Türkmenistanda ýazky harby gulluga çagyryş möwsümi dowam edýän mahaly, Lebap welaýatynda gulluga çagyrylýan ýaş ýigdekçeler ýerli harby wekilliklerde özleriniň serkerdeler tarapyndan kemsidilýändiklerini aýdýarlar.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen aýry-aýrylykda gürrüňdeş bolan birnäçe ýaş ýigit bu ýagdaýlary tassyklaýarlar, ata-eneler öz çagalarynyň harby geljegini alada edip, ünjä galýarlar.
Ýaňy bir 18 ýaşyny dolduran Ýazgeldi (ady üýtgedildi) harby gullugyň öňüsyrasynda bir ýerli harby wekillikde geçirilen bellige alyş prosesiniň dowamynda özüniň serkerdeler tarapyndan paýyş sözler bilen kemsidilendigini gürrüň berýär.
“Men harby bellige alyş işleri bir adaty prosedura bolar öýdüpdim. Emma harby wekilliklerdäki esgerler we ofiserler bize, [hiç zat ýok ýerden], ‘kelesaň’, ‘parazit’ diýip gygyryp başladylar. Her gezek meniň adymy tutanlarynda, kemsidiji, paýyş sözleri goşýardylar. Hatda maňa berlen bir soraga derrew jogap berip bilmedim welin, bir ofiser meniň ýüzüme şarpyk çaldy” diýip, Ýazgeldi aýdýar.
Harby gulluga çagyryş möwsüminde raýatlar ýerli harby wekilliklerde bellige alynýarlar we yz ýany ýurduň dürli sebitlerinde ýerleşýän harby bölümlere gulluga alnyp gidilýärler. Köplenç degişli harby bölümlerden serkerdeler we tejribeli esgerler sebitlere ugradylýarlar we gulluga çagyrylýan raýatlary ýerli wekilliklerden öz harby bölümlerine alyp gidýärler.
Gulluga çagyryş prosesiniň dowamynda kemsitmelere sezewar bolan beýleki bir ýaş ýigdekçe, Hakberdi (ady üýtgedildi) hem harby wekillikdäki bellige alyş başdan geçirmelerini şeýle gürrüň berýär.
“Harby wekillikde gören zatlarym we eşiden sözlerim meni haýran galdyrdy. Bizi nyzama düzdüler we ofiserleriň ejelerimize gönükdiren paýyş sözlerini diňlemäge mejbur etdiler. ‘Gulluk siz ýaly ejem ogullaryny adam eder’ diýip, üstümizden gülýärdiler” diýip, Hakberdi aýdýar.
Lebaply ýaşaýjylar şeýle hadysalaryň bir ýa-da iki däldigini, olaryň giň ýaýrandygyny we yzygiderli gaýtalanýandygyny aýdýarlar.
Ýaňy-ýakynda harby gulluga çagyrylan beýleki bir ýaş ýigit, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli ady üýtgedilen Ýalkapdurdy hem öz başdan geçirmelerini gürrüň berýär. Ol ýerli harby wekillige şortly we şypbykly barypdyr.
“Men harby wekillikde geçirilen lukmançylyk barlagyna şortly we şypbykly bardym welin, ofiser meni çykaryp kowup goýberdi. Men oňa garşylyk görkezjek boldum welin, ol meniň ýakamdan tutup, daşaryk zyňdy” diýip, Ýalkapdurdy aýdýar.
Şeýle kemsitmeler barada birinji agyzdan, öz ogullaryndan eşidýän eneler bolsa, bala-çagalarynyň harby bölümlerde geçirjek esger durmuşyny alada edýärler.
“Heniz harby wekillikde şeýle synaglara duçar edilýän oglumyň harby bölümlerde başyna nämeler geler!? Şeýle pikirler we aladalar bilen gijelerine rahat uklap bilemok. Häkimiýetler şeýle adamkärçiliksiz düzgün bozmalara üns bermeýärler” diýip, lebaply ene gürrüň berýär.
Türkmenistanda ýazky harby gulluga çagyryş möwsümi şu ýyl 1-nji aprel – 30-njy iýun aralygynda dowam edýär.
18 -27 ýaş aralygynda harby gullukdan boşamaga, ýa-da onuň möhletini yza süýşürmäge hukugy bolmadyk erkek raýatlar hökmany harby gulluga çagyrylýarlar.
Çagyryş möwsümi ýylda iki gezek aprel-maý-iýun we oktýabr-noýabr-dekabr aýlarynda alnyp barylýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary bu ýyl hem ýurduň ençeme sebitlerinde orta mekdebi tamamlaýan 18 ýaşly ýaş ýigitleriň gyssagly ýagdaýda harby gulluga çagyrylandygyny habar berdiler.
Bu aralykda, ýurtda demografiýa krizisi bilen bagly dowam edýän aladalaryň arasynda maýyň başlarynda raýatlaryň harby gulluga ýaramsyz hasap edilmegi bilen bagly ýagdaýlaryň harby ýolbaşçylar tarapyndan gaýtadan kesgitlenendigi Azatlyk Radiosyna mälim boldy. Şonda raýatyň harby gulluga ýaramsyz kabul edilmegini talap edýän keselleriň sanawy gysgaldyldy.
Türkmenistanyň harby pudagynda esgerlere ýowuz daraşylmagy, olaryň biri-birlerine ýowuz çemeleşmegi we giň ýaýran kemsitmeler ýyllarboýy dowam edýär. Ýöne bu ugurda bar bolan problemalar harby ýolbaşçylar tarapyndan aç-açan boýun alynmaýar. Döwlet media serişdeleri hem şeýle meseleleri agzamaýar.
Türkmenistanyň kanunçylygy raýatlar üçin harby gulluga alternatiw raýat gullugyny hödürlemeýär. Konstitusiýanyň 58-nji maddasy Türkmenistany goramagy her bir raýatyň mukaddes borjy hökmünde kesgitleýär we her bir erkek adam üçin ähliumumy harby borçlulygy belleýär.
Azatlyk Radiosy Lebap welaýatynyň harby wekilliklerinde ýol berilýän kemsitmeler boýunça harby edaralardan teswir alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum