ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Ukraina boýunça parahatçylyk ylalaşygy baradaky çagyryşlaryny güýçlendirýän mahaly, ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski Ýewropanyň 200 müň adamlyk parahatçylygy goraýyş güýçleriniň gerekdigi baradaky pikirini öňe sürdi. Emma ol bular ýaly islendik başlangyjyň şowly bolup bilmegi üçin, Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygynyň zerurdygny hem nygtady.
22-nji ýanwarda geçirilen panel maslahatynda Zelenskiden Russiýa bilen geljekde ok atyşygy bes etmek baradaky şertnamany üpjün etmek üçin zerur bolan parahatçylygy goraýjy güýçleriniň göwrümi barada soralanda, ol: “Ýewropalylaryň hemmesindenmi? 200 müň, bu iň pesi. Bu iň bärkisi, ýogsam bu hiç zat” diýip jogap berdi.
Şweýsariýanyň Dawos şäherinde geçirilen Bütindünýä ykdysady forumynda (BYF) çykyş eden Zelenski, şeýle kontingentiň, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen ok atyşygy bes etmek baradaky gepleşikler başlanaýan halatynda, Kiýewe gerek umumy howpsuzlyk kepillikleriniň diňe bir bölegi boljakdygyny belledi.
Zelenski aýratynlykda “Bloomberg News” neşirine beren interwýusynda, islendik parahatçylyk güýçleriniň şowly bolup bilmegi üçin, onuň düzüminde Birleşen Ştatlaryň esgerleriniň hem gerekdigini aýtdy.
“Bu Birleşen Ştatlarsyz amal bolup bilmez” diýip, Zelenski “Bloombergiň” baş redaktory Jon Miklethwaite aýtdy.
“Käbir ýewropaly dostlarymyz munuň mümkindigini oýlasalar-da, ýok, bu bolup bilmez. Birleşen Ştatlar bolmasa, hiç kim töwekgelçilik edip bilmez” diýip, ol sözüne goşdy.
“Birinjilik bilen, Birleşen Ştatlar bolmasa, hiç kim töwekgelçilik etmez. Ikinjiden, bu NATO-ny bölüp biler, Birleşen Ştatlary we Ýewropa Bileleşigini bölüp biler. Putiniň arzuwy – bu ýaranlygy bölmek” diýip, Zelenski belledi.
200 müň adamlyk parahatçylygy goraýyş güýçleri Ýewropa üçin öň görlüp-eşidilmedik derejedäki bir tagalla bolar. Bu görkeziji käbir ýurtlaryň şahsy armiýasynyň sanyndan hem köpdür. NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky Bosniýa-Herzogowina halkara missiýasy 1996-njy ýylda iň gyzgalaňly pursata ýetende, ýaranlygyň esgerleriniň sany 60 müňe deň bolupdy.
Zelenski köp sanly halkara güýçleriniň zerurlygyny, Russiýanyň harby şahsy düzüminiň 1.5 milliondan geçýändigi, Ukrainanyň bolsa, munuň diňe ýarysyna eýedigi bilen düşündirdi.
Zelenski 16-njy ýanwarda Britaniýanyň premýer-ministri Keýr Starmer bilen geçiren metbugat ýygnagynda, gyzyklanma bildirýän döwletler bilen Ukraina halkara güýçleriniň kontingentini ugratmak meselesiniň maslahat edilýändigini aýdypdy.
Britaniýanyň mediasynyň maglumatyna görä, Starmer we fransuz prezidenti Emmanuel Makron, urşy togtatmak boýunça islendik ylalaşyk gazanylandan soň, parahatçylygy goraýjy güýçler hökmünde, Ukraina esgerleri ugratmak barada gürrüň edipdirler.
Zelenski Trampyň Hytaýyň lideri Si Jinpingiň Russiýany parahatçylyga “iterip” biljekdigi baradaky belliklerini hem dile getirdi.
“Emma bu bisiz bolmaly däl – bu möhüm” diýip, ol baglaşylmagy mümkin islendik parahatçylyk ylalaşygyny göz öňünde tutup aýtdy.
Zelenski häzir öz toparynyň 20-nji ýanwarda ABŞ-nyň prezidenti wezipesine gaýtadan girişen Tramp bilen ýüzbe-ýüz gepleşikleri gurnamak boýunça tagalla edýändigini mälim etdi.
Mundan öň, Tramp eger-de Putin Ukrainadaky urşy duruzmak üçin parahatçylyk gepleşiklerini geçirmegi kabul etmese, özüniň Russiýany goşmaça sanksiýalar bilen urup biljekdigini duýdurdy.
Tramp ozalky çykyşlarynyň ýene birinde, Putiniň Ukraina urşuny soňlamak barada ylalaşyk baglaşmakdan ýüz öwrüp, Russiýany "weýran edýändigini" hem belläpdi.
Russiýa uruşda ýüzlerçe milliard dollarlyk serişdesini köýdürdi, 700,000 çemesi adam pidasyny çekdi, goňşularyny gorkuzdy, rus rublynyň hümmetini gaçyrmagy bilen, Ýewropanyň girdejili gaz bazaryny, Günbatar maliýe bazarlaryna elýeterliligini ýitirdi.
Ukrainadaky uruş 2014-nji ýylda, haçanda Kreml bikanun ýagdaýda Ukrainanyň Krym ýarymadasyny anneksiýa etmegi bilen başlady, we 2022-nji fewralynda Russiýanyň doly gerimli hüjüme geçmeginden soň ýitileşdi.
Forum