Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Milli howpsuzlyk işgärleri pagta meýdanlaryna gözegçilik edýärler


Pagta meýdanlaryndaky ýygymçylar (Illýustrasiýa suraty)
Pagta meýdanlaryndaky ýygymçylar (Illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda resmi taýdan heniz başlanmadyk pagta ýygym möwsümi gyzgalaňly geçýär. Ýygymçylaryň, şol sanda býujet işgärleriniň işine şu günler Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri gözegçilik edýär. Lebap welaýatynyň pagta meýdanlaryndaky ýagdaý barada Azatlygyň ýerli habarçylary we çeşmeleri maglumat berýärler.

Çärjew we Halaç etraplarynyň pagta meýdanlaryna MHM-niň işgärleri tarapyndan gözegçilik edilýänligini ýygymçylar we ýerli güýç edaralarynyň işgärleri habar berdiler.

Azatlyk bilen anonim gürleşen çemeleriň biri öz görenlerini şeýle gürrüň berdi: “Pagta meýdanynyň ýanynda kärendeçi bilen gürleşip duran, 29-30 ýaşly, eli rasiýaly, orta boýly ak ýagyz adamy gördüm. Şol gün giçlik rasiýaly adamyň kimdigini soranymda onuň bilen gürleşenleriň biri ol 'KNB-äň işgäri' diýdi. Ol ýaş seržant pagta meýdanlarynda pagta ýygýanlaryň wideo-surat almazlygy üçin gözegçilige goýlupdyr. Adatça kondisionerli otaglarda işläp öwrenen MHM işgäri günüň aşagynda kän duranlygy sebäpli, güne köýüpdir” diýip, lebaply ýygymçy gürrüň berdi.

Mundan öň habarçylarymyz pagta meýdanlarynda ýygymçylardan mobil telefonlaryny ulanmazlygyň talap edilendigini habar beripdi.

Pagta önümçiliginde ýyllarboýy mejbury zähmeti ulanmakda ýazgarylýan Türkmenistan öz adyna edilýän tankytlary kabul etmeýär, emma munuň bilen birlikde pagta meýdanlaryndaky ýagdaýy ýaşyrmak boýunça alyp barýan çärelerini güýçlendirýär.

"Daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen ynsan hak goraýjylarynyň ellerine wideo we foto subutnamalar geçmez ýaly, MHM gözegçiligini güýçlendirdi" diýip, Lebabyň güýç edaralarynyň birinde işleýän çeşme 9-njy awgustda anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Şu günler pagta meýdanlarynda güýç edaralarynyň gözegçiliginiň ýola goýulmagy Halkara zähmet guramasynyň (HZG) Aşgabatda geçiren brifinginiň yzýanyna gabat geldi. Eu4turkmenistan Instagram sahypasyndaky maglumata görä, 2024-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasynda geçirlen brifing ýurtda mejbury çaga zähmetini ýatyrmak meselesine bagyşlanypdyr. Habarda bellenilişi ýaly, diplomatlar 2024-2025-nji ýyllarda HZG-niň we türkmen hökümetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýol kartasynyň alynyp barlyşy bilen gyzyklanyp, Türkmenistanda mejbury zähmeti aradan aýyrmak üçin zerur özgertmeleri goldaýandyklaryny belläpdir.

Bu aralykda Türkmenistanda pagta ýygymda mejbury iş güýjüni ulanmak bat alýar.

Şu ýyl pagta hasylynyň ýygylyp başlanmagyna üç hepdä golaý wagt boldy. Awgustyň 20-sinden bäri döwlet edara-kärhanalary öz işgärlerini pagta meýdanlaryna mejbury ugratmak ýa-da olara derek hakyna ýygymçy tutmak üçin pul ýygnamak çärelerini geçirýärler.

Pagta meýdanlarynda şu ýyl pagta ýygýan çagalaryň hem ozalkysyna garanda köpelendigini habarçylar belleýärler. Lebap welaýatynyň Kerki, Garabekewül, Farap, Darganata, Hojambaz, Saýat we Çärjew etraplarynda awgustyň aýagyndan bäri pagta meýdanlaryna ugradylýan mekdep okuwçylaryny daňdan sagat 5-den başlap pagta meýdanlarynda görse bolýar. Lebaply mugallymlaryň ençemesi çagalaryň pagta ýygymyna ugradylýandygy tassykladylar, emma olaryň hökmany suratda 14 ýaşyny dolduran bolmalydygyny we çaganyň ene-atasyndan rugsat alnyp, pagta ýygymyna ugradylýandygyny aýtdylar.

"Garyp maşgalalar goşmaça gazanç etmek üçin çagalaryny ýanlary bilen pagta meýdanlaryna alyp çykýarlar. Şeýle-de, biziň etrabymyzyň daş obalarynda, sapaklaryndan soň uly synp okuwçylar pagta mejbury äkidilýär” diýip Dänew etrabynyň ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Türkmenistanyň kanunlaryna ters gelýän bu ýagdaý, üstesine, çaga zähmetini resmi derejede gadagan edýän permanyň çykarylmagynyň yzýanyna gabat geldi.

Türkmenistanda 18 ýaşyna ýetmedik ýaşlaryň pagta ýygymyna çekilmegini gadagan edýän resmi buýruk şu ýylyň iýul aýynda güýje girdi. Buýruga 12-nji iýulda Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri Muhammetseýit Sylabow gol çekdi.

Halkara Zähmet Guramasynyň 2023-nji ýylda Türkmenistana baryp gören missiýasy ýurduň pagta meýdanlarynda ilatyň, şol sanda çagalaryň zor bilen işledilmeginiň alamatlaryny tapypdy.

Şu günler pagta meýdanlarynda ýygymçylaryň zähmet hakyna degişli problemalar ýüze çykýar.

Lebaply pagta ýygymçylary ýygan pagtasy üçin tölenmeli zähmet hakynyň 50%-niň tölenmeýändigini gürrüň berýärler.

“Kärendeçiler kärende ýerlerinde pagta ýygymyna çekilen hakyna tutma işgärlere ýygan pagtasynyň agramyna görä tölenmeli zähmet hakynyň ýarysyny tölemeýärler. 'Şu wagt pagta meýdanlarynda pagta az, adamlar artyk gazanç etmek üçin ýygylan pagta haltalaryna gum we toprak guýýarlar' diýlen bahana bilen bize zähmet hakymyzy bermeýärler” diýip, çärjewli hakyna tutma ýygymçy gürrüň berdi.

Bu ýagdaý pagta meýdanlarynyň birnäçesinde hakyna tutma ýygymçylaryň we kärendeçileriň arasynda dawa döremegine sebäp bolupdyr.

“Men 100 kilä çenli pagta ýygyp bilýärin. Gara derim döküp, ýygan pagtamyň ýarysyny zibil hasaplaýarlar. Nirede adalat?! Mundan beýläk men başga etraplara giderin” diýip, saýatly ýygymçy gürrüň berdi.

Lebap welaýatynda, ýygylýan pagta üçin ýygymçylara tölenilýän zähmet hakynyň şu ýyl ozalkysyndan iki esse galdyrylandygyny, emma munuň hemme ýerde berjaý edilmeýändigini ýygymçylar soňky hepdelerde gürrüň beripdi.

Pagtanyň döwlet tarapyndan satyn alynýan resmi nyrhy şu ýylyň başyndan artdyrylypdy.

Awgustyň aýagynda Türkmenabadyň şäher häkimligindäki çeşme bu ýyl pagta ýygýanlara, ýygylan 1 kg pagta üçin 50 teňňe däl-de, eýsem, 1 manatdan tölenip başlandygyny aýdan bolsa, ýerli ýygymçylar ýygan pagtasyny tabşyranda girdejisiniň garaşanyndan az çykýandygyny gürrüň beripdiler.

Balkan welaýatynda bolsa, ýygymçylara hatda geçen ýylky bahasyndan hem az, ýagny bir kilogramyna 30-40 teňňeden tölenen ýagdaýlar ýüze çykdy. Bu ýagdaý dawalaryň we ýakalaşyklaryň köpelmegine sebäp boldy.

Pagta önümçiligindäki problemalary resmi derejede boýun almaýan türkmen hökümeti ozalky ýyllarda bolşy ýaly şu ýyl hem 1 million 250 müň tonna pagtanyň ýygyljagyna garaşýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG