukukly” diýip, Durbin aýtdy.
Senator Adalat ministrliginiň statistikasyna sagylanyp: “Amerikada musulmanlar ilatyň bir prosenti hem däl. Muňa garamazdan, hökümet tarapyndan derňelen dini guramalara garşy gönükdirilen diskriminasiýanyň 14 prosentinde nyşana alynýan musulmanlar” diýdi.
Birleşen Ştatlaryň Baş prokurorynyň graždan hukuklary boýunça kömekçisi Tomas Perez hem beren görkezmesinde bu ýagdaýy tassyklady.
“Gynansak-da, 11-nji sentýabrdan bäri 10 ýyla golaý geçendigine garamazdan, zorluk we ala tutmada nyşana alynýanlaryň musulmanlar, araplar, sikhler we günorta aziýaly toplumlardygyny görýäris. Her bir şäher we şäherçede ýolbaşçylar bilen duşuşanymda, olaryň durmuşyna ornan gorky - zorluk, fanatiklikden we ýigrençden gorky meni sandyratdy” diýip Perez aýtdy.
Perez Adalat ministrliginiň musulmanlara garşy edilýän jenaýatlary ýüze çykarmak üçin kanunda bar bolan ähli serişdelerden peýdalanmagy dowam etdirjekdigini bildirdi.
Ilkinji şeýle diňlenişik
Sişenbe güni geçen diňlenişik Kingiň musulmanlaryň radikallaşmagy baradaky diňlenişigine garşy hödürlenen zat diýip, resmi taýdan aýdylanok. Ýöne ol, hatda resmiler hem musulmanlara garşy meýillere goşant goşup ýörkä, musulman amerikanlaryň graždan hukuklaryny goramaga gönükdirilen ilkinji diňlenişikdir.
Durbin bu diňlenişigiň, ýagny amerikaly musulmanlaryň graždan hukuklaryny goramagyň sebäplerini sorag astyna alanlaryň hem bolandygyny, tanymal jemgyýetçilik şahsyýetleriniň edýän öjükdiriji çykyşlarynyň diskriminasiýa üçin amatly şert döredýändigini belledi.
Respublikanlaryň wekili Lindseý Graham sişenbe günki diňlenişigiň çagyrylmagyny goldan adamlaryň biri. Onuň garaýşyça, musulman amerikanlaryň graždan hukuklarynyň goralmagy zerur, ýöne radikallaşmanyň bu jemgyýetde artýandygyny hem boýun almak gerek.
Graham: “Amerikanyň musulman jemagatyna aýdýaryn, siz bu ýurduň aýrylmaz bölegi bolup, öz dini dessurlarynyňyzy ýerine ýetireniňizde, men siz bilen bile duraryn. Ýöne bolup geçýän zatlara düşünip, oňa garşy göreşmäge siz öz ýurduňyza kömek bermeli. Bu urşuň öň hatary siziň arkaňyzdaky gapyda, siziň töweregiňzide” diýdi.
Kingiň amerikaly musulmanlaryň radikallaşmagy barada iýun aýynda ikinji diňlenişigi çagyrmagyna garaşylýar.
Senator Durbin amerikaly musulmanlaryň hukuklaryny goramak barada ýene bir diňlenişik çagyrmak planynyň barlygyny ýa ýoklugyny aýdanok.