Hytaý şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda umumy bahasy 6.55 milliard ABŞ dollaryna barabar bolan türkmen tebigy gazyny import etdi, bu geçen ýylyň şu döwri bilen deňeşdirilende 1.2% az bolsa-da, Türkmenistan Hytaýa gaz akdyrmakda öňdeligi saklaýar diýip, Russiýanyň TASS gullugy Hytaýyň Gümrük gullugynyň Baş administrasiýasyna salgylanyp habar berýär.
20-nji sentýabrdaky maglumata görä, Hytaýa gaz akdyrmak boýunça, Türkmenistandan soň Russiýa gelýär. Ol degişli döwür içinde 5.4 milliard dollara barabar gaz akdyryp, bu geçen ýylky görkezijiler bilen deňeşdirilende 21.1% ýokarydyr.
Habarda Hytaýyň agentliginiň import edilen gazyň mukdaryny äşgär etmeýändigi hem bellenilýär.
Gaz eksporty Türkmenistanyň esasy girdeji çeşmesi bolup, Hytaý türkmen gazynyň iň uly hyrydarydyr.
Türkmen häkimiýetleri daşary ýurtlara iberilýän energiýa serişdeleri, olaryň bahasy we gelýän girdejileriň harçlanyşy barada jikme-jik maglumat bermeýär.