Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda ýetimler öýünde ulalanlar garrylar öýüne düşýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda ýetimler öýünde ulalyp, kämillik ýaşyna ýeten ýaşlara ýaşamaga jaý berilmän, olaryň garrylar öýüne ugradylýan halatlary bolýar. Azatlygyň habarçylary ýetimleriň durmuşyna degişli maglumatlary topladylar.

Kanuna görä, ýetimler öýünde ulalyp, 18 ýaşyna ýeten raýatlary ýaşamaga jaý bilen üpjün etmek döwletiň borjudyr. Emma ýetimler öýünde ulalan ýaşlaryň ykbaly bu düzgüniň iş ýüzünde berjaý edilmeýändigini görkezýär.

26 ýaşyndaky Mahym (ady üýtgedilen-red.) ýetimler öýünde ulaldy we kämillik ýaşynyň birnäçe ýylyny Türkmenabat şäheriniň garrylar öýünde geçirdi.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan zenan özüniň ýetimler öýünde geçiren günleri we 18 ýaşynda nädip garrylar öýüne düşenligi barada gürrüň berdi.

Düzgüne görä, kämillik ýaşyna ýeten ýaşlar çagalar öýlerini terk etmeli.

"Kanun esasynda hökümet maňa bir otagly jaý bermelidi. Ýöne iş ýüzünde beýle bolmady. Kämillik ýaşyna ýetmeklik bilen, ýetimler dogulan welaýatlaryna ugradylýar. Oglanlar gulluga gidýär, gyzlaryň aglabasy bolsa ugradylan welaýatlaryndaky garrylar öýüne ýerleşdirilýär" diýip, Mahym ençeme ýyllap, Türkmenabat şäherinde öň Zelili Köçesinde ýerleşen garrylar öýünde ýaşandygyny gürrüň berdi.

Türkmenistanyň sosial edaralaryndaky içerki reallyklar hakynda anonimlik şerti bilen gürrüň beren zenanyň hakyky ady we şahsy maglumatlary onuň howpsuzlygy üçin üýtgedildi.

"Meniň otagym 2-nji gatda ýerleşýärdi. Goňşularymyň aglaba bölegi garrylardy. Garrylar öýüne düşen gartaşanlara seredip, olaryň hem ýetim çagalardan üýtgeşik ýeriniň ýoklugyna düşünýärdim. Hiç kime gerekmejek, agyr ýük. Kämillik ýaşyna ýeten hem bolsam, sagat 20:00-dan soň daşa çykarmazdylar. Men bazarda bir iş tapdym, sebäbi garrylar öýünde maňa iýmit berilmezdi we maňa gündelik harajatlarym, iýmit we beýleki zatlar üçin pul gerekdi. Garrylar öýündäki şepagat uýasy we administrasiýa işgärleri: 'Sen biziň gaharymyzy getirme, seni ten söwdasy bilen meşgullanmakda aýyplap basdyrarys' diýip gorkuzmaga synanyşýardylar" diýip, zenan garrylar öýündäki şertler barada gürrüň berdi.

Mahymyň sözlerine görä, onuň kanunda göz öňünde tutulan jaýy almak boýunça eden tagallalary oňyn netije bermändir. Zenan aman galmak üçin baş urmaly bolan ýagdaýlary we şahsy durmuşyndaky agyr pursatlary barada ýatlap, şeýle gürrüň berdi: "Ýaşaýyş jaýy üçin 5 ýyldan artyk nobata durdym. Dogrymy aýtsam, soň men bir MHM işgäri bilen tanyşyp, onuň ikinji aýaly bolup ýaşadym. Şondan soň ol maňa hökümetiň bermeli bir otagly jaýyny almaklyga kömek etdi".

Zenan öz başdan geçirenlerini beýan etmek bilen ýetimleriň Türkmenistandaky agyr durmuşy we başdan geçirýän kynçylyklaryna ünsi çekmek isleýändigini aýdýar.

"Enesiz-atasyz kemala gelen ýetimleri durmuş eýýäm jezalandyrdy. Hökümet bizi jezalandyrmasyn. Biziň ejizligimizden peýdalanmasyn. Näçe ýetim çaga ýetimler öýünden soň, özüniň janyna kast edýär, näçesi jenaýatçy bolýar" diýip, zenan aýdýar.

Azatlyk Radiosy ýetim çagalaryň jaý üpjünçiligine degişli ýagdaý barada resmi maglumat almak üçin Mary we Lebap welaýatlarynyň çagalar we garrylar öýleri bilen habarlaşmaga synanyşdy, emma maglumat almak synanyşygymyz oňyn netije bermedi.

Türkmenistanyň hökümeti ýurduň sosial problemalaryny görkezýän resmi maglumatlary we sanlary çap etmän gelýär. Statistikanyň onlarça ýyl bäri köpçülige elýeterli bolmadyk ýagdaýynda adamlaryň öz ykballary barada beren şahsy gürrüňleri, ýagdaýdan habarly çeşmeleriň berýän maglumatlary ýurtdaky ýagdaýy suratlandyrýar.

Şeýle-de, Türkmenistanyň ýetimler, garrylar we maýyplar öýlerindäki ýagdaýlar barada Azatlygyň ýurt içindäki habarçylarynyň berýän maglumatlary iňňän agyr problemalaryň üstüni açýar.

Azatlygyň habarçylarynyň soňky aýlarda beren maglumatlarynda garrylar öýlerine ýerleşmek üçin nobatlaryň iki ýyla uzandygy, garrylar we çagalar öýlerinde ýaşy ulularyň we körpeleriň aç saklanýandygy we welaýatlaryň ýetimler öýlerinde ene-atasyz körpeleriň arasynda sagdyn çagalary saýlamak we olary Arkadaga ugratmak ýaly işleriň geçirilýändigi habar berlipdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG