Türkmenistan dünýäde we sebitde özüniň tebigy gaz serişdelerine bolan islegleriň barha ýokarlanýandygyny aýdýar. Bu barada “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew Aşgabatda geçirilen halkara nebit-gaz konferensiýasynyň yz ýany, žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda aýtdy.
“Bu günki günde türkmen gazyna bolan islegler demirgazyk, günbatar we gündogar ugurlary boýunça ýokarlanýar. Şonuň üçin, biz her günde dürli-dürli alyjylar we ýurtlar bilen gepleşikler tapgyryny geçirýäris” diýip, türkmen resmisi aýtdy.
Babaýew Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda baglaşylan gaz ylalaşygynyň bes edilendigini hem aýdyp, bu ugur boýunça tebigy gaz üpjünçiliginiň ýyl ortasynda ýatyrylandygyna ünsi çekdi.
Rus habar serişdelerine görä, türkmen resmisi taraplaryň arasynda gazyň bahasy boýunça ylalaşygyň gazanylyp bilinmändigini aýtdy.
Mälim bolşy ýaly, Russiýa mundan ozal 2016-njy ýylda Türkmenistandan tebigy gaz satyn almagy bes edipdi. Üç ýyl arakesmeden soňra, taraplaryň arasynda 2019-njy ýylda bäş ýyl möhlet bilen gaýtadan ylalaşyk gazanyldy. Ýylda bäş milliard kub metr möçberinde gaz söwdasyny göz öňünde tutan bu şertnama 2024-nji ýylyň 30-njy iýunynda tamamlanmalydy. Görnüşinden, taraplar bu ylalaşygyň möhletini uzaltmak babatynda ylalaşyp bilmedi.
"Biz Russiýa Federasiýasyna ýylyň ortasyndan bäri, taraplaryň umumy, özara ylalaşygy astynda, tebigy gaz ibermedik" diýip, rus media serişdeleri halkara nebit-gaz maslahatynyň meýdançalarynda “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýewiň aýdan sözlerini sitirledi.
Şol bir wagtda, türkmen resmileri gaz eksportlarynyň ugurlarynyň giňeldilmegi babatynda hem söz sözläp, bar bolan ugurlar hem-de täze ugurlar boýunça Türkmenistanyň eýeleýän pozisiýasyna ünsi çekdiler.
“Türkmenistan elmydama-da eksport ugurlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny goldap gelýär. Biz bu günki günde täze ugurlara hem-de bar bolan şertnamalar we ugurlar boýunça gazyň möçberleriniň artdyrylmagyna gyzyklanma bildirýäris” diýip, rus media serişdeleri “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýewiň sözlerini sitirledi.
Media maglumatlaryna görä, Türkmenistan şu ýylyň başynda Eýran we Azerbaýjan bilen arada gazanylan üçtaraplaýyn swap ylalaşygy esasynda Azerbaýjana gaz ibermegi hem bes etdi.
Bu ylalaşyk esasynda ýylda 1,5-2 milliard kub metr möçberinde tebigy gaz ibermeleri göz öňünde tutulypdy.
Şol bir wagtda, golaýda Türkmenistan Eýran we Yrak arasynda gol çekilen swap ylalaşygy esasynda günde 20 million kub metr möçberinde tebigy gaz serişdelerini Yraga ibermek boýunça hem ylalaşyk gazandy. Bu gepleşiklere ilkibaşda badalga berlende Türkmenistanyň Yraga ýylda 9-10 millard kub metrden gowrak tebigy gaz ibermegi göz öňünde tutýandygy aýdyldy. Ýöne soňky sanlar bilen bu ugur boýunça ekport edilýän gazyň ýyllyk möçberiniň takmynan 7 milliard kub metre barabar boljakdygy äşgär bolýar. Türkmen resmileri Yrak ugry boýunça gaz ibermeleriniň şu ýylyň aýagyna çenli başlamagyna garaşýarlar.
Ýöne resmiler Aşgabatda geçen halkara nebit-gaz maslahatynda beýleki ugurlar boýunça hem gaz ibermelerini ýola goýmagyň üstünde işlenilýändigini aýtdylar.
Döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew halkara nebit-gaz maslahatynyň meýdançalarynda Gazagystan ugry boýunça türkmen gazyny akdyrmagyň meselelerine-de ünsi çekdi.
“Gazagystan türkmen gazyny satyn almaga isleg bildirýär. Taraplaryň arasynda degişli gepleşikleriň ýakyn wagtda başlamagyna garaşylýar, we hemme zat täjirçilik şertlerine esaslanar” diýip, Arçaýew aýtdy.
Mälim bolşy ýaly, Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň üstümizdäki aýda Aşgabada amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltmek boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi.
Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitinde Özbegistana-da tebigy gaz iberýär. Özbek metbugatyna görä, Özbegistan şu ýylyň ýanwar-awgust aýlary aralygynda sekiz aýyň dowamynda Türkmenistandan we Russiýadan import edýän gazynyň möçberini 5,7 esse artdyryp, bu ugurlar boýunça import gazyň umumy bahasy 1,15 milliard dollara barabar bolupdyr. Ýöne özbek mediasy bu ýurtlardan import edilýän gazyň aýry-aýry möçberleri barada maglumat bermedi.
Rus mediasyna görä, Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi, Türkiýe we Yrak ugurlary boýunça 40 milliard kub metre çenli tebigy gaz serişdelerini eksport etmegi meýilleşdirýär.
“Türkmenistan ynamdar tebigy gaz üpjünçisi hökmünde hem-de global ýangyç bazarlarynda möhüm oýunçy hökmünde ähli ugurlar boýunça tebigy gaz ibermegiň giň mümkinçiliklerini nygtaýar. Bu meýilnama Eýran Yslam Respublikasynyň üsti bilen swap ylalaşygy esasynda Yrak Respublikasyna, şeýle-de Türkiýe Respublikasyna we Ýewropa ýurtlaryna 40 milliard kub metr möçberinde tebigy gaz ibermelerini öz içine alýar” diýip, Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki “TASS” habar agentligi Myrat Arçaýewiň halkara nebit-gaz maslahatynda aýdan sözlerini sitirledi.
Bu maslahatdan mälim bolan käbir sanlara görä, Türkmenistan özüniň iň esasy gaz müşderisi bolan Hytaýa 2009-njy ýyldan bäri 415 milliard kub metr gaz iberipdir.
Şeýle-de, bu ýurt özüniň gaz önümçiligini 2023-nji ýylda 80,6 milliard kub metr bolanlygyndan 2029-njy ýyla çenli ýylda 116 milliard kub metre çykarmagy göz öňünde tutýar.
Düýbi Britaniýada ýerleşýän Energy Institute neşiriniň statistikalaryna görä, Türkmenistan 2023-nji ýylda 39,5 milliard kub metr möçberinde tebigy gaz serişdelerini daşary ýurtlara eksport edipdir. 2022 we 2023-nji ýyllarda bu ýurt Russiýa ugry boýunça her ýyl 4,7 milliard kub metr çemesi tebigy gaz serişdelerini eksport edipdir.
Tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde dördünji orunda gelýän Türkmenistan özüniň düşewüntli energetika pudagyna garamazdan, soňky birnäçe ýyl bäri ýiti maliýe-ykdysady kynçylyklardan ejir çekýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum