Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň eteginde tok 'bökýär'. Ýaşaýjylaryň hojalyk enjamlaryny goramak aladasy artýar


Köçedäki elektrik simler bejerilýär. Aşgabat (arhiw suraty)
Köçedäki elektrik simler bejerilýär. Aşgabat (arhiw suraty)

Türkmenistanda ilatyň elektrik üpjünçiligi bilen baglanyşykly çekýän kynçylyklary dowam edýär. Soňky günlerde elektrik togunyň ýygy-ýygydan kesilmegi we güýjüniň üýtgäp durmagy hojalyk enjamlarynyň näsazlygyna sebäp bolýar. Ýaşaýjylaryň köpüsi transformatorlary we elektrik togunyň güýjüni kadalaşdyryjy enjamlary ulanyp, has erbet netijeleriň öňüni almaga synanyşýarlar.

Soňky günlerde Aşgabadyň etegindäki Bagyr ýaşaýyş toplumynyň ýaşaýjylarynyň aladalary artýar. Elektrik liniýalarynda toguň güýjüniň bir ýokarlanyp, bir peselip durmagy hojalyk enjamlarynyň sandan çykmagyna sebäp bolýar we hatda köýüp, ýangyn howpuny döredýär.

"Soňky günlerde Bagyrda toguň güýji tiz-tizden üýtgäp durýar. Elektrik togy hemişe kesilýär we dikeldilende onuň güýji şeýle bir durnuksyz welin, öý enjamlary oňa çydap bilmeýär we ýanýar" - diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar.

Ýaşaýjylaryň köpüsi transformatorlary ulanyp, ätiýaç bolmaga, emläginiň howpsuzlygyny üpjün etmäge synanyşýarlar we toguň güýjüniň birden üýtgemeginiň netijesinde bolup biljek ýangynyň öňüni alýarlar.

"Hojalyk enjamlaryndaky öňüni alyş ätiýaçlyk parçasynyň bolmagy döräp biljek ýangyn howpunyň öňüni alyp, ýangynyň döremeginden goraýar. Köp hojalykda telewizorlaryň we sowadyjylaryň howpuň öňüni alyş parçasy ýanyp, ýangyn döremeginden saklady" diýip, ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi.

Ýaşaýyş jaýlaryň elektrik üpjünçiliginiň yzygiderli kesilip, durmagy hojalykdaky elektrik enjamlaryna uly zeper ýetirýär.

Ýerli ýaşaýjylar, tok üpjünçiliginiň durnuksyzlygy zerarly çekýän zyýanlary diňe transformatorlaryň we enjamlardaky ätiýaçlyk parçalarynyň sandan çykmagy bilen çäklense begenýärler we olary bejerip bolsa, hojalyk enjamlarynyň abat galýandygyny aýdýarlar.

40 gradus yssyda, kondisionersiz galmak gaty kyn. Adamlar sowadyjylar we beýleki durmuş enjamlary bolmasa hem kösenýärler.

Ýaşaýjylaryň sözlerine görä, elektrik ussalar bu ýagdaýda özleriniň hiç zat edip bilmejegini we elektrik simlerindäki durnuksyzlygyň sebäplerini ýok etmek işiniň özleriniň jogapkärçiligine girmeýändigini aýdýarlar. Häkimiýetler bolsa elektrik togunyň kesilmeginiň we onuň güýjüniň üýtgäp durmagynyň sebäplerini düşündirmediler.

Türkmenistanda ilatly ýerlerde elektrik üpjünçiliginiň kesilmegi yzygiderli häsiýetde ýüze çykýar. Tomsuň yssy howasynda, gyşyň sowugynda, ilat uzak wagtlap elektrik energiýasyz galýar. Soňky döwürde adaty bolmadyk tebigy hadysalaryň ýygylygynyň ýokarlanmagy ýagdaýy hasam agyrlaşdyrýar.

Iýun aýynda Mary welaýatynda ýygy-ýygydan elektrik togy kesilip başlandy. Iýul aýynyň başyndan bäri Lebapda, Ahalda we Maryda elektrik üpjünçiligi has köp kesilýär.

Ýurduň köp sebitinde gündiz howanyň temperaturasy kölegede 40 gradusdan ýokary bolýar. Bu şertde ilat elektrik togunyň kesilmeginden ejir çekýär.

Ýurduň häkimiýetleri ilata elektrik üpjünçiligindäki problemalar barada düşündiriş bermeýär. Pudak ýolbaşçylarynyň hasabatlarynda "uly depginli ösüş", öndürilýän elektrik energiýasynyň mukdarynyň köpelmegi we eksportyň möçberiniň artmagy barada ýyllarboýy beýan edilýär.

Türkmenistan goňşy Owganystany, Eýrany we Özbegistany elektrik energiýasy bilen üpjün edýän sebitdäki iň uly eksportçydyr. 2021-nji ýylda Gyrgyzystan hem türkmen energiýasyny satyn alyjylaryň sanawyna goşuldy.

Ýurtda ilatyň ýaşaýyş derejesiniň düýpgöter pese gaçýan döwründe kommunal hyzmatlaryň bahalary ýokarlanmagyny dowam etdirýär. Umuman 2015-nji ýyldan bäri ýurtda jemagat hyzmatlary üçin tölegleriň bahasy 60 esse ýokarlandy.

Şu ýylyň başynda suw tölegi 100% ýokarlandy, bu bolsa elektrik energiýasynyň bahasynyň hem ýokarlanmagynyň ähtimallygyndan halkyň gorkusyny artdyrdy.

Elektrik energiýasynyň, suw we gaz üpjünçiliginiň ýygy-ýygydan kesilmegine we berilýän hyzmatlaryň hiliniň iňňän pesdigine garamazdan, ilatdan çykdajylaryň töleglerini esli öňünden tölemek talap edilýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG