Türkmenistan bilen Yrak günde 20 million kubometr tebigy gazy ibermek hakyndaky ylalaşyga gol çekdi diýip, “Biznes Turkmenistan” neşiri Yragyň energetika ministri Ziad Ali Fadele salgylanyp habar berdi.
Türkmen metbugatynyň habaryna görä, Ziad Fadel iberiljek tebigy gazyň Yragyň gaz elektrik stansiýalarynyň durnukly işlemegini üpjün etmek bilen, ýurduň elektroenergetika düzümlerini düýpli gowulandyrjakdygyny aýdypdyr.
Tebigy gaz “Loxstone Energy” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda, turbageçiriji ulgamlar arkaly Eýranyň üstünden geçiriler.
Ziad Fadel bu ylalaşyga iki ýyldan gowrak wagtyň dowamynda tehniki işler babatda geçirilen gepleşikler netijesinde gol çekilendigini aýdypdyr.
Türkmenistanyň döwlet ministri Maksat Babaýew Bagdada eden saparynyň çäklerinde Yragyň nebit ministri Haýan Abdul Gani bilen hem duşuşdy, taraplar nebit we energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy diýip, habarda bellenýär.