Şu günler Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň orta mekdeplerinde Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň portretlerini, şeýle-de ýylyň şygarlary ýazylan plakatlary satyn almak üçin, mugallymlardan pul toplanýar. Mugallymlar pul tapmakda kösenýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 16-njy ýanwarda sebitden maglumat berdi.
Her bir mugallym ýylyň şygarlaryny çalyşmak üçin 25 manat, portretler üçin 65 manat pul tölemeli bolýar. Prezidentiň kitabynyň bahasy 148 manat.
“Etrapdaky birnäçe mekdebiň mugallymlary özlerinden talap edilýän pullary tapyp bilmänsoň, duşenbe güni her bir okuwça 10 manat möçberinde ‘salgyt’ saldylar” diýip, bir bilim işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Şu ýyl Türkmenistanda býujet işgärleriniň zähmet haklary Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli möhletinden öň, 20-nji dekabra çenli geçirildi.
Aýlyklaryň, döwlet kömek pullarynyň we pensiýalaryň tölenilmeginden bäri, tas bir aýa golaý wagt geçdi.
Kyn ýeri, balkanly mugallymlar dekabrda özleriniň iki aýyň zähmet hakyny – dekabr aýy üçin-de, ýanwar aýy üçin-de aýlyk haklaryny – kabul edip alandyklaryny aýdýarlar.
Iki aýyň zähmet hakyny öňünden alan bilim işgärleri, öňki we häzirki prezidentleriň portretlerini, şeýle-de ýylyň şygarlary ýazylan plakatlary çalyşmak üçin, pullarynyň eýýäm gutarandygyny aýdýarlar.
Türkmenistanda dowam edýän maliýe-ykdysady kynçylyklar ilatyň gapjygyna agram salýar. Iki aýyň zähmet haky, Täze ýyl baýramçylygynyň çykdajylaryny hem hasaba goşanyňda, görnüşinden, bary-ýogy bir aý oňuşmaga ýetýär. Üstesine, ýylyň başynda prezidentiň portretlerini we ýylyň şygarlaryny çalyşmak üçin çykdajy etmeli bolýar.
Türkmenistanda indi her bir ýyly belli bir şygar astynda kabul etmeklik däbe öwrüldi. Türkmen mejlisi dekabryň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň bir şygyr setirini ýylyň şygary yglan etdi. “Pähim-paýhas ummany, Magtymguly Pyragy” Türkmenistanda 2024-nji ýylyň şygary boldy.
Ýylyň şygarynyň çalyşylmagy, ýurduň ähli künjeklerinde ýylyň şygary ýazylan plakatlaryň we bilbordlaryň hem çalşyrylmalydygyny aňladýar. Bu bolsa, hem býujet işgärlerine, hem-de edara-kärhanalara goşmaça çykdajy getirýär.
Ýöne 2024-nji ýyl býujet işgärleri üçin goşa çykdajyny öz ýany bilen getirdi. Sebäbi, Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow dekabryň ahyrynda özüniň “Ýaşlar – watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabyny türkmen halkyna “sowgat” etdi. Bu bolsa mugallymlaryň mejbury çykdajylaryny iki esse artdyrdy. Ýöne diňe şygar, ýa-da kitap däl, eýsem, portretler hem täzelenilmeli edildi. Özi hem diňe bir prezidentiň portretleri däl, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem portretleri çalşyrylmaly. Olaryň iksiniň-de ellerinde “ýaşlaryň ýan kitabyny” göterip düşen portretleri edara-kärhanalara asylmaly. Şeýlelikde, bir şygar, iki portret çalşyrylmaly, bir kitap satyn alynmaly.
Balkanda Azatlygyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolan ikinji bir magaryf işgäri 148 manat möçberinde pul töläp, täze kitaby satyn alandygyny gürrüň berýär.
“Ýanwaryň başynda 148 manat pul töläp, prezidentiň täze kitabyny satyn aldyk. Gazet-žurnallar üçin 106 manat töledik. Indi şygarlara we portretlere-de pul çykarmaly” diýip, orta ýaşly mugallym aýdýar.
“Biz mugallymlar bolup, öz üstümize ýüklenilýän pullary okuwçylaryň üstüne ýüklemegi göz öňünde tutýarys” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.
Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylda çykdajylar goşa goşadan geldi. Ýyl öz ýany bilen täze şygary we täze kitaby getirdi. Üstesine, ata we ogul Berdimuhamedowlaryň ikisiniň-de portretlerini çalyşmaly. Olar portretlerde ellerinde kitap göterip duran halda görkezilmeli. Kitap – prezidentiň kitaby: “Ýaşlar – watanyň daýanjy”
Balkanly bir ýaş mugallym Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde özüniň hal-ahwaly barada gürrüň berdi:
“Ýanwarda býujet işgärlerinde pul bolmaýar. Dekabrda aýlyklary öňünden aldyk. Bu aý maşgalamyzyň çörek puly gaýgy” diýip, ol aýtdy. Üstesine, şygarlara, plakatlara, portretlere we kitaplara pul çykarmaly.
Ýene bir mugallym özüniň iş ýüküniň bir stawka sähel ýetmeýändigini aýdýar.
“Bir stawka mugallymyň aýlyk haky 2210 manat bolýar. Meniň aýlygym 1800 manat. Aýalym işsiz. Üç çagam bar. Maşgalany eklemek agyr. Şäherde azyk-harytlarynyň bahalary gymmat” diýip, magaryf işgäri aýdýar we goşmaça çykdajylary zerur däl hasaplaýandygyny belläp, sözüniň üstüni ýetirýär.
Azatlyk Radiosynda mekdepleriň belgileri, mugallymlaryň atlary we familiýalary bar, ýöne redaksiýa olary agzamakdan saklanýar.
Türkmenistanda işsizligiň derejesini görkezýän takyk statistiki maglumatlar köpçülige elýeterli däl. Ýöne döwlet edara-kärhanalary ilatyň esasy iş üpjünçileri hasaplanýar.
Döwlet edara-kärhanalarynda işlemegiň hem öz şertleri we talaplary bar. Şol talaplardan biri hem, häkimiýetler tarapyndan talap edilende, pul bermeli.
Dürli düşündirişler esasynda häkimiýetler tarapyndan býujet işgärlerinden pul talap edilip bilinýär. Soralýan pullar “tebigaty goramaga”, “prezidentiň portretlerini satyn almaga”, “pagta ýygym möwsümine goşant goşmaga”, “köpçülikleýin tigirli çärelerde tigir satyn almaga” diýen ýaly görkezmelere esaslanyp bilýär. Görkezmeler dilden berilýär, ýöne berk berjaý edilýär.
Bu gezek Balkanda portretleri, şygarlary we prezidentiň kitaplaryny satyn almak üçin pul toplanýar.
Zerur bolan pul serişdelerini toplamak üçin, býujet işgärlerine möhlet berilýär. Köplenç şol möhlet tamamlanmanka, pul tabşyryklarynyň doly berjaý edilmegi talap edilýär.
“Etrap bilim müdirligi portretler we şygarlar üçin 17-nji ýanwara çenli möhlet berdi. Bu wagt möhletiniň dowamynda pullar doly toplanylmaly” diýip, bir mekdep resmisi Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Mekdep müdirleri soralýan pullaryň möhletinden öň geçirilmegi üçin, bar bolan ähli mümkinçilikleriň gaýgyrylmazlygyny maslahat berýärler.
“Nireden hem bolsa, pul tapyň! Prosentine karzyna alyp bilýän bolsaňyz, alyň! Soralýan pullary tapyp bilmeseňiz, arzaňyzy ýazyň-da, gidiberiň!” diýip, bir mugallym mekdep müdiriniň aýdan sözlerini sitirleýär.
Balkanyň mekdeplerinden mugallymlardan toplanýan pullar Aşgabada iberilýär.
Gaýtalap aýtsak, 2024-nji ýyl Türkmenistanda “Pähim-paýhas ummany, Magtymguly Pyragy ýyly" yglan edildi. Täze ýylyň öň ýany, prezident Berdimuhamedow özüniň “Ýaşlar – watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabynyň çapdan çykandygyny yglan etdi. Munuň yz ýany, Berdimuhamedowlar täze kitaby göterip surata düşdüler. Bu çäreleriň ählisi býujet işgärlerine gymmada düşdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum