Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda elektrik töleglerini ýylyň ahyryna çenli geçirmedikler tölegleri ýokarlanan bahadan "tölär"


Afghanistan -- Afghan electricity workers set up electricity poles in the Padkhab district of the Logar province, February 20, 2015
Afghanistan -- Afghan electricity workers set up electricity poles in the Padkhab district of the Logar province, February 20, 2015

Lebap welaýatynyň elektrik edarasynyň işgärleri raýatlardan 2021-nji ýyl üçin elektrik töleglerini üstümizdäki ýyl tamamlanmazdan doly geçirmegi soraýarlar. Olar ilatyň sarp edýän elektrik energiýasy üçin tölegiň geljek ýyldan başlap ýokarlanjakdygyny aýdyp, 2021-nji ýyl üçin elektrik töleglerini şu ýylyň ahyryna çenli geçirmedik raýatlaryň bergileriniň täze - ýokarlandyrylan - nyrhdan tölediljekdigini duýdurýarlar. Bu aralykda, Lebapda ilatyň elektrik üpjünçiligindäki bökdençlikler dowam edýär, tok ýygy-ýygydan kesilýär. Bu ýagdaýlaryň jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berýär.

"Şu gün Lebabyň elektrik edaralarynyň işgärleri ýaşaýjylaryň öýlerine aýlanyp, 2022-nji ýyldan başlap elektrik tölegleriniň 130 göterim ýokarlanjakdygyny duýdurýarlar. Şeýle-de, olar ilatyň şu ýyl üçin tölegi geljek ýyla geçse, onda olaryň elektrik energiýasyny 2021-nji ýylda sarp edendigine garamazdan, tölegleriň ýokarlanan bahadan tölediljekdigini duýdurýarlar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran lebaply ýaşaýjy 20-nji oktýabrda habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

Azatlyk bu barada Lebabyň elektrik üpjünçiligi edarasyndan goşmaça maglumat ýa kommentariýa almak başartmady. Bu barada resmi metbugatda hem häzirlikçe maglumat göze ilmeýär.

Ýöne bu maglumat Türkmenistanda ýiti ykdysady krizisiň arasynda, ilatyň sarp edýän elektrik energiýasynyň tölegini geljek ýyldan başlap tas iki esse ýokarlandyrmagyň göz öňünde tutulýandygy barada Azatlygyň çeşmesiniň beren maglumatyndan iki gün soňa gabat geldi.

Lebabyň elektrik pudagyndaky bir resminiň anonimlik şertinde 18-nji oktýabrda beren maglumatyna görä, häzir hojalyklar 100 kilowatt üçin 2,50 manat töleg edýän bolsa, 2022-nji ýyldan muny dört manada çenli artdyrmak göz öňünde tutulýar.

Türkmen hökümeti 2019-njy ýylyň ýanwaryndan başlap suw, elektrik energiýasy we tebigy gaz ýaly ilata çärýek asyrlap mugt berlen ýeňillikli hyzmatlary ýatyrdy. Bu karar Halk Maslahatynyň 2018-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen mejlisinde kabul edildi. Şonda ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanandygy aýdylsa-da, Azatlyk ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady krizisiň arasynda ilatyň gün-güzeran aladalarynyň has hem kynlaşandygy barada dowamly maglumatlary beripdi.

Türkmen häkimiýetleri ilatyň sarp edýän elektrik energiýasynyň tölegini ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýan mahaly, ýurt ilatynyň ençeme ýyllardan bäri dowam edýän tok ýetmezçiligi bilen bagly problemasy hem saklanyp galýar.

Habarçylarymyz bilen söhbetdeş bolan lebaply ýaşaýjylaryň sözlerine görä, häkimiýetler bu meseläni çözmek babatynda tutanýeri iş alyp barmaýar.

"Farap etrabynyň Bitgi we Frunze obalarynda, Farak we Magtymguly pasýoloklarynda ilata elektrik energiýasy diňe gije sagat 19-dan soň berilýär" diýip, ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde 20-nji sentýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Mundan başga-da, tas bir aý bäri Farap, Dänew, Darganata we Çärjew etraplarynda hem elektrik energiýasy ýygy-ýygydan kesilýär. Ilat gündizlerine köplenç toksuz kösenýär.

Ýerli elektrik edaralarynyň işgärleri bu bökdençligiň sebäplerini elektrik geçiriji liniýalardaky näsazlyk we olarda geçirilýän abatlaýyş işleri bilen düşündirýärler.

"Bu mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynda hem bökdençlikleri döredýär. Okuwçylar synplarda gyş geýimlerinde okamaly bolýarlar. Durmuş ähmiýetli binalarda hem goşmaça generatorlar ýok. Adamlar tok ýetmezçiligi bilen hemişe ýüzbe-ýüz bolýarlar" diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Bu habarlaryň arasynda, türkmen häkimiýetleri 15-nji oktýabrda geçirilen hökümet maslahatynda elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara eksportyny artdyrmak barada ýene bir gezek gürrüň gozgady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG