Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda ýumurtganyň we sygyr etiniň bahasy ýene-de gymmatlady


Bezeg suraty. Türkmenistan.
Bezeg suraty. Türkmenistan.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Garaşsyzlyk baýramy ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan durmuş kynçylyklarynyň arasynda, azyk harytlarynyň bahalarynyň duýdansyz gymmatlamagynyň fonunda bellenip geçildi. Hususy söwdada et we ýumurtga ýaly esasy iýmit önümleriniň bahalary ýokarlandy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 30-njy sentýabrda sebitden maglumat berdi.

“Bir kilogram sygyr etiniň bahasy 80 manada, otuz däneden ybarat bir desse ýumurtganyň bahasy 70 manada, öý ýumurtgasy 80 manada gymmatlady” diýip, türkmenbaşyly ýaşaýjy aýdýar.

Bazarlarda we hususy dükanlarda hasaba alnan bu bahalar hususan-da pes aýlykly hojalyklaryň hem-de üpjünçiligi pes maşgalalaryň güzeran şertlerine agram saldy.

Iýul aýynyň ortalarynda bir desse ýumurtga bu sebitde takmynan 50-70 manat aralygynda bahalanyp başlanypdy.

Şeýlelikde, iýul aýynda ortaça 60 manatdan bahalanan towuk ýumurtgasy häzirki wagtda ortaça 75 manada gymmatlap, 25 göterimlik ýokarlanma hasaba alyndy.

Has ozal, bu şäherde bir desse ýumurtga 31 manatdan bahalanýardy.

Etiň bahasy hem 75 manatdan 80 manada cenli gymmatlap, iýul aýy bilen deňeşdirilende bu ugurda takmynan ýedi göterimlik gymmatlama hasaba alyndy.

Has ozal, Azatlyk Radiosynyň habarçylary bu şäherde sygyr etiniň bahasynyň 55-60 manat aralygynda bahalanandygyny habar beripdiler.

Bu bahalar hasaba alnanda Hazar ýaka şäherde takmynan iki aýdan gowrak wagtyň dowamynda sygyr etiniň ortaça bahasy 40 göterim çemesi ýokarlandy.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň habarçysy soňky 10 gün bäri şäherde goýun we düýe etiniň söwdasynyň hem togtadylandygyny habar berýär.

Ýatlasak, awgustyň başlarynda Balkan welaýatynyň on çemesi obasynda iri şahly mallar näbelli bir keselçilik sebäpli, köpçülikleýin haram ölüp başlapdy.

Ýöne Garaşsyzlyk baýramynda etiň bahasynyň ýokarlanmagy bilen mal ölümleriniň arasynda arabaglanyşygyň bolup-bolmandygyny resmilerden anyklap bolmaýar.

Türkmenistanda 27-nji sentýabrda Garaşsyzlyk güni bellenip geçildi.

Bu ýurtda zähmet haklary maşgala sebedine gabat gelmeýän pes aýlykly hojalyklar we üpjünçiligi pes maşgalalar täze bahalar bilen özleriniň güzeran şertleriniň has-da agyrlaşandygyny aýdýarlar.

“Mugallymyň alýan aýlygy bilen arkaýyn sygyr etini satyn alyp bolmaýar. Maşgala bolup, Garaşsyzlyk gününi bellemek üçin, bir kilogram ete pul artdyryp bilmedik. Zordan 25 manatdan towuk buduny satyn aldym. Sygyr etiniň 80 manat bolan bahasy gapjyga agram salýar” diýip, bir zähmet mugallymy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Garaşsyzlyk güni men we men ýaly býujetden aýlyk alýan adamlar üçin adaty bir gün ýaly bolup geçdi. Garaşsyzlyk gününi çagalarym bilen uly baýram hökmünde belläsim geldi, ýöne bazardaky bahalar Garaşsyzlyk baýramyna kölege saldy” diýip, mugallym sözüniň üstüni ýetirýär.

Dowam edýän durmuş-ykdysady kynçylyklar ilatyň Garaşsyzlyk hyjuwyna böwet bolýar. Adamlar özleriniň eklenç we güzeran aladalaryna gümra bolup, Garaşsyzlyk ýaly möhüm baýramçylyklaryň gadryny duýup bilmän geçirýändiklerini aýdýarlar.

Türkmenbaşy şäherinde Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan zähmet mugallymy öz çagalarynyň Garaşsyzlygyň gadryny bilerleri ýaly, olaryň öz watanlaryny söýüp önüp-öserleri ýaly bu baýramy möhüm baýramçylyk hökmünde belläp geçmäge höwes bildirendigini, ýöne dowam edýän kynçylyklaryň arasynda bu zatlaryň ähmiýetini ýaş nesle düşündirip bilmändigini nygtap aýdýar.

Türkmenistan indi ençeme ýyllardan bäri ykdysady kynçylyklardan ejir çekýär. Bazarlarda bahalar duýdansyz gymmatlap, ilatyň durmuş-ykdysady şertleri garaşylmadyk ýagdaýda has-da ýaramazlaşyp bilýär.

Her ýylyň ýanwar aýynda 10 göterim möçberinde ýokarlandyrylýan zähmet haklary, pensiýalar we döwlet kömek pullary bazarlardaky bahalar bilen bäsleşip bilmeýär.

Şol bir wagtda, erkin walýuta söwdasynyň berk çäklendirilmeginiň arasynda ýurtda emele gelen walýutanyň gara bazarynda dollaryň alyş-çalyş bahasy resmi kursdan 5-6 esse ýokary bolmagynda galýar.

Merkezi bank Türkmenistanda dollaryň hümmetini dokuz ýyldan gowrak wagt bäri 3,5 manat hökmünde kesgitläp gelýär, ýöne gara bazarda bu bahalar 19-20 manada çenli çykyp bilýär.

Türkmenistanda iň pes aýlyk 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, 1280 manat hökmünde kesgitlendi. Pensiýalary hasaplamagyň iň pes binýatlyk möçberi 500 manat, döwlet kömek pullaryny hasaplamagyň iň pes binýatlyk möçberi bolsa, 470 manat hökmünde kesgitlendi.

Dowam edýän gymmatçylygyň arasynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan türkmenbaşyly ýaşaýjylar pensiýalaryň we aýlyk haklarynyň güzeran aýlamaga ýetmeýändigini aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG