Balkan welaýatynda orta mekdepleriň harby gulluga çagyryş ýaşyna ýeten täze uçurymlary tapgyrlaýyn harby gulluga äkidilip başlandy. Oba mekdeplerinde oglanlaryň gutardyş synaglary, harby gulluga çagyryş sebäpli, möhletinden öň geçirildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 5-nji iýunda sebitden maglumat berdi.
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň harby wekilligi 2-nji iýunda sebitiň Akdaş, Guwlymaýak, Gyýanly we Gyzylsuw şäherçelerinde şu ýyl orta mekdebi tamamlaýan, ýöne heniz doly tamamlamadyk, şol bir wagtda çagyryş ýaşyna ýeten, 300 çemesi ýaş ýigdekçäni harby gulluga alyp gitdi.
“Bu ugradyşlygyň çäklerinde, raýatlar Serhetabat, Kerki, Daşoguz we Sarahs serhet garnizonlaryna harby gulluga iberildi” diýip, çeşmeler aýdýar.
Ýerli harby wekilligiň bir serkerdesi Azatlyk Radiosynyň habarçysyna maglumat berip, öňümizdäki günlerde ýurduň Ýaragly güýçlerine we beýleki goşunlaryna harby gulluga çagyryş işleriniň dowam etdiriljekdigini we ilkinji nobatda, esasan, oba mekdepleriniň, ikinji nobatda bolsa, şäher mekdepleriniň täze uçurymlarynyň harby gulluga çagyryljakdygyny aýtdy.
Harbylar häzirki wagtda oba mekdepleriniň uçurymlaryny 20-nji iýuna çenli, galan 10 gün çemesi wagtyň dowamynda bolsa, şäher mekdepleriniň uçurymlaryny harby gulluga alyp gitmegi meýilleşdirýärler.
Ýerli harby wekilligiň serkerdesi 5-nji, 9-njy, 11-nji we 15-nji iýun günlerinde nobatdaky çagyryş tapgyrlarynyň ýerine ýetiriljekdigini mälim etdi.
“Bu tapgyrda raýatlar Tejen, Bekrewe we Mary gury ýer goşunlaryna harby gulluga iberiler. 20-nji iýundan soňra etrap merkezlerindäki we şäher ýerlerindäki mekdeplerde orta mekdebi tamamlan okuwçylar gulluga alnyp gidiler” diýip,çeşmeler aýdýar.
Ýerli harby wekillikler we bilim bölümleri özara ylalaşyp, gulluk ýaşyna ýeten ýaş ýigdekçeleriň gutardyş synaglarynyň möhletinden öň geçirilmegini guramalaşdyrypdyrlar.
Harby serkerdäniň sözlerine görä, günbatar welaýatyň oba mekdeplerinde çagyryş ýaşyna ýeten uçurymlaryň gutardyş synaglary maý aýynyň dowamynda, möhletinden öň, doly tamamlanypdyr.
Ýurduň umumybilim berýän orta mekdeplerinde şu ýyl 1-15-nji iýun aralygynda jemleýji döwlet synaglary, gutardyş synaglary geçirilýär.
Raýatlar harby gulluga çagyrmagyň ýazky möwsümi 1-nji aprelde başlandy we 30-njy iýuna çenli dowam eder.
Azatlyk Radiosy Balkan welaýatynda mekdep uçurymlarynyň gyssagly ýagdaýda harby gulluga çagyrylmagy boýunça sebitiň harby wekilliklerinden teswir alyp bilmedi.
Türkmenistanda harby borçlulygy yza süýşürmäge, ýa-da ondan doly boşamaga hukugy bolmadyk 18-27 ýaş aralygyndaky erkek raýatlar gulluga çagyrylýar. Çagyryş möwsümi ýylda iki gezek, aprel-maý-iýun we oktýabr-noýabr-dekabr aýlarynda guramalaşdyrylýar. Erkek raýatlar harby wekilliklerde eýýäm 16 ýaşda hasaba alynýar we lukmançylyk barlagyndan geçirilýär.
Türkmenistanyň kanunçylygy raýatlara harby gulluga alternatiw raýat gullugyny hödürlemeýär. Konstitusiýanyň 58-nji maddasy Türkmenistany goramagy her bir raýatyň mukaddes borjy hökmünde kesgitleýär we her bir erkek adam üçin ähliumumy harby borçlulygy belleýär.
Şu günler ýurduň beýleki sebitlerinde hem raýatlary harby gulluga çagyryş işleri dowam edýär. Biraz öň, Azatlyk Radiosynyň habarçylary Lebap we Mary welaýatlarynda hem çagyryş ýaşyna ýeten mekdep uçurymlaryny harby gulluga çagyrmak işleriniň alnyp barylýandygyny habar berdiler.
Bu sebitde çagyryş gününde 18 ýaşyny doldurýan ýaş ýigdekçeler maý aýynyň soňky on günlüginde eýýäm harby wekilliklerden çagyryş hatlaryny kabul edip başladylar.
Biraz soňra, Mary welaýatynda hem uçurymlaryň “tas mekdebiň gapysyndan” harby gulluga alnyp gidilmegi bilen bagly habarlar gowşup başlady.
“Kähalatlarda ähli synaglary bir günüň içinde tabşyrdyp, göni mekdebiň gapysyndan harby gulluga alyp gidýärler. Olaryň ene-atalary bilen hoşlaşmaklaryna-da rugsat berilmeýär” diýip, şonda maryly çeşmeler habar berdi.
2022-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistanda orta mekdebi tamamlap, ýokary okuw jaýyna girmäge isleg bildirýän ýaşlaryň harby gullugy bir ýyl möhlet bilen yza süýşürmeklerine kanun taýdan rugsat berildi. Ýöne golaýda Lebap welaýatynda häkimiýetler harby gullugy yza süýşürmäge hukugy bolan raýatlaryň hem harby gulluga alnyp gidiljekdigini duýdurdylar.
Türkmenistanyň haby doktrinasy diňe goranyş häsiýetine eýe bolup, ýurduň harby howpsuzlygyny we çäk bitewiligini üpjün etmäge, hem-de milli bähbitlerini goramaga kepil geçýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum