Pagta ýygym möwsümi welaýat ýaşaýjylarynyň durmuşyna ýaramaz täsir ýetirýär. Balkanda ýerli döwlet edaralarynyň işgärleri we ýokary okuw jaýlarynyň studentleri özleriniň kanuny dynç gününi pagta meýdanlarynda geçirmäge mejbur edildi.
Azatlygyň Balkandaky habarçylarynyň maglumatlaryna görä, ýekşenbe güni býujet işgärleri we studentler pagta meýdanlaryna köpçülikleýin ugradylypdyr. Balkanabadyň, Gumdagyň döwlet edaralarynyň işgärleri Bereket etrabynyň pagta meýdanlaryna alnyp barylypdyr.
"Pagta meýdanlaryna ugradylanlaryň arasynda býujet edaralarynyň tas ählisi bar. Diňe kazyýet, MHM we prokuratura edaralaryndan başga kanun goraýjy we harby edaralaryň ählisi pagta ýygymyna çekildi. Pagta ýygym kampaniýasyna welaýat häkiminiň hut özi gözegçilik edip, pagta meýdanlarynda işiň başynda durdy" diýip, ýagdaýdan habarly çeşme aýdýar.
Ekin meýdanlarynda ýekşenbe güni pagta ýyganlaryň arasynda studentler hem bolupdyr.
Welaýat administrasiýasyna ýakyn çeşmeleriň maglumatlaryna görä, pagtanyň dynç günlerinde ýygylmagyna we oňa ýerli ilatyň köpçülikleýin çekilmegine sebitiň hasyl planyndan juda yzda barýandygy sebäp bolupdyr.
"Häkimiň özüniň pagta meýdanlarynda mejbury ýygyma baş bolmagy günbatar welaýatyň pagta plan borçnamasyny heniz 25% ýerine ýetirmändigi bilen bagly. Etrap häkimleri pagtanyň ýokdugy bilen düşündirip, günlük meýilnamalaryň hem ondan birini ýerine ýetirip bilmeýändikleri bilen düşündirýärler. Şol sebäpli welaýat häkimi býujetçileri we talyplary mejbur edip, her dynç güni her bir adam 20 kg pagta ýygsa, welaýat boýunça has köp pagta harmana tabşyrylar diýip, bu mejbury kampaniýany gurnady" diýip, anonimlik şertinde gürleşen çeşme aýdýar.
Welaýatdaky polisiýa edaralarynyň ofiserleriniň, ýol gözegçilik polisiýa ofiserleriniň hem raýat eşigini geýip pagta ýygandygyny çeşmeler gürrüň berdi.
"Welaýat häkimi pagta plany ýerine ýetirilmese prezidentiň ony wezipesinden boşatmagy duýdurandygyny aýtdy. Emma welaýatda pagta planyny ýerine ýetirmek üçin ýeterlik hasyl ýok, galyberse Bereketde, Magtymgulyda we Gyzylarbatda ýagyşly günler başlanyp, howanyň temperaturasynyň sowamagyna garaşylýar. Hasylyň bar bolanyny zaýa etmän ýygnap alsalar zor bolany" diýip, ýene bir çeşme aýdýar.
Balkan welaýatynyň pagta meýdanlaryna iş güýjüniň mejbury ýagdaýda toplanýan wagtynda etraplarda pagta ýygýan kombaýnlaryň ýetmezçilik edýändigini pagtaçylar aýdýarlar.
"Jemi welaýat boýunça kadaly 4 sany kombaýn hereket edýär. Olaryň hem pagtany ýyganyndan ýere zaýalap dökeni köp. Pagta ýygýan kombaýnlaryň yzyny arassalamak üçin köpsanly ýygymçy gerek bolýar" diýip, çeşme aýdýar.
Mejbury pagta ýygym kampaniýasy Balkan welaýatynda jemgyýetçilik transportunyň işini bökdedi. Awtobuslaryň, minibuslaryň şäherlerdäki we şäherara gatnawy çäklendi. Jemgyýetçilik transportunyň uly bölegi ýygymçylary pagta meýdanlaryna daşamak üçin ulanylýar.
Bu aralykda Daşoguz welaýatynda hem pagta ýygyma bat berilýär. "Turkmen.news" neşiri “Daşoguznebitgazgurluşyk” we “Daşoguztransgaz” trestleriniň işgärleriniň Köneürgenç etrabynyň pagta meýdanlaryna zor bilen alnyp barylýandygyny habar berýär. Maglumata görä, adamlar ol ýere 15–20 günlük ýatymlaýyn iberilýär.
Şu ýyl türkmen häkimiýetleri pagtany ýygmak işine möhletinde tas bir aý ir başladylar.
Resmi taýdan sentýabryň ortalaryna ýakyn başlanýan pagta ýygym kampaniýasyna býujet edaralarynyň işgärlerini, studentleri we esgerleri awgustyň ikinji ýarymynda çekip başladylar. Lebapda polisiýa işgärleriniň hem pagta ýygyma çekilendigi we olaryň özlerine derek pagta meýdanlaryna öňki tussaglary ugramak ýaly çärelere baş goşýandygy belli boldy. Kanuny gadagançylyga garamazdan, Lebapda pagta ýygymyna mekdep okuwçylary çekildi.
Sentýabryň başynda pagta meýdanlaryna milli howpsuzlyk işgärleriniň gözegçilik edýändigi habar berlipdi.
Türkmenistanyň hökümeti şu ýyl 1 million 250 müň tonna pagtanyň ýygyljagyna garaşýar. Bu pagta plany ençeme ýyl bäri üýtgewsiz yglan edilýär.
Pagta önümçiliginde mejbury iş güýjüniň ulanylmagyna garşy çykýan halkara guramasy "Cotton Campaign" halkara jemgyýetçiligini türkmen döwleti tarapyndan guramalaşdyrylýan mejbury zähmet bilen öndürilýän türkmen pagtasyndan ýüz öwürmäge çagyrýar.
Pagta önümçiliginde mejbury zähmeti ulanmakda ýyllarboýy ýazgarylýan türkmen hökümeti öz adyna halkara derejesinde edilýän tankytlara reaksiýa görkezmeýär we öz pagtasyny Hytaý, Orsýet, Türkiýe, Eýran we Koreýa ýaly ýurtlara satýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum