Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mary: Agyr ýagyşlar ýeralma ekinine zyýan ýetirdi


Bezeg suraty. Arhiwden alyndy.
Bezeg suraty. Arhiwden alyndy.

Birnäçe günläp dowam eden ygally howa Mary welaýatynyň Garagum we Baýramaly etraplarynda oba hojalyk ekinlerine, şol sanda ýeralma ekinine agyr zyýan ýetirdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 21-nji maýda sebitden maglumat berdi.

“Kärendeçi daýhanlaryň, ýer eýeleriniň hem-de mellek ýerlerine ýeralma eken hojalyklaryň ekinleri 10-12 gün dowam eden çygly howada suw astynda galyp çüýredi. Ilkibaşda ýagan ýagyşlar doly siňip ýetişmänkä, ýene-de ýagyş guýdy” diýip, sebit ýaşaýjylary aýdýarlar.

Käbir daýhanlar suw astynda galan ýeralma meýdanlaryna üýşen suwlary nasos bilen sorduryp aýyrmaga çalyşandyklaryny gürrüň berýärler.

Mary welaýatynda maýyň ikinji hepdesinde, 8-10-njy maý aralygynda çakdanaşa ygally howa boldy. Howa maglumatlaryna görä, käbir sebitlerde ýagan ýagyş ygalyň aýlyk kadasyndan birnäçe esse ýokary boldy. Baýramaly etrabynda maý aýynda ýagan ýagyşlaryň göwrümi ygalyň bu sebitdäki alty aýlyk kadasyna deňeçer boldy. Bu görkeziji ygalyň sebitdäki ýyllyk kadasynyň takmynan 40 göterimine barabar boldy.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary sebitde ygally we çygly howanyň soňky 10-12 gün bäri dowam edendigini, daýhanlaryň amatsyz howa şertlerinde uly ýitgilere sezewar bolandygyny habar berýärler.

“Nasos bilen ekerançylyk ýerlerindäki ýagyş suwlaryny çekdiren daýhanlar ekiniň her ýerinden 6-7 düýp ýer almasyny köwläp görenlerinde, ekinleriň çüýrändigini gördüler” diýip, bir oba ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Mary welaýatynda şu ýyl ençeme gektar meýdana ekilen ýeralma ekini amatsyz howa şertlerinden agyr zyýan çekdi. Ýer almalarynyň ekiş işlerine fewralyň ortalarynda badalga berilmeginiň yz ýany, ýurda aralaşan sowuk howa akymy ýaňy bir şinelän ekinlere zyýan ýetirdi.

Türkmenistanda soňky on ýyllykda şugundyr we ýeralma ýaly oba hojalyk ekinleri hem döwlet tabşyrygyna girizildi. Ýurtda gök-bakja ekinlerine niýetlenilip, müňlerçe gektar ekerançylyk ýerleri bölünip berilýär.

Şu ýyl ýurt boýunça 30 müň gektar meýdana ýazlyk ýeralma ekildi. Gök-bakja ekinlerine döwlet tarapyndan bölünip berlen ýerleriň umumy tutýan meýdany şu ýyl 106 müň gektara barabar boldy.

Ýöne soňky hepdelerde ýurtda dowam edýän çakdanaşa ygally howa oba hojalyk ekinlerine-de zyýan ýetirýär.

“Bir topar çykdajy etdik. Köp hojalyk karzyna pul alyp, ýeralma ekdi. Adamlar hasylda üzlüşeris öýtdüler. Ýer alma hasylyndan ulag edinmegi, iş, okuw üçin daşary ýurtlara syýahat etmegi ýüreklerine düwen hojalyklaryň arzuwlary kül boldy. Mellek ýerine 10-12 joýa ýeralma eken hojalyklardan başlap, ençeme gektarlap ýeralma eken hojalyklara çenli gynanýarlar. Biziň ençeme gektar meýdana çykaran çykdajylarymyz ýere siňdi. Beýleki ekinleriň ýagdaýy hem öwerlik däl” diýip, birnäçe daýhan Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdiler.

8-10-njy maýda ýagan ýagyşlaryň yz ýany, maý aýynyň ikinji hepdesinde Azatlyk Radiosynyň habarçylary bu sebitde ýaňy bir gögeriş alnan gowaça ekinleriniň, hem-de ýetişip gelýän bugdaý meýdanlarynyň agyr ýagyşdan we güýçli şemaldan ýitgi çekendigini habar berdiler.

Oba hojalyk hünärmenlerine görä, ýazlyk ýer almasynyň hasyly Türkmenistanda tomus aýynyň başlarynda ýygnalýar. Galla oragy iýun aýynda batlanýar. Gowaça hasylyny ýygnamak işlerine resmi derejede sentýabryň başlarynda girişilýär.

Çakdanaşa ygally howa ýurduň ençeme sebitlerinde gowacanyň gögeriş suwlarynyň tutulýan pursatlaryna gabat geldi. Biraz öň, Azatlygyň habarçylary Lebap welaýatynda 8-9-njy maýda ýagan ýagyşlaryň yz ýany gapaklan gowaça meýdanlarynyň kesmegini köpçülikleýin aýyrmak işlerine oba hojalyk tehnikalarynyň, kultiwatorlaryň ýetmezçilik edýändigini habar berdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG