Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Talyplardan awtoulagynyň ýokdugyny subut etmek talap edilýär


Türkmen studentleri (Illýustrasiýa suraty)
Türkmen studentleri (Illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda ýokary we orta hünär okuw jaýlarynyň (ÝOJ) talyplaryndan awtoulagynyň ýokdugyny subut etmek talap edilýär. Olardan bu barada degişli welaýat Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) ulaglary hasaba alyş bölüminden alnan kepilnamany ÝOJ-lara tabşyrmak soralýar.

Talyplardan sürüjilik şahadatnamalaryny hem okuw jaýynyň ýolbaşçylaryna tabşyrmak talap edilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 28-nji awgustda Aşgabatdan we Balkan welaýatyndan maglumat berdiler.

“Şu ýyl okuwa kabul edilen ýaşlar we geçen ýyllardan bäri okap ýören talyplar öz ýaşaýan welaýatlaryndaky ýol polisiýanyň ulaglary hasaba alyş müdirliginden özüniň adyna ulag serişdeleriniň döwlet belligine alynmandygy barada kepilnama almaly. Olar bu kepilnamany ÝOJ-yň rektoryna ýa-da direktoryna tabşyrmaly” diýip, ýagdaýlardan habarly aşgabatly talyp anonimlik şertinde aýtdy.

ÝOJ-laryň ýolbaşçylary talybyň adyna ulagyň bardygy baradaky kepilnamany kabul etmeýärler. Şol sebäpli awtoulagly ýaşlar ulagyny garyndaşlarynyň adyna geçirmäge ýa-da satmaga mejbur bolýarlar.

“Ýaşlar ýol polisiýasynyň sürüjilik şahadatnamalaryny hasaba alyş bölüminden sürüjilik şahadatnamasy bar ýa-da ýok diýen kepilnamany hem alyp, ÝOJ-yň rektoryna ýa-da direktoryna tabşyrmaly” diýip, talyp belledi.

Sürüjilik şahadatnamasy bar bolan talyplardan bolsa, täze talaba görä, okuwy tamamlap, diplomlaryny ellerine alýança, sürüjilik şahadatnamasyny ÝOJ-laryň rektorlaryna tabşyrmak talap edilýär.

Bu talabyň sebäpleri barada ÝOJ-laryň ýolbaşçylary tarapyndan talyplara aç-açan düşündiriş berilmeýär.

Ýöne Azatlyk bilen söhbetdeş bolan käbir ÝOJ-laryň mugallymlary munuň geçen okuw ýylynyň dowamynda paýtagtyň uniwersitetlerinden biriniň talybynyň ulagyny iki ýol polisiýasynyň üstüne sürüp, olaryň ölümine sebäp bolmagy bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar.

“Şondan soňra talybyň okaýan uniwersitetiniň rektoryny wezipesinden boşatdylar. Içeri işler ministrligi bolsa, talyplarda ulagyň düýbünden bolmaly däldigi, hatda olaryň sürüjilik şahadatnamalarynyň hem ellerinden alynmalydygy barada görkezme berdi” diýip, aşgabatly mugallym anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada ýurduň Bilim we Içeri işler ministrliklerinden teswir alyp bilmedi. Bu talaplar barada ministrlikleriň resmi websaýtlarynda hem haýsydyr bir maglumat göze ilmeýär.

Talaplar bilen bagly Balkanabadyň PÝGG-sinde talyplaryň uly nobatlary hem emele geldi. Talyplaryň ençemesi bu ýerdäki resmileriň özlerinden para almak üçin emeli päsgelçilikleri döredýändigini belleýär.

“Resmiler ertir ýa-da birigün gel diýip, kepilnamalary bermekden ýüz öwürýärler. Ýöne olar 200 manada adyňa ulagyň ýokdugy we 100 manada sürüjilik şahadatnamanyň bardygy ýa-da ýokdugy barada kepilnamalary taýýarlap berjekdiklerini aýdýarlar” diýip, türkmenbaşyly talyp anonimlik şertinde aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, türkmenbaşyly talyplaryň her gün Balkanabada gatnamaga mümkinçiligi bolmansoň, üstesine-de, okuw ýylynyň başlamagyna hem sanlyja gün galansoň, olaryň köpüsi soralýan parany bermäge razy bolýar.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Balkanabadyň PÝGG-sinden teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanda talyplardan öz atlaryna ulag serişdeleriniň döwlet belligine alynmandygyny subut etmek talaby şu ýylyň iýunynda güýje girip başlady. Şonda habarçymyz talyplaryň biometrik pasportlarynyň, sürüjilik şahadatnamalarynyň ýygnalyp alynýandygyny hem aýdypdylar.

Türkmenistanyň ÝOJ-larynda indi ençeme ýyl bäri talyp ýaşlara awtoulag dolandyrmak gadagan edilýär.

Ozalky ýyllarda Azatlygyň habarçylary talyplaryň ene-atalaryna ogul-gyzlarynyň sürüjilik şahadatnamalaryny öýlerinde saklamagyň maslahat berilýändigini habar beripdiler.

Talyplaryň awtoulag dolandyrmak mümkinçiliginiň çäklendirilmegi studentleriň arasynda ýol hereketi bilen bagly hadysalaryň öňüni almak synanyşyklary bilen düşündirilipdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG