Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Okuwçylar sanly kitaphanalara gönükdirilýär, ýöne Internetiň haýal tizligi mümkinçilikleri çäklendirýär


Bezeg suraty. Orta mekdeplerde dowam edýan kitap ýetmezçiliginiň arasynda, okuwçylara elektron kitaplardan peýdalanmak maslahat berilýär.
Bezeg suraty. Orta mekdeplerde dowam edýan kitap ýetmezçiliginiň arasynda, okuwçylara elektron kitaplardan peýdalanmak maslahat berilýär.

Mary welaýatynyň orta mekdeplerinde soňky ýyllarda okuw kitaplarynyň ýetmezçiliginiň has-da ýitileşmegi bilen, okuwçylara sanly kitaphanalardan peýdalanmak maslahat berilýär. Ýöne Internetiň pes tizligi bilim mümkinçiliklerini çäklendirýär. Onlaýn aragatnaşygyň hili juda pes bolmagynda galýar.

Kitap ýetmezçiliginiň arasynda mugallymlar okuwçylary wagtal-wagtal sanly kitaphanalardan peýdalanmaga çagyrýarlar, hususan-da ýokary synplarda bu ýagdaý şeýle diýip, bir bilim işgäri anonim şertlerde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanda onlaýn maglumat giňişligi berk döwlet gözegçiliginiň astynda galýar. Şol bir wagtda, okuwçy ýaşlaryň isleglerini kanagatlandyryp biljek bitewi sanly bilim ulgamlarynyň gerimi giňemeýär.

Ýurtda häkimiýetler tarapyndan Internet ulgamyna umuman ätiýaçly çemeleşilmegi, sanly ulgamlaryň hödürleýän mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylmagyny, sanly kitaphanalaryň we elektron kitaplaryň sanynyň artdyrylmagyny bökdeýän ýaly bolup görünýär. Galyberse-de, sanly ulgamlaryň maddy enjamlaýyn binýadynyň, halkara ülňülerine laýyklykda, mynasyp berkidilmezligi okuwçy ýaşlaryň onlaýn bilim mümkinçiliklerini çäklendirýär.

Ýöne Mary welaýatynyň orta mekeplerinde okuwçylar entek kagyz kitaplar bilen doly üpjün edilmeýän wagtynda, elektron kitaplar ähmiýete eýe bolýar. Hususan-da, ýokary synp mekdep okuwçylary elektron kitaphanalara gönükdirilýärler.

“Okuw kitaplaryny Internet arkaly okamak maslahat berilýär. Zerur okuw gollanmalary tapylmasa, bu ýagdaý okuwçylaryň bahalaryna, ýetişigine ýaramaz täsir edýär. Aýratyn-da, orta mekdebi tamamlaýan ýaşlar, ýokary synplaryň okuwçylary kösenýärler” diýip, bilim işgäri aýdýar.

Türkmenistanda häkimiýetler, mekdep resmileri we polisiýanyň ýetginjekler bölümleri wagtal-wagtal mekdeplerde duýdansyz barlaglary geçirip, okuwçylaryň akylly telefonlaryny barlap durýarlar. Bu ýagdaý Türkmenistanda ýaşlaryň arasynda Internetden, akylly telefonlardan peýdalanmagyň “howpsuzlygy” babatynda sorag döredip, olary oýlanyşykly hereket itmäge iterýär.

Ýatlasak, geçen hepdäniň başynda, 22-nji ýanwarda paýtagt Aşgabadyň mekdepleriniň birinde duýdansyz barlag geçirilip, okuwçylaryň akylly telefonlary barlanyldy, VPN ulanýan okuwçylar ýüze çykaryldy.

Şonda häkimiýetler “syýasy we jemgyýetçilik durnuklylygyna wehim hasaplanmaýan” maglumatlar tapylmadyk telefonlary eýelerine gaýtaryp berdi.

Türkmenistanda köplenç özge pikirler, hökümetiň alyp barýan syýasatynyň onlaýn ulgamlarda tankytlanylmagy “syýasy we jemgyýetçilik durnuklylygyna” abanýan milli howpsuzlyk meseleleriniň hatarynda kabul edilýär. Resmi ritorika gabat gelmeýän syýasy garaýyşlaryň isle wirtual giňişlikde, isle fiziki giňişlikde aç-açan beýan edilmegi yzarlamalara getirip bilýär.

Ýöne ýurtda hususan-da soňky ýyllarda sanly hyzmatlara bolan talap artýar.

Ýanwaryň başynda ýurduň iň iri Internet bazarlarynyň biri wagtlaýyn ýapyldy. Bu ýagdaý ýerli ulanyjylaryň onlaýn bazarlardan yzygiderli peýdalanýandygyny görkezdi. Sebäbi, onlaýn bazaryň ýapylmagy sosial media ulanyjylarynyň arasynda, şol sanda TikTok-da gyzgalaňly ara alyp maslahatlaşmalara ýol açdy. Dört gün dowam eden arakesmeden soňra Internet bazary gaýtadan açyldy.

Ýurduň iň iri söwda we bildiriş portallarynyň biri bolan Tmcars.Info saýtynyň üsti bilen harytlar we hyzmatlar alyşylýar. Adamlar bu saýtyň üsti bilen maşyn alýar ýa-da satýar, iş gözleýär, awtoulaglara zerur bolan ätiýaç şaýlaryny gözleýär, emläk satýar, kireýine jaý gözleýär, hatda iri we ownuk şahly mallaryň söwdasy hem bu ulgamyň üsti bilen geleşilip bilinýär.

Ýöne wagtal-wagtal ýüze çykýan onlaýn kezzaplar we hilegärlik hadysalary onlaýn söwda portallaryna bolan ynamy sarsdyrýar.

Internetiň pes tizligi hem onuň hyrydarlarynyň lapyny keç edýär. Çäkli mümkinçilikleriň fonunda, mekdep okuwçylary elektron kitaplara we okuw gollanmalaryna ýykgyn edýärler.

Döwlet mediasy ýurtda bitewi kitaphana ulgamynyň kämilleşdirilmegi, bu ulgama sanly hyzmatlaryň ornaşdyrylmagy barada wagtal-wagtal habar berýär.

Ýatlasak, 2018-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet kitaphanasynyň işi bilen tanyş bolup, bu ulgama sanly hyzmatlaryň ornaşdyrylmagynyň ähmiýeti barada gürrüň etdi.

Hökümet resmileri soňky birnäçe ýyl bäri bitewi onlaýn kitaphana ulgamynyň döredilmegi barada wagtal-wagtal gürrüň edýärler. Ýöne heniz ýurtda bitewi onlaýn kitaphana ulgamy esaslandyrylmady.

Mekdep okuwçylary aýry-aýry Internet saýtlaryna özbaşdak ýüklenilýän elektron okuw gollanmalaryna ýüz tutýarlar.

Resmi sanlara görä, Türkmenistanda häzirki wagtda 230 sany döwlet we jemgyýetçilik kitaphanalary bar. Olaryň kitap gaznasynda, döwlet mediasynda aýdylmagyna görä, 11 milliona golaý neşir önümleri bar. Ýöne ýurduň media we metbugat giňişligine diňe prezidentleriň awtorlygynda köpçülige ýetirilen kitaplar agalyk edýär. Orta mekdepler üçin okuw gollanmalarynyň ýörite onlaýn gaznasy ýok.

Bu aralykda, Mary welaýatynda mekdep okuwçylary elektron okuw gollanmalaryna ugrukdyrylýan mahaly, Internet aragatnaşygynyň hili juda pes bolmagynda galýar.

“Ýurtda VPN-siz işleýän ýeke-täk IMO messenjeri hem kadaly işlemeýär” diýip, bir maryly ýaşaýjy gürrüň berýär.

“Soňky wagtlarda Internetiň tizligi has-da peselýär” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Ýöne diňe bir Internet däl, eýsem, ýurduň ýeke-täk mobil operatory bolan “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň hödürleýän hyzmatlary hem kadaly işlemeýär, jaňlar wagtynda gitmeýär, SMS-ler gijä galyp barýar.

“Altyn Asyr” dekabryň başlarynda 71-lik bilen başlanýan täze telefon belgilerini ulanyşa girizdi. Birnäçe abonent täze belgiler birikdirilen telefonlarda Internetiň kadaly işlemeýändigini aýdýar.

Türkmenistanyň aragatnaşyk ulgamyna Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we aragatnaşyk agentligi gözegçilik edýär. Beýleki pudaklarda bolşy ýaly, aragatnaşyk kärhanalary hem berk döwlet gözegçiliginde bolup, “Türkmentelekom” we “Altyn Asyr” aragatnaşyk kärhanalary monopoliýanyň giň mümkinçiliklerinden peýdalanýar.

Azatlyk Radiosy Mary welaýatynyň mekdeplerindäki kitap ýetmezçiligi we elektron kitaplaryň meşhurlyk gazanmagy barada welaýat bilim müdirliginden teswir alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG