Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Türkmenistan göni daşary ýurt maýa goýumlary babatynda ýokary töwekgelçilikli ýurt


Daşary ýurt wekilleri Arkadag şäheriniň açylyşyna gatnaşýar. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy. 29-njy iýun, 2023 ý.
Daşary ýurt wekilleri Arkadag şäheriniň açylyşyna gatnaşýar. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy. 29-njy iýun, 2023 ý.

Türkmenistan häzirki wagtda ABŞ-nyň göni daşary ýurt maýa goýumlary (FDI) babatynda ýokary töwekgelçilikli hasaplanýar diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň 2024-nji ýyl boýunça maýa goýum gurşawlary hasabatynyň Türkmenistan bölüminde aýdylýar.

Maglumata görä, bu ýagdaýa hökümetiň ykdysadyýete tas doly diýen ýaly gözegçilik etmegi, daşary ýurt walýutasynyň berk gözegçilikde saklanylmagy, endemik korrupsiýa, ýapyk we ýadadyjy býurokratiki prosesler hem-de gowşak täjirçilik kanunçylygy we kadalaşdyryjy düzgünler sebäp bolýar.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Ykdysady we biznes meseleleri boýunça býurosy tarapyndan taýýarlanan hasabat daşary ýurt döwletlerindäki biznes gurşawlary babatynda ABŞ kompaniýalaryna maglumat berýär.

Hasabata görä, Türkmenistan göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin ýa-da olary höweslendirmek üçin çynlakaý çäreleri durmuşa geçirmeýär we bu ýurtda, nebit-gaz pudagy bilen bagly birnäçe önümçiligi paýlaşmak şertnamalaryndan daşgary, möhüm ABŞ ýa-da başga göni daşary ýurt maýasy ýok.

Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerinde saklaýandygy habar berilýän 45 milliard dollar möçberindäki walýuta serişdeleri we Hytaý bilen aradaky tebigy gaz söwdasyndan her ýylda kabul edýän 10 milliard dollar möçberindäki girdejileri, hasabata görä, bu ýurduň göni daşary ýurt maýa goýumlaryna bolan gyzyklanmalaryny peseldýär. Şeýle-de bu ýagdaý Türkmenistanyň köpmilletli kompaniýalar bilen önümçiligi we girdejileri paýlaşmak hyzmatdaşlyklaryny göwnemezligine-de sebäp bolýan ýaly bolup görünýär.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň daşary ýurt kompaniýalaryna, şol sanda ABŞ kompaniýalaryna hödürleýän biznes şertleri barada Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa meseleleri boýunça bilermeni Brýus Pannier bilen 18-nji iýulda söhbetdeşlik geçirdi.

“Elbetde, ABŞ kompaniýalarynyň nukdaýnazaryndan, Türkmenistanda aýdyňlyk ýok, şonuň üçin nämeleriň bolup geçýändigini barlap bolmaýar. Ikinjiden, türkmen hökümetiniň hödürleýän sanlary şübheli, dowamly şübheli. Bilşimiz ýaly, käbir halkara maliýe institutlary hem Türkmenistanyň ykdysady statistikalaryny ulanman başlady. Sebäbi, bu sanlar örän ynandyryjy däl” diýip, Pannier aýtdy.

Ýatlasak, Bütindünýä banky 2021-nji ýylyň tomsunda ygtybarly maglumatlaryň ýetmezçiligi sebäpli, Türkmenistany öz hasabatlaryndan çykardy. Şondan biraz öň, 2021-nji ýylyň aprel aýynda Halkara pul gaznasy hem türkmen hökümetiniň Jemi içerki önümiň ösüş depgini boýunça hödürleýän sanlaryny ulanman başlady.

“Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalarynyň, hususan-da Birleşen Ştatlardan bolan Günbatar firmalarynyň düşewüntli şertnamalara eýe bolmagyna rugsat bermäge göwünsiz. Hususan-da, tebigy gaz senagatyndaky şeýle şertnamalar, iri maýa goýumlaryny öz içine alýar we ýokary girdeji gazanmaga mümkinçilik berýär. Ýöne Türkmenistanda başga pudaklarda hem mümkinçilikler bar. Türkmen hökümeti şeýle taslamalaryň, ýa-da kompaniýalaryň möhüm böleklerini monopoliýalaşdyryp, döwlet gözegçiliginiň astyna aldy” diýip, Pannier aýtdy.

ABŞ hasabatyna görä, Türkmenistanyň iri möçberlerde göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek mümkinçiligi, potensialy bar, ýöne hökümet iş ýüzünde täze taslamalaryň gurluşygyny maliýeleşdirmegi saýlap alýar we döwlet eýeçiligindäki kärhanalaryň bu taslamalaryň işlerini dolandyrmagyna rugsat berýär. Bu ýagdaý ýurduň dünýädäki iň iri 10 gaz öndüriji ýurduň hataryna goşulmagyna päsgel berýär.

Panniere görä, Türkmenistan bilen iş salyşýan daşary ýurt kompaniýalary päsgelçiliklere sezewar bolýarlar we goýan maýalaryny yzyna alyp bilmeýärler. Ol gurluşyk pudagynda iş alyp barýan birnäçe türk kompaniýalaryny we Garlykdaky dag-magdanlaryny baýlaşdyryjy belarus kompaniýasynyň Türkmenistanda ýüzbe-ýüz bolan kynçylyklaryna salgylandy.

Ýatlasak, öňki ýyllarda birnäçe türk kompaniýalary Türkmenistandan pullaryny alyp bilmän, halkara arbitraž kazyýetlerinde çözlüşmeli boldy, şeýle-de Türkmenistan öz çäginde iri dag-magdanlary toplumyny gurup, iş girizen Belarusyň “Belgorhimprom”kompaniýasy bilen hem kazyýetde dawalaşdy.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň maýa goýum gurşawlary boýunça hasabaty dünýäniň 160-dan gowrak ýurdundaky maýa goýum şertleri barada maglumat berýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG