Günorta Koreýanyň parlamenti ýurtdaky harby ýagdaý düzgünini ýatyrmak üçin ses berdi. Ses berişlige gatnaşan 190 kanun çykaryjynyň 190-ysy hem ses berdi diýip, KBS habar berýär. Şol bir wagtda, harbylar parlament binasyna zabt etdiler.
Ýurduň konstitusiýasyna laýyklykda, prezident bu karary parlamentdäki ses berişlikden soň ýatyrmaly. Häkimiýet başyndaky we iň uly oppozisiýa partiýalarynyň ýolbaşçylary, parlament başlygy onuň ýatyrylmagyna çagyrdy.
Ikinji gün, 3-nji dekabrda çap edilen harby ýagdaý karary ýurtdaky syýasy partiýalary we islendik syýasy işjeňligi gadagan edýär. Harby ýagdaýyň girizilendigini yglan eden prezident Ýun Sok-Ýol parlamenti “jenaýat mesgeni” diýip atlandyrdy.
Rezolýusiýa, karara ses berleninden soň, harbylar parlament binasyn terk etdiler diýip, “Rýonhap” we YTN habar berdi.
Günorta Koreýanyň harby ýagdaý kanuny yglan eden prezidenti Ýun Sok-Ýol öz kararyny KHDR-niň ýurt içindäki tarapdarlaryna garşy göreşmegiň zerurlygy bilen düşündirdi.
Bu karar ýurduň iň uly oppozisiýa partiýasynyň, Demokratik partiýanyň esasy hökümet emeldarlaryna impiçment yglan etmek, ýagny olary jogapkärçilige çekmek synanyşyklaryndan soň kabul edildi diýip, “KBS Bütindünýä radiosy" habar berdi.
Ýun telewideniýede eden çykyşynda oppozisiýanyň hökümetiň we kazyýet ulgamynyň işini ysmaz hala salandygyny aýtdy. Prezidentiň aýtmagyna görä, harby kanun ýurtda konstitusiýa tertibini goramaga kömek etmeli. Ol Demokratik partiýany "kanunçylyk diktatory" bolmakda günäkärledi we parlamenti "jenaýatçylaryň mekany" diýip atlandyrdy.
"Harby ýagdaý kanunynyň yglan edilmegi azat Koreýa Respublikasynyň konstitusion gymmatlyklaryna ynanýan we oňa eýerýän gowy adamlara käbir oňaýsyzlyklary döreder, emma men bu oňaýsyzlyklary azaltmaga synanyşýaryn" diýip, prezident raýatlaryň özüne ynanmagyna çagyrdy.
Gury ýer güýçleriniň serkerdesi Pak An-So harby ýagdaý kanunyna jogapkär diýlip yglan edildi. Ýurtda “Islendik görnüşdäki syýasy işjeňlik” gadagan diýip, häkimiýetler syýasy partiýalaryň miting we ýöriş geçirmeginiň bolmýandygyny aýtdy.
“Rýonhap” oppozisiýanyň baş döwlet auditoryny we baş prokurory işinden aýyrmaga çalyşýandygyny habar berdi. Mejlisiň býujet komiteti, hökümet basyşyna garaman, býujet azaltmak baradaky kanun taslamasyny tassyklady.
Demokratik partiýanyň lideri Li Jae-myung prezidentiň kararyny konstitusiýa garşy we jemgyýetiň bähbitlerine garşy gönükdirilen diýip atlandyrdy. Partiýa kanun çykaryjylary parlament binasyna ýygnanmaga çagyrdy.
Parlament binasyna giriş we çykyş ýollary harbylar tarapyndan petiklendi diýip, “Rýonhap” habar berdi. Häkimiýet başyndaky “Halk güýji” partiýasynyň lideri Han Dong-hun adatdan daşary ýagdaý yglan etmegiň ýalňyşlyk bolandygyny we ony “halk bilen bilelikde” “ýatyrjakdygyny” aýtdy.
Goranmak ministrligi ikinji gün esasy serkerdeleriň ýygnagyny çagyryp, goşunyň ýokary hüşgärlik ýagdaýynda bolmagyny buýurdy. Seulyň köçelerine harby enjamlaryň çykarylandygy habar berildi.
Harby ýagdaý buýrugy harbylara metbugat serişdelerine gözegçilik etmek mümkinçiligini berýär. Ol iş taşlaýyşlary ýa-da “sosial bidüzgünçilige goşant bolýan” ýygnanyşyklary gadagan edýär.
Fewral aýyndan bäri dowam edýän milli iş taşlaýyşa gatnaşýan lukmanlara we saglyk işgärlerine işe gaýdyp gelmelidigi aýdyldy.
Düzgüni bozanlar gözlenip, kazyýetiň karary bolmazdan tussag edilip, ölüm jezasyna çenli jezalandyrylyp bilner.
Harby ýagdaý düzgüni wagtynda, Günorta Koreýanyň kanunlaryna laýyklykda, adatdan daşary ýagdaý kazyýetleri girizilýär we olar kazyýet işlerine garamagy tizleşdirip, aýyplanýanyň goranmak hukugyny, karardan şikaýat mümkinçiligini çäklendirýär.
Forum