Lebap sebitiniň polisiýa, MHM edaralaryna býujet işgärleri, mugallymlar, talyplar bilen martyň soňky hepdesinde we apreliň başynda ýörite ýygnaklar tapgyryny geçirmek barada "ýokardan buýruk" geldi, bu ýygnaklaryň esasy temasy terrorçylyga garşy göreş, Russiýada okaýan türkmen talyplaryny basymrak yzyna getirmek barada bolar diýip, Azatlygyň habarçysy hukuk edarasyndaky çeşmä salgylanyp habar berdi.
Bu habar 22-nji martda Moskwananyň eteginde bolan ýaragly hüjümden soň, ýerli ýaşaýjylaryň Aşgabatdaky rus ilçihanasynyň öňünde gül çemenlerini goýmagyna rugsat berilmeginiň yz ýanyndan geldi.
Lebap sebitiniň hukuk goraýjy edaralarynyň birinde işleýän çeşmäniň anonimlik şertinde beren habaryna görä, welaýatyň polisiýa, MHM edaralaryna býujet işgärleri, mugallymlar, talyplar bilen martyň soňky hepdesinde we apreliň başynda ýörite ýygnaklar tapgyryny geçirmek barada "ýokardan buýruk" gelipdir.
“Bu ýygnaklaryň esasy temasynyň terrorçylyga garşy göreşmek, Russiýada okaýan türkmen talyplaryny okuwlaryny gutaran dessine Türkmenistana çagyrmak hakynda boljakdygy duýduryldy” diýip, çeşme aýtdy.
Şeýle-de, çeşmäniň tassyklamagyna görä, bu ýygnaklarda Moskwadaky hüjüm bilen baglylykda, raýatlaryň "dini radikalizmden daşda durmaklary, dini radikalizmiň arkasynda we rus paýtagtynyň eteginde asuda adamlara hüjüm edenleri goldamakda Günbatar ýurtlarynyň mümkin bolan ýa-da belli bir derejede bolup biljek roly barada gürrüň etmek" tabşyrylypdyr.
“Terrorçylygyň hakyky sebäpleri we ondan goranmak barada raýatlar bilen aç-açan gürrüň etmegiň, metbugatda has köp maglumat bermegiň deregine, türkmen häkimiýetleri ýene ähli zatda Moskwanyň göreldesine eýerip, Günbatary günäkärlemekçi bolýarlar, internetiň zyýany hakynda gürrüň edip, raýatlary gorky astynda saklamak isleýärler" diýip, anonimlik şertinde gürleşen synçy aýtdy.
Azatlyk biraz öň, Russiýadaky howpsuzlyk şertleriniň mundan-da beýläk ýaramazlaşmagyna alada bildirip, türkmen häkimiýetleriniň bu ýurt bilen aradaky howa gatnawlaryny wagtlaýyn ýatyrmak, Russiýada okaýan türkmenistanly ýaşlaryň okuwlaryny howpsuz ýurtlara geçirmekleri barada tagalla edýändigini habar beipdi.
Maglumat üçin aýdylsa, rus resmileri 22-nji martda Moskwanyň Krasnogorsk şäheriniň “Krokus siti holl” konsert zalyna edilen hüjüm bilen baglanyşykly 11 adamyň, şol sanda dört erkegiň tussag edilendigini habar berdiler.
Türkmenistanyň metbugaty bu hili habarlary, şol sanda hüjümde aýyplanyp tutulan adamlaryň gynalyşy barada berilýän maglumatlary ile ýetirmeýär.
Soňky maglumata görä, Moskwanyň eteginde asuda adamlara garşy guralan ýaragly hüjümde azyndan 137 adam ölüp, 180 adam ýaralandy. Türkmen ýolbaşçylarynyň, ataly-ogul Berdimuhamedowlaryň bu hadysa bilen bagly rus halkyna bildiren gynançlary "Türkmenistan Altyn asyr" saýtynda çap edildi, emme döwlet eýeçiligindäki telewideniýede berilmedi.
Şeýle-de, adatça bolşy ýaly, türkmen metbugaty Moskwanyň eteginde bolan hüjüm, adam pidalary barada ýerli halka anyk maglumat bermegi zerur hsasplamady.
“Orient” neşiriniň ýazmagyna görä, rus halkyna duýgudaşlyk bildirmek üçin, Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasyna köp adam geldi. Ilkinji bolup gelenleriň arasynda wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow hem bar.
Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem, ýas günlerinde rus kärdeşlerini goldamak üçin, Russiýanyň ilçihanasyna geldiler, paýtagtyň ýaşaýjylary we myhmanlary esasan gyzyl we sary gülleri, çaga oýunjaklaryny getirdiler.
Şeýle-de, “Orient” adamlaryň düýn irden bäri Aşgabatdaky Rus öýüne gelip, bu ýerde özakymlaýyn dörän ýadygärlige ýas lentalary bilen baglanan çemenleri, ýumşak oýunjaklary getirýändiklerini habar berdi.
Ýerli çeşme rus ilçihanasynyň öňünde goýlan gül çemenlerini esasan etniki ruslaryň we goşa raýatlygy bolan adamlaryň getirendigini, şol bir wagtda-da bu täzeligiň adamlara mundan öň bolan betbagtçylykly wakalardan soň öňi alnan raýdaşlyk tagallalaryny ýatladandygyny aýtdy.
Aýdylmagyna görä, Aşgabatdaky rus ilçihanasynyň öňünde goýlan gül çemenleri häkimiýetleriň biraz öň, 24-nji fewralda, ukrain ilçihanasynyň öňünde gül goýan adamlara garşy gören ‘gorkuzma çärelerini’ ýatlatdy.
“Rus konsulhanasyndan tapawutlylykda, şu ýylyň 24-nji fewralynda paýtagtdaky ukrain ilçihanasynyň öňünde gül goýmakçy bolan birnäçe türkmen raýaty tutulyp, Berkararlyk we Köpetdag etrap MHM bölümlerinde soraga çekildi, olara jerime salyndy, "mundan beýläk bu hili syýasy hereket etmekçi bolsaňyz, türmä basylarsyňyz" diýlip haýbaty atyldy. Ol adamlar Putiniň Ukraina garşy başlan rehimsiz urşunyň pidasy bolan ukrain çagalaryny, enelerini we garrylaryny ýatlamakçy bolupdylar” diýip, ýerli synçy MHM-däki çeşmelerine salgylanyp aýtdy.
Russiýa, Ukraina bilen bagly wakalardan başga, türkmen häkimiýetleri ýerli wakalar bilen baglylykda hem, raýatlaryň ol ýa-da beýleki meselede bildirjek bolan duýgudaşlygyna mundan öňem gadaganlyk girizipdiler. Bu gadaganlyk hususan-da raýatlaryň kyn ýagdaýa düşen ildeşlerine bildirýän raýdaşlygynyň öňüniň baglanmagynda görünýär we köp sorag döredýär diýip, synçy aýtdy.
Mysal üçin, 2020-nji ýylda bolan ýel-tupandan soň aşgabatly, daşoguzly we maryly telekeçileriň öz güýçleri bilen ýygnan kömek ýüklerini Lebapda ejir çeken adamlara eltip bermeklerine ýol bermediler.
2021-nji ýylda bolsa, daşoguzly etniki özbek ýetginjegi Süleýman Tursunbaýewiň ýas günlerinde hem, ýaş pälwanyň ýas çärelerine goşuljak bolan adamlaryň öňüni almak üçin, berk çäklendirmeler girizildi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum