Türkmenistanda özge pikirleriň islendik görnüşde ýüze çykmalarynyň häkimiýetler tarapyndan berk çäklendirilmegi ugrunda irginsiz tagalla edilýän mahaly, sosial ulgamlaryň türkmen dilli bölegindäki soňky meýiller ýurtda dowam edýän sosial we syýasy meseleleriň, halkara arenasynda bolup geçýän wakalaryň onlaýn giňişlikde aç-açan ara alnyp maslahatlaşylmaga başlanandygyny görkezýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary sosial ulgamlarda “pyntyklaýan” açyk pikir alyşmalaryň mazmunyny we raýatlaryň onlaýn giňişlikde özge pikirleri beýan etmek meýillerini seljerdiler.
Türkmenistanyň hökümeti raýatlaryň söz-beýan azatlygyny, metbugat we maglumat azatlygyny berk çäklendirmekde ýyllarboýy tankyt edilýär. Ýöne ýurduň çäginde berk petik astynda galýan sosial ulgamlardaky soňky “açyk pikir alyşmalar” ýerli synçylarda “umyt uçgunlaryny” döredýär.
Şeýle meýiller, ýerli synçylara görä, ýurtda ýyllarboýy dowam edýän syýasy doňaklygyň eremek ähtimallygy; syýasy howanyň, ahmal, maýlamagy; belki-de, syýasy köp pikirliligiň emele gelmegi we özge pikirlere rugsat berilmek ähtimallygy babatda käbir oňyn alamatlara yşarat edýär.
Sähel wagt mundan ozal, 10-njy aprelde Azatlyk Radiosynyň habarçylary Aşgabadyň mekdeplerinde Bilim ministrliginiň işgärleriniň mugallymlar bilen ýörite ýygnaklary geçirip, mekdepleriň çäginde bolup geçýän wakalaryň mekdepleriň çäginden daşaryk syzdyrylmazlygy, şeýle-de bilim edaralaryna syýasatyň girmegine rugsat berilmezligi barada öwüt-ündew işlerini geçirendiklerini habar berdi. Bilim resmileri, hususan-da, oňaýsyz habarlaryň, meselem, ýurtda dowam edýän azyk gymmatçlygynyň, ýa-da şu hili beýleki maglumatlaryň mugallymlaryň hem-de ýokary synp okuwçylaryň arasynda giňden ara alnyp maslahatlaşylmagyna garşylyk beýan etdiler.
Ýöne, ýerli synçylara görä, sosial ulgamlarda, galyberse-de, ilat arasynda, “aşhanalarda”, ýa-da iş ýerlerinde peýda bolýan açyk pikir alyşmalar, mesawy gürrüňlerde sosial we syýasy meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy häkimiýetleriň halk arasynda doly pikir gözegçiligini gazanmak ugrundaky synanyşyklaryny “puja çykarýar”.
Bilim resmileri mugallymlar bilen geçiren ýygnaklarynda ýurtda dowam edýän azyk gymmatçylygy barada, ýa-da meselem, iki ýyl ozal prezident tarapyndan türmede “günäsi geçilen” belli estrada aýdymçysynyň Eýranda neşe aýyplamalary bilen tussag edilmegi bilen bagly habarlar dogrusynda, ýa-da Internet ulgamynda halk köpçüligine ýetirilýän şulara meňzeş beýleki käbir habarlar dogrusynda mekdebiň çäginde aç-açan gürrüň edilmezligini duýdurdylar.
Açyk pikir
Habarçylarymyzyň seljeren onlaýn maslahatlaşmalaryna görä, hut şeýle meseleler, syýasy, sosial we ykdysady problemalar dogrusynda ilat arasynda aç-açan pikir alyşmalar peýda bolýar. Türkmen dilli sosial media ulanyjylary ýurtdaky umumy syýasy, sosial şertleri ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligine eýe bolýarlar.
“Soňky hepdelerde Internet torunyň türkmen böleginde sosial we syýasy meseleler we problemalar hakynda internet ulanyjylarynyň arasynda, megerem, soňky onýyllyklarda ilkinji gezek açyk diskusiýalar guralyp başlandy. Muny, meselem, ýerli aýdymçy Nazir Habibowyň Eýranda neşe serişdesi bilen saklanmagy hakyndaky habar bilen bagly onuň aýalynyň sosial ulgamda internet ulanyjylaryna ýüzlenip çykaran wideolarynyň teswirlerinde görmek bolar” diýip, ýerli synçy gürrüň berýär.
Ýatlasak, turkmen.news neşiri martyň ahyrynda, ilkinji bolup, belli estrada aýdymçysynyň Eýranda neşe aýyplamalary bilen tussag edilendigini habar berdi. Munuň yz ýany, aýdymçynyň aýaly, sosial media arkaly çykyş edip, aýdymçynyň muşdaklaryna göwünlik berdi we özlerine kyn günde goldaw berýän adamlara minnetdarlyk bildirdi. Ol öz çykyşynda döwlet baştutanlaryna alkyş okady, Türkmenistanyň kanun goraýjy gulluklaryna sagbol aýtdy we aýdymçy barada köpçülige habar berýän adamlary, olaryň hyzmatdaşlaryny “içalyçylykda” aýyplady.
“Ýerli ýaşaýjylar, Nazir Habibowyň aýalynyň ýurt baştutanlaryny we olaryň syýasatyny öwüp, özge pikirli adamlary we erkin mediany garalap, ýurtdaky sosial problemalary inkär edip çykaran wideosyna jogap berdiler. Onlarça ulanyjy oňa "maşgalasyndaky agyr ýagdaýy ýeňip geçmekde ruhy goldaw" berýändikleri hakynda ýazsalar, onlarça adam Habibowyň aýalynyň ýurtda "işsizlik ýok, işlemejekleriň bahanasy ol, işlejege iş köp, ýollarymyz açyk, asuda ýaşaýarys" ýaly sözlerine ýurtdaky hakyky agyr durmuşyň, ykdysady krizisiň, üzňeligiň, migrasiýa we pasport meseleleriniň kynçylyklary, ählumumy parahorlugyň giňden ýaýrandygy hakyndaky teswirler bilen jogap berdiler” diýip, ýerli synçy Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.
Köp sanly ulanyjy sosial ulgamlarda ykdysady krizis, ýurduň üzňelik syýasaty, migrasiýa we pasport kynçylyklary hem-de parahorlyk ýaly problemalary gozgamakdan çekinmedi.
Bulardan başga-da sosial media ulanyjylary, meselem, Gazagystanda öz aýalyny urup öldürmekde günäkärlenýän öňki ministriň kazyýet diňlenişigine üns bilen syn edip, sosial ulgamlarda Türkmenistandaky maşgala zorlugy barada hem pikir-garaýyşlaryny beýan etdiler. Bu meýiller barada Azatlyk Radiosy biraz öň hem habar beripdi.
Türkmen dilli ulanyjylar onlaýn giňişlikde ýurtda we halkara arenasynda bolup geçýän syýasy wakalar barada hem pikir alyşýarlar diýip, habarçylarymyz aýdýar.
Meselem, Russiýada geçirilen gözegçilikli prezident saýlawlarynda Wladimir Putiniň ýeňşiniň yglan edilmegi, rus oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnynyň türmede aradan çykmagy, ýa-da Türkiýede geçirilen ýerli saýlawlarda oppozisiýanyň ýeňiş gazanmagy ýaly halkara arenasynda bolup geçýän wakalar barada hem pikir alyşylýar, rus we türk saýlawlary türkmen reallyklary bilen deňeşdirilýär.
“Türkmen ulanyjylary Türkiýedäki, Russiýadaky ýagdaýlary türkmen reallygy bilen deňeşdirýärler we öz pikirlerini beýan edýärler” diýip, Azatlygyň Radiosynyň habarçysy aýdýar.
Üzňelik ýadawlygy
Habarçymyz bilen gürrüňdeş bolan aşgabatly bir synçy açyk pikir alyşmalara oňyn baha berip, munuň ýurtda kämil raýat jemgyýetiniň kemala gelmegine goşant goşýandygyny belledi.
“Türkmen režiminiň berk internet we maglumat senzurasyna, üzňelik we ýapyklyk syýasatyna garamazdan, türkmen jemgyýeti, megerem, soňky onýyllyklarda ilkinji gezek aç-açan şekilde sosial kynçylyklar hakynda köpçülikleýin şekilde gürrüň edip başladylar. Bu raýat jemgyýetiniň kemala gelmeginde örän möhüm ädimdir we jemgyýetiň häzirki gelen ýagdaýyna özüniň pikir bermegi we şol pikir köpdürlüligini köpçülige açyk çykarmagy türkmen häkimiýetleri üçin hem uly bir yşaratdyr" diýip, aşgabatly synçy aýtdy.
Türkmenistanyň döwlet media serişdelerinde islendik wakanyň ýa-da pikiriň beýan edilmeginde diňe döwlet tarapyndan tassyklanan resmi wersiýadan peýdalanmaga rugsat berilýär. Döwlet mediasyna görä, ýurtda “berkarar döwletiň täze galkynyş eýýamy” höküm sürýär, türkmen halky, döwlet metbugatynyň dili bilen aýdylanda, Gahryman Arkadagyň, ýagny Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Arkadagly Serdaryň, ýagny Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň peşgeş beren asuda, abadan, bagtyýar we bolelin durmuşynda ýaşaýar. Bu wersiýa ýurtdaky syýasy, sosial we ykdysady howanyň resmi beýanaty bolup hyzmat edýär.
Ýöne ýurduň reallyklary, halkyň gündelik ýüzbe-ýüz bolýan durmuş şertleri döwlet propagandasy bilen ylalaşmaýar.
“Syýasy meseleleriň ilat arasynda we internetde ara alnyp maslahatlaşylmaga başlanmagy jemgyýetiň uzaga çeken üzňelik syýasatyna negatiw reaksiýasyny görkezýär” diýip, aşgabatly synçy aýdýar.
Ol ýurtda onlarça ýyl bäri dowam edýän üzňelik syýasatynyň jemgyýetde ýadawlyk döredýändigini gürrüň berýär.
"Dogrudan hem, türkmen ulanyjylary we raýatlary uzaga çeken syýasy, medeni, ykdysady we maglumat üzňeliginden halys ýadadylar, ýurtda dowam edýän represiýalara, özge pikirlere çydamsyzlyga seretmezden, dünýäde we ýurtda bolýan sosial we syýasy meselelere nähili hem bolsa reaksiýa bildirip başladylar, olar munuň üsti bilen Aşgabadyň görkezmek isleýän "bagtyýarlyk, bütin halk Arkadagyň pikirini goldaýar we hiç hili mesele ýok, jenneti durmuş" propaganda suratyny ýalana çykarýarlar. Muny biz öňler diňe daşary ýurtlardaky türkmen oppozisiýasynda we aktiwistlerinde gören bolsak, indi ýurt içinde hem ýuwaş-ýuwaşdan eşidip we görüp başladyk" diýip, aşgabatly synçy aýdýar.
“Aşhana çekişmeleri”
Ol bu ýagdaýyň 1970-nji ýyllaryň ahyrlarynda SSSR-de peýda bolan maýylganlyga çalym edýändigini belleýär.
“Eger-de biz jemgyýetiň mundan 45-50 ýyl ozalky ýagdaýyny ýatlasak, dogrusy, uly paralleller bar. 70-nji ýyllaryň ahyrlarynda hem, jemgyýetde "ösüşler bar, ýoldaş Brežnew bizi kommunizme alyp barýar, biz bagtyýar durmuşda kommunistik partiýamyz bilendiris!" ýaly propaganda şygarlary gülkini we "aşhana çekişmelerini" döredýärdi. Adamlar aşhanalarda, iş ýerlerinde, dükanlaryň öňündäki nobatlarda öz aralarynda Brežnewi, partiýany satira we ýumor arkaly dürli anekdotlar we şorta sözler bilen tankyt ederdiler. Jemgyýetdäki sosial meseleler özara gürrüňlerde ýarym aç-açan gürrüň edilerdi. Bu günki Türkmenistanyň jemgyýetiniň durmuşy hem belli bir derejede Sowet Soýuzynyň jemgyýetiniň 70-nji ýyllaryň ahyryndaky hal-ýagdaýyny ýatladýar. Ýagny, jemgyýetiň propagandadan halys ýadamagy we bu barada, entek aç-açan bolmasa-da, özara gürrüňdeşliklerde we aşhanalarda, iş kollektiwlerinde we köçelerde çekişmeler, pikir alyşmalar bolup geçýär" diýip, aşgabatly synçy aýtdy.
Ol Türkmenistanda bolup geçýän syýasy we sosial prosesleriň sowet döwrüniň 70-nji ýyllaryny ýatladýandygyny ýene bir gezek sözüne goşup, repressiýalaryň hemişelik dowam edip bilmeýändigini belledi.
“Dowam edýän repressiýalar ir-u giç jemgyýetde açyk närazylyklara ýol açyp, bu ýagdaý syýasy doňaklygyň eremegine, syýasy özge pikirliligiň aç-açan ýüze çykmagyna getirer” diýip, ýerli synçy sözüni jemledi.
Epilog
Türkmenistanda raýatlaryň söz we pikir beýan etmek azatlygy häkimiýetler tarapyndan ýyllarboýy çäklendirilýär. Media giňişliginde sowet ýyllaryndan miras galan berk döwlet gözegçiligi we ýiti senzura köpçülikleýin habar beriş serişdelerini dar çarçuwanyň içine gabady. Metbugat azatlygy boýunça halkara hasabatlarda Türkmenistan iň yzdaky orunlary eýeleýär. Ýurduň media giňişligi bolsa, halkara guramalary tarapyndan “dyngysyz giňeýän gara girdap” häsiýetlendirilýär. Döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri raýatlaryň ýüzbe-ýüz bolýan problemalaryny, şol sanda durmuş-ykdysady we hukuk meselelerini gozgamaýar.
Internet torunyň örüsiniň giňemegi bilen, hususan-da ýaşlaryň arasynda wagtal-wagtal sosial media işjeňligi peýda bolýar. Ýöne köplenç bu işjeňlik gysga ömürli bolýar. 2010-nji ýyllaryň başlarynda türkmen dilli internet ulanyjylary hususan-da talyplar.com, ertir.com ýaly ýerli sosial torlarda erkin pikir beýan etmek mümkinçiliklerine eýe bolupdy. Ýöne ýaşlaryň arasynda meşhur bolan bu torlar wagtyň geçmegi bilen öz işini bes etdi ýa-da öz meşhurlygyny ýitirdi.
2019-njy ýylda öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň saglyk ýagdaýy ýarada Internetde peýda bolan maglumatlaryň yz ýany, türkmen dilli sosial media ulanyjylarynyň işjeňligi bir döwür ýokarlandy, ýöne soňra ýene-de pese gaçdy.
Dört ýyl töweregi mundan ozal dünýäde pandemiýa yglan edilen koronawirus ýokanjynyň fonunda, hususan-da daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen migrantlarynyň arasynda sosial media işjeňligi ýokarlandy, hökümetiň alyp barýan syýasaty türkmen ýaşlary tarapyndan aç-açan tankyt edilip başlandy. Ýöne birnäçe wagtdan soňra bu işjeňligiň bady gowşady.
Türkmenistanda Facebook, Instagram, Twitter ýaly iri sosial torlar, WhatsApp, Telegram ýaly messenjerler ýyllarboýy berk petik astynda galýar.
Türkmenistanyň döwlet institutlary, edara-kärhanalar we döwlet eýeçiligindäki media serişdeleri sosial torlarda hasap açmaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum