Türkmenistanyň maýyp çagalar üçin niýetlenen ýeke-täk Ýetimler öýüniň ýolbaşçy işgärleri hökümet tarapyndan goýberilýän serişdeleri, şeýle-de adamlaryň haýyr-sahawat hökmünde berýän sadaklaryny uly möçberde ogurlaýandyklary habar berilýär.
Marynyň Ýolöten şäherindäki Psiho-newrologiýa çagalar öýüniň ençeme işgäri we enekesi Azatlyk Radiosy bilen ýörite habarlaşyp, edaradaky bolýan ýagdaýlar barada gürrüň berdiler.
Howpsuzlyk ýagdaýlaryndan howatyr edip, atlarynyň efirde agzalmazlygyny soran bu Ýetimler öýüniň işgärleri edaranyň käbir ýolbaşçylarynyň öz aralarynda dil birikdirip, mümkinçiligi çäkli çagalara niýetlenen azyk harytlaryny we öý-hojalyk goşlaryny “öýlerine daşaýandyklaryny” habar berdiler.
“Ýetimler öýüniň käbir ýolbaşçylary öz aralarynda dilleşip, maýyp ýetim biçäreleriň rysgalyny alýarlar. Döwlet pul ugradýar, adamlar hem halta-halta azyk getirip gidýärler, emma olaryň hözirini edaranyň başyndaky birnäçe adam görýär” diýip, Ýolöteniň psiho-newrologiýa çagalar öýünde 30 ýyldan köpräk wagt bäri eneke bolup işleýän Humar daýza (enekäniň asyl ady üýtgedilip berilýär – red.) gürrüň berdi.
Humar daýza we Ýetimler öýüniň ýene-de onlarça işgäri eýýäm ençeme ýyllardan bäri dowam edip gelýär diýilýän bu bidüzgünçilikleri açyp, ýerli welaýat prokuraturasyna, prezidentiň Diwanyna, Ýokary gözegçilik edarasyna arza edendiklerini gürrüň berdiler.
Netijede iýunyň 26-na bu arzany derňemek üçin Marynyň welaýat prokuraturasyndan Ýölöten etrabyna ýörite bellenen sülçi gelýär we soňky iki günüň dowamynda barlag-seljeriş işlerini geçirýär.
Ýetimler öýüniň işgärleriniň aýtmagyna görä, sülçiniň gelmezinden birnäçe gün öň hossarsyz ýetim çagalar üçin niýetlenen hökümet emlägini öz haýryna geçirdi diýilýän işgärleriň birnäçesiniň birden dynç alşa çykandyklaryny, käbirleriniň bolsa “öz islegi bilen” işinden boşadylandygyny gürrüň berýärler.
Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan Psiho-newrologiýa çagalar öýüniň işgärleri sülçiniň geçiren derňewleriniň netijesinde edaranyň käbir işgärleriniň öýlerinden ýetim çagalar üçin niýetelenen uly mukdardaky, halta-halta azyklaryň, şeýle-de çagalar öýi üçin ugradylan gurluşyk materiallarynyň we beýleki öý esbaplarynyň tapylandygyny gürrüň berdiler.
Zähmete çekmek bolmaýan Ýetimler öýündäki çagalaryň hem birnäçe bu harytlary ammardan ýük ulaglaryna daşamaga mejbur edilendiklerini hem sülçä görkezme beripdirler. Arzany ýazan işgärleriň, boldy diýilýän ogurlyklar barada maglumat berip, Ýetimler öýüniň ýolbaşçylary bilen ýüzleşdirilendikleri hem habar berilýär.
Emma Ýetimler öýüniň enekeleri bu gozgalan meseleler boýunça hiç hili jenaýat işiniň gozgalmandygyny we hiç kimiň jogapkärçilige çekilmändigini aýdýarlar. Gaýta, aradan bir hepde geçer-geçmez Marynyň welaýat prokuraturasyndan arza ýazanlara jogap haty gelip, onda öňe sürülýän bidüzgünçilikler bilen baglylykda “delilleriň tapylmandygy” aýdylypdyr.
Azatlyk Radiosy ýokarky ýagdaýlary beýleki garaşsyz çeşmelere tassykladyp bilmedi.
Şeýle-de Azatlyk Radiosynyň bu meseleler dogursynda Ýolöteniň Psiho-newrologiýa çagalar öýüniň ýolbaşçysy, şeýle-de Marynyň welaýat prokuraturasy bilen habarlaşmak synanyşyklarynyň hiç biri netije bermedi.
Şol bir wagtda Psiho-newrologiýa çagalar öýüniň enekeleriniň kynçylyklary edaradaky ýüz berýär diýilýän ogurlyklar bilen çäklenmeýär.
Häzirki wagtda özüniň 30 ýyldan hem aşa ömrüni ysmaz ýetim çagalara hyzmat edip, olaryň aladasynda geçiren bu enekeler ýaşap oturan jaýlaryndan çykarylyp, köçä zyňyldylar.
Geçen aýa çenli Psiho-newrologiýa çagalar öýüniň ona golaý işgäri 1960-njy ýyllarda gurlan Ýetimler öýüne degişli bir binanyň korpusynda ýaşaýardylar. Häzir bolsa, azyndan on adamdan ybarat hojalykly bu işgärler agzalýan jaýdan çykarylyp, olara başga hiç hili ýaşaýyş ýeri hem berlenok.
“Biz ene hökmünde bu çagalaryň aladasyny etdik. Biz olaryň meýdanyny arassaladyk, çemçeläp naharladyk. Men 34 ýyl işläp gelýärin. Indi bu azabym üçin hökümet meniň on adamly hojalygym üçin bir otagy dözenokmy?! Häzire çenli ýaşap oturan ýerimiz hem bir köne-küşül, bir otagly warak bina. Men 1989-njy ýyldan bäri jaý nobatynda durun, ahyryn...” diýip, Humar daýza gaty aljyraňňy ýagdaýda Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosynyň köçä zyňlan enekeleriň ýagdaýy bilen baglylykda Ýolöteniň ýerli resmileri bilen habarlaşmak synanyşyklary şowsuz boldy. Emma, Azatlyk Radiosynyň türkmen hökümetindäki ýokary derejeli emeldarlarynyň biri bu ýagdaý dogursynda ýerli resmilerden maglumat alyp berdi.
Ýölöteniň Geňeşligi ömrüniň 30 ýylyny ýetim we maýyp çagalaryň aladasyny edip geçiren işgärleriň häzire çenli ýaşap oturan otaglaryna “bikanun ýagdaýda girendiklerini” aýdypdyr. Gürrüňi gidýän Ýetimler öýüniň ýolbaşçysy hem ýörite kazyýete ýüz tutup, öz işgärleriniň ýaşap oturan ýerlerinden çykarylmagyny sorapdyr.
“Köçä zyňlan enekelere nähilidir bir ýaşaýyş ýeriniň berlip-berilmejekdigi soralanda” bolsa, Ýolöteniň Geňeşliginiň resmisi “Olaryň köpüsi biziň Geňeşligimize hem degişli däl. Bu meselä entek garalanok” diýip, jogap berýär.
Şol bir wagtda şu aýyň 23-ne prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna sapar etjekdigi aýdylýar. Prezidentiň beýleki welaýatlara eden mundan owalky saparlarynyň dowamynda, ýerlerdäki köp sanly kemçilikleri çykarylyp, degişli ýokary derejeli resmilere käýinçler hem berlipdi.
Prezidentiň saparynyň dowamynda Türkmenistanyň maýyp çagalar üçin niýetlenen ýeke-täk Ýetimler öýünde boldy diýilýän uly möçberdäki ogurlyklar, şeýle-de bu ýerde 30 ýyldan hem aşa wagt bäri zähmet çekip gelýän enekeleriň köçä zyňylmak bilen bagly meseleleriniň gozgalyp-gozgalmajakdygyny we bu boýunça nähilidir bir oňaýly netijeleriň çykarylyp-çykarylmajakdygyny indi diňe wagt görkezer.