27-nji sentýabrda Garaşsyzlyk güni geçiriljek baýramçylyk çärelerine taýýarlyklar şu hepdäniň başyndan bäri alnyp barylýar. Günde birnäçe sagatlyk maşklaryň mejbury gatnaşyjylary yssy howada agyr şertlerde taýýarlyk görmeli bolýarlar.
Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary paýtagtda maşklaryň 5-nji awgustda başlanandygyny gürrüň berýärler. Esasy çäreleriň biri Köpetdag şaýolunyň ugrunda döwlet münberiniň öňünde geçiriljek ýöriş bolup, onuň gatnaşyjylary "Dagdan" stadionynda yzygiderli maşk edýärler.
"Münberiň öňünde dabaraly ýörişe gatnaşmaly edilen býujet işgärleriniň sanawy düzülip, olar öňünden Aşgabadyň demirýol wokzalynyň gabadyndaky "Dagdan" stadionynda mejbury nyzamly ýöriş maşklaryny edýärler. Her gün gatnaşyjylar iki sagatlap stadionyň bir tarapyndan beýleki tarapyna hatar-hatar bolup, deň ýöremäge türgunleşýärler. Bu ýolbaşçylaryň we guramaçylaryň berk gözegçiliginde geçýär" diýip, habarçymyz 9-njy awgustda Aşgabatdan gürrüň berdi.
Bu maşklara gatnaşýanlaryň arasynda paýtagtdaky býujet edaralarynyň we kärhanalarynyň, şol sanda saglyk pudagynyň müňlerçe işgäri gatnaşýar.
Açyk meýdanda birnäçe sagada çekýän maşklaryň gatnaşyjylary yssyda kösenýär. Şu günler howa 43 gradusa çenli gyzýar.
Maşklara gatnaşmak mejburlygy gatnaşyjylarda uly nägilelik döredýär. Adamlar bir-birine zeýrenmekden daşary öz nägileliklerini sosial media arkaly hem paýlaşýarlar. Soňky günlerde sosial ulgamlarda maşk mejburlygy barada maglumatlaryň onlarçasy çap edildi. Paýlaşylan wideolarda stadionda ýüzlerçe adamyň jemlenendigini we olaryň açyk meýdanda günüň aşagynda ýöreýändigini görse bolýar.
Garaşsyzlyk baýramynda geçiriljek ýörişe tas iki aý öňünden başlanan taýýarlyga gatnaşmak býujet işgärleri üçin hökmany bolup, diňe pensiýa ýaşyna golaýlan ýa-da saglygynda uly kemçiligi bolan raýatlaryň käbiri boşadylýar. Bu barada habar berýän çeşmeleriň sözlerine görä, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary hem-de olaryň orunbasarlary we baş hasapçylary çärä gatnaşman bilýär. Galanlaryň ählisi, şol sanda dynç alyşdaky raýatlar hem maşklara barmaga mejbur bolýar.
"Edara-kärhanalarynyň işgärleriniň 90%-ti döwlet derejesinde bellenýän çärä taýýarlanmaga borçly. Bu türgenleşik çäresi wagtynda, ýagny awgust we sentýabr aýlarynda zähmet rugsadyna çykmak we saglyk ýagdaýy sebäpli lukmanyň delilnamasy esasynda ýörişden boşatmak gadagan edilýär. Çäreden gutulmak üçin ýeke-täk çykalga işden çykmak hakynda arza ýazmakdyr" diýip, maşklara gatnaşýan býujet işgäri aýtdy.
Çeşmeleriň sözlerine görä, guramaçylar gatnaşyjylaryň daş-keşbine üns berýär we käbirleriniň boýuny kelte görýär ýa-da olaryň fiziki halyna göwni ýetmeýär we olar maşklardan çykarylýar. Emma mesele munuň bilen çäklenmeýär.
Çeşmeleriň biri edara ýolbaşçylaryň guramaçylar tarapyndan yzyna gaýtarylan gatnaşyjylaryň ýerine başga adam ibermäge mejbur edilýändigini gürrüň berdi.
"Edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary şol yzyna gaýtarylan işgäriň ornuna başga işgäri ýok bolsa, daşyndan işsiz adamlardan hakyna tutup, öz jübüsinden, ýagny resmi däl görnüşde pul töläp ugratmaly bolýarlar" diýip, ýagdaýdan gönüden-göni habarly çeşme anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Azatlyk bilen gürleşen ýagdaýdan habarly çeşmeler bu düzgüniň Garaşsyzlyk baýramy sowulýança dowam etjekdigini aýdýar.
Türkmenistan döwlet garaşsyzlygyny 1991-nji ýylda Sowet Soýuzynyň dargamagyndan soň yglan edeli bäri, 27-nji oktýabrda belläpdi, 2018-nji ýylda bu senäni bir aý öňe süýşürdi. Şondan bäri däbe öwrülen baýramçylyk ýörişlerine her ýyl iki aý öňünden köpçülikleýin maşklar geçirilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum