Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mary welaýatynda iki günläp ýagan ýagyş ýerli ýaşaýjylary başagaý etdi, ekin meýdanlary zyýan çekdi


Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy. Lebap welaýaty. Türkmenistan.
Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy. Lebap welaýaty. Türkmenistan.

Türkmenistanyň günorta-gündogar sebitlerinde 8-10-njy maý aralygynda dowam eden ýagynly howa şäher we oba ýaşaýjylaryny başagaý etdi, käbir sebitlerde elektrik energiýasynyň üpjünçiliginde bökdençlik ýüze çykdy, ekerançylyk meýdanlaryna uly zyýan ýetdi.

Marynyň sebit merkezinde şäher infrastrukturasyna agram düşdi, köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesiniň ýerzeminlerini suw basdy. Şäheriň çäginde ýerleşýän ýeke gatly jaýlar, şol sanda Parahatlyk we Baýram han köçeleriniň ugrunda ýerleşýän howly jaýlary hem ýagyşdan zyýan çekdi.

Howa maglumatlaryny çap edýän “Meteožurnal” neşirine görä, 8-10-njy maý aralygynda ýurduň çäklerine ýagan ýagyş käbir sebitlerde ygalyň aýlyk kadasyndan ýokary boldy. Meselem, Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda maý aýynda ýagan ýagyşlaryň göwrümi ygalyň alty aýlyk kadasyna deňeçer boldy. Bu görkeziji ygalyň sebitdäki ýyllyk kadasynyň takmynan 40 göterimine barabar boldy.

Jemagat hojalygy müdirlikleriniň işgärleri dowamly ýagan ýagyşlaryň netijesinde köçelere üýşen suwlary aýyrmak işlerine çekildi.

“Ýagşyň ilkinji gününde jemagat gullugynyň işgärlerine şäheriň esasy köçesiniň, Mollanepes köçesiniň suwlaryny aýyrmak buýruk berildi. Welaýat häkimligi we şäher häkimligi bu köçäniň ugrunda ýerleşýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy jemagat gullugynyň işgärlerine salgylanýar.

Ýerzeminlerini ýagyş suwlary basan köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýaşaýjylary ýardam sorap, Ýaşaýyş jaý müdirliklerine ýüz tutýarlar.

“Ýaşaýjylar Ýaşaýyş jaý müdirliklerine jaň edip, ýardam soraýarlar. Müdirligiň işgärleri özleriniň gijesi bilen suwlary sordurmak işleri bilen meşgullanýandyklaryny, suw sorujy nasoslaryň ýetmezçilik edýändigini aýdýarlar. Yzygiderli işledilýän nasoslar hatardan çykýar, nasoslar oňarylýança jemagat gullugynyň işgärleri köp ýerde bedre bilen suwlary çykarmaly bolýarlar” diýip, bir şäher ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýerli ýaşaýjylar şäherdäki oňarylmadyk ýollarda batgalygyň emele gelendigini aýdýarlar. Bu ýagdaý oba ýerlerinde has köp göze ilýär.

“Oba ýerlerinde köçeler gaty palçyk, adamlar juda zerurlyk bolmasa, daşaryk çykmajak bolýar” diýip, bir oýa ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary dowamly ýagan ýagyşlaryň fonunda, sebitiň köp sanly mekdeplerinde hepdäniň ikinji ýarymynda okuw sapaklarynyň geçilmändigini aýdýarlar. Welaýat bilim müdirligi okuw sapaklarynyň ýatyrylýandygyny resmi bildiriş bilen yglan etmedi, ýöne ene-atalar ýagyşly howada, köçelerde palçygyň emele gelmegi bilen, öz çagalaryny mekdebe ibermezligi saýlap alýandyklaryny aýdýarlar.

Dyngysyz ýagan agyr ýagyşlar sebitdäki ekerançylyk meýdanlaryna-da zyýan ýetirdi. Ýolöten etrabynyň bir ýaşaýjysy ýaňy bir gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda ekine uly zyýan ýetendigini gürrüň berýär.

“Güýçli şemal ýaňy bir ösüp barýan gowaçalary ýatyrdy. Ýetişip gelýän bugdaýlary hem suw basdy. Kärende ýerleriniň heniz suwy siňip ýetişmedi. Melleklerdäki gök önümler hem suwuň içinde galdy” diýip, ýolötenli ýaşaýjy gürrüň berdi.

Ekerançylyk bilen meşgullanýan köp sanly hojalyk mellek ýerlerindäki ýagyş suwlaryny sowmaga çalyşýarlar.

Miweli baglar hem güýçli ýagyşlardan zyýan çekdi. Nowçalan miweli agaçlaryň nowçasy döküldi diýip, bir bagban gürrüň berdi.

Mary welaýatynyň Oguz han etraby hem ýagyşdan uly zyýan çeken sebitleriň biri boldy. Azatlyk Radiosynyň habarçylary bu sebitde onlarça ýyl mundan ozal, Sowetler döwründe gurlan ýaşaýyş jaýlaryny suw basandygyny, käbir hojalyk jaýlarynda öý goşlarynyň suw astynda galandygyny habar berýärler. Ýaşaýjylar howly jaýlarynyň fundamentleriniň şordan ýaňa pytrap ejizländigini, ýaşaýyş jaýlarynyň hem üçeklerinden, hem fundamentlerinden suw geçip, özleriniň kösenýändiklerini gürrüň berýärler.

Soňky günlerde Türkmenistanyň günorta-gündogar goňşusy Owganystanyň demirgazyk sebitlerinde hem agyr ýagyşlar we suw joşgunlary heläkçilige getirýär. Owganystanyň de-fakto dolandyryjylary 12-nji maýda agyr ýagyşlarda we suw joşmalarynda Baglan welaýatynda azyndan 1630 adamyň ýaralanandygyny hem-de bu sebitde 2660 ýaşaýyş jaýynyň ýykylandygyny mälim etdi. Ýurduň Badahşan, Takhar, Gor we Farýap welaýatlary hem agyr ýagyşlardan zyýan çekdi. Dyngysyz ýagan ýagyşlaryň hem suw joşmalarynyň netijesinde bu ýurtda şu wagta çenli azyndan 315 adam heläk bolupdyr.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary Türkmenistanyň günorta-gündogar sebitlerinde şäher we oba infrastrukturalarynyň agyr ýagyşlara taýýarlyksyz bolandygyny, ýaşaýyş jaýlaryna, şol sanda köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýerzeminlerine üýşen suwlary nasoslar bilen sorduryp aýyrtmakda kynçylyklaryň bolandygyny habar berýärler.

Bu aralykda, ýagynly günlerde Mary sebitinde elektrik energiýasynyň üpjünçiliginde hem bökdençlik ýüze çykdy. Welaýat merkezinde we köp sanly ilatly nokatlarda ýagynly howada elektrik energiýasynyň üpjünçiligi kesildi. Üpjünçiliginiň doly kesilmedik ýerlerinde bolsa, tok öçüp-ýanyp durdy diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýarlar.

Welaýat merkezinde swetoforlar ýagyly günlerde kadaly işlemedi. Bu ýagdaý şäheriň köçelerinde ulag dyknyşyklaryny emele getirdi. Şol bir wagtda, sebitde ýagyş ýagan günlerinde telefon aragatnaşygy hem bökdeldi. Öýjükli aragatnaşygyň hili peseldi, adamlar aragatnaşyksyz galdy diýip, bir sebit ýaşaýjysy gürrüň berdi. Çetki obalarda emele gelen aragatnaşyk problemalary tas dört gün töweregi dowam etdi.

Mary şäherinde 10-njy maýda swetoforlaryň işi kadaly ýola goýuldy, elektrik energiýasynyň üpjünçiligi 11-nji maýda gaýtadan doly dikeldildi diýip, habarçylarymyz maglumat berýär.

Türkmenistanyň hökümet resmileri we Mary welaýatynyň häkimiýetleri iki gün dowam eden ýagyşlar barada beýanat bermedi. Döwlet mediasy günorta-gündogar sebitde bolup geçen güýçli howa hadysasy barada maglumat bermedi.

Azatlyk Radiosy sebitde bolup geçen adatdan daşary ygally howa we onuň getiren netijeleri boýunça sebit häkimliginden teswir alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG