Rus häkimiýetleriniň Kreml garşydaşynyň jesedini maşgalasyna bermekden ýüz öwürmegi netijesinde dörän gahar-gazabyň barha güýçlenmeginiň arasynda, “Meduza” habar gullugynyň ýazmagyna görä, Alekseý Nawalnynyň jesediniň maşgalasyna gowşurylmagyny talap edip, 67 000-den gowrak rus raýaty ýurduň Derňew komitetine resmi hat iberdi.
OVD-Info adam hukuklary topary tarapyndan başlanan başlangyç, rus häkimiýetleriniň 16-njy fewralda uzakdaky Arktika türmesinde saklanylýan oppozisiýa lideriniň ölendigini yglan etmegi bilen, Ýewropa Bileleşiginiň Nawalnynyň ölümi boýunça garaşsyz halkara derňewiniň geçiririlmegine çagyran wagtyna gabat geldi.
Kreml tankytçysynyň dul galan aýaly Ýuliýa Nawalnaýa açyk çykyş edip, adamsynyň ölüminde Russiýanyň prezidenti Wladimir Putini günäkärleýändigini aýtdy we Kremle garşy göreşini dowam etdirjekdigini, ýanýoldaşynyň ölümine sebäp bolanlary jezalandyrjakdygyny aýtdy.
OVD-Info neşiriniň başlangyjy raýatlara onlaýn arkaly talaplaryny ibermäge mümkinçilik berýän Dyatel (Woodpecker) hyzmatyny ulanýar.
Nawalnynyň metbugat wekili Kira Ýarmyşyň 19-njy fewralda ozalky Twitter, häzirki X platformasynda ýazmagyna görä, rus resmileri jesedi doly gözden geçirmegiň iki hepde wagt aljakdygyny aýtdy.
"Derňewçiler aklawçylara we Alekseýiň ejesine jesedi bermejekdiklerini aýtdylar. Jeset ýene 14 günläp haýsydyr bir ‘himiki barlagdan’ geçiriler" diýip, Ýarmyş aýtdy.
"Olar ýalan sözleýärler, özleri üçin wagt utjak bolýarlar, hatda muny gizläp hem durmaýarlar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Ýewropa Bileleşiginiň Brýusselde duşuşan daşary işler ministrleri, Nawalnynyň ölümindäki jogapkärçiligini nazara alyp, Moskwa garşy goşmaça sanksiýalaryň girizilmegine çagyrdylar.
"Russiýa onuň tarpa-taýyn ölüminiň töweregindäki ýagdaýlar boýunça garaşsyz we aç-açan halkara derňewiniň geçirilmegine rugsat bermeli" diýip, ministrleriň beýanatynda aýdylýar.
"ÝB Russiýanyň syýasy ýolbaşçylaryny we häkimiýetlerini jogapkärçilige çekmek üçin, olaryň edýän hereketleriniň özlerine has gymmat düşmegi üçin, öz hyzmatdaşlarymyz bilen ýakyn utgaşyklykda, şol sanda sanksiýalar arkaly, hiç bir tagallany gaýgyrmaz" diýip, beýanatda aýdylýar.
Soňky ýyllarda öz hukuklary babatynda Kremliň berk tankytçysyna öwrülen Nawalnaýa, 27 agzaly toparyň goldawyny almak üçin Brýusselde baryp, "öz ýurdy üçin göreşmegi dowam etdirjekdigine" söz berdi.
"Wladimir Putin üç gün öň meniň adamym Alekseý Nawalnyny öldürdi" diýip, Ýuliýa Nawalnaýa öňki twittered, häzirki X platformasynda çap eden iki minutlyk wideo ýazgysynda aýtdy.
Iki çagasy bilen bilelikde daşary ýurtda ýaşaýan Nawalnaýa 16-njy fewralda, Nawalnynyň uzakdaky "Polýar gurdy" türmesinde, Arktika koloniýasynda ýogalandygy baradaky habarlar peýda bolanda, uly halkara howpsuzlyk konferensiýasyna gatnaşmak üçin Mýunhene gelipdi.
Ekstremizmde we korrupsiýa ulaşmak ýaly beýleki jenaýatlarda aýyplanan, tankytçylaryň aýtmagyna görä, korrupsiýa garşy we syýasy işleri üçin jezalandyrylan Nawalny golaýda, 19 ýyllyk türme möhletini geçirmegi üçin, Arktika türmesine geçirilipdi.
"Men Alekseý Nawalnynyň işini dowam etdirerin" diýip, Nawalnaýa aýtdy. "Ýurdumyz üçin söweşmegi dowam etdirerin. Men sizi bu göreşde ýanymda durmaga çagyrýaryn" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Ol öz tarapdarlaryny Kremle garşy "öňkülerinden has hyjuwly" söweşmäge çagyrdy we özüniň "azat Russiýada" ýaşamak isleýändigini aýtdy.
Ýyllar boýy Nawalnynyň adynyň agzalmagyndan gaça durýan Kreml 19-njy fewralda derňewiň dowam edýändigini, onuň rus kanunlaryna laýyklykda geçiriljekdigini aýdyp, resmi dymyşlygyny bozdy. Şeýle-de, Kreml Nawalnynyň jesediniň hossarlaryna haçan tabşyryljakdygy baradaky meseläni özüniň, ýagny Kremliň çözmeli däldigini aýtdy.
Nawalny, Kremliň başgaça pikir edýänleri we söz azatlygyny basyp ýatyrmak ugrunda görýän rehimsiz çäreleriniň arasynda, Ukrainadaky uruş başlanaly bäri daşary ýurtlarda ýa-da ýurt içinde şübheli ýagdaýlarda ölen Putin garşydaşlarynyň sanawyndaky iň möhüm adamlaryňbiri bolup durýar.
16-njy fewralda ölendigi yglan edileli bäri, rus polisiýasy adamlaryň Nawalnyny hormatlamak üçin gül we şem goýýan ýadygärlikleriniň daşyny gabadylar we öz-özünden jemlenen raýatlary dargatdy.
Nawalnynyň ölümi bilen baglylykda, ýurduň dürli künjeklerinde ýerleşýän onlarça şäherde gül goýmaga gelip, kanun bozmakda güman edilen adamlaryň 430-dan gowragynyň tussag edilendigi habar berilýär.
Forum