Balkanyň medeniýet işgärleri we esgerleri, Garaşsyzlyk güni mynasybetli 27-nji sentýabrda Aşgabatda geçiriljek baýramçylyk çärelerine we harby parada gatnaşmak üçin, paýtagta ugradylyp başlandy.
Bu mejbury çärä gatnaşmakdan boýun gaçyran balkanly medeniýet işgärleriniň 10-dan gowragy wezipesinden boşadyldy. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 30-njy awgustda sebitden maglumat berdi.
“Welaýat häkimligi etraplaryň we obalaryň medeniýet öýleriniň her birinden dört işgäriň Aşgabada gitmelidigi barada tabşyryk berdi” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanly medeniýet işgäri aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, medeniýet işgärleri tas 30 günläp, öz maddy serişdeleriniň hasabyna, paýtagtyň myhmanhanalarynda bolmaly edildi. Olar gündelik azyk we beýleki zerurlyklaryny hem özleri üpjün etmeli bolýarlar.
Medeniýet işgärleriniň birnäçesi welaýat häkiminiň medeniýet orunbasarlarynyň bu ýyl çärelere gatnaşmakdan boýun gaçyranlara garşy “berk çäre görýändigini” hem belledi.
“Şu hepde bu çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada otla bilet satyn almaga we beýleki çykdajylary ödemäge pulunyň ýokdugyny aýdyp, 10-dan gowrak işgär paýtagta gitmekden boýun gaçyrdy. Olar dessine işlerinden boşadyldy” diýip, Türkmenbaşynyň medeniýet öýleriniň biriniň işgäri anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Ol 1-nji sentýabrda Halk maslahatynyň nobatdaky ýyllyk mejlisine taýýarlyklaryň başlajakdygyny hem belledi.
Munuň çäginde Halk maslahatynyň agzalary, garrylar we deputatlar senarisi öňünden taýýarlanan mejlisiň haýsy tapgyrlarynda “şowhun bilen” el çarpmalydyklaryny öwrenerler.
Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi 24-nji sentýabrda Aşgabadyň Maslahat köşgünde geçiriler. Ony ýokary derejede geçirmek maksady bilen, guramaçylyk komiteti hem döredildi.
Mejbury çärelere gatnaşmaly edilen medeniýet işgärleriniň kynçylyklary diňe maddy çykdajylar bilen çäklenmeýär.
Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän sebitde syýahatçylyk möwsüminiň soňunyň golaýlamagy bilen, ýiti transport bökdençlikleri emele geldi. Ilat otly we uçar biletlerini tapmakda kynçylyk çekýär.
“29-njy awgustda Türkmenbaşydan Aşgabada ugradylan medeniýet işgärleriniň birinji tapgyry otla biletsiz mündüler. Olar wagonlaryň geçelgelerinde dik durup, 15 sagatda Aşgabada aşdylar. Esgerler-de edil şular ýaly görnüşde sapar etdiler” diýip, balkanly medeniýet işgäri belledi.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden teswir alyp bilmedi.
Aşgabatda Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine taýýarlyklar 5-nji awgustda geçirilip başlandy. Şonda habarçylarymyz bu çärelere býujet işgärleriniň we talyplaryň mejbury gatnaşdyrylýandygyny habar berdiler.
Olar howanyň temperaturasynyň kölegede 43 gradusa çenli ýetýändigine ünsi çekip, Günüň aşagynda geçirilýän taýýarlyk çäreleriniň günde birnäçe sagat dowam edýändigini hem aýtdylar.
1991-nji ýylda Sowet Soýuzynyň dargamagyndan soň döwlet garaşsyzlygyny yglan eden Türkmenistan 26 ýyllap Garaşsyzlyk gününi 27-nji oktýabrda belledi. Ýöne häkimiýetler 2018-nji ýylda bu senäni bir aý öňe süýşürdi.
Türkmenistanda bu gün mynasybetli baýramçylyk çärelerine her ýyl iki aý çemesi öňünden taýýarlyk görlüp başlanýar. Oňa býujet işgärleri, esgerler, talyplar, okuwçylar, çagalar baglarynyň körpeleri mejbur gatnaşdyrylýar. Çärelere gatnaşmakdan boýun gaçyran býujet işgärlerine, talyplara işden, okuwdan çykarylmak howpy abanýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum