Balkanyň häkimiýetleri sebitde köpçülikleýin çäreleriň ýene birnäçesini geçirdiler. Bu çärelere býujet we sungat işgärleriniň, telekeçileriň ýüzlerçesi mejbury gatnaşdyryldy. Döwlet telewideniýesine öňünden reportaž taýýarlamak üçin geçirilen çärelerde prezidentiň ýazan kitabynyň propagandasy ýaýbaňlandy.
Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysynyň maglumatyna görä, 3-nji ýanwarda ir sagat 6-da Türkmenbaşy şäherinden 10 sany awtobus Balkanabada tarap ugrady.
Olarda edara-kärhanalaryň, şol sanda zenanlar guramasynyň, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş, sport, myhmanhana, harby-hukuk goraýjy işgärler, telekeçiler we şahyrlar bardy.
“Olar Balkanabatda türkmen TW-si üçin wideo düşüriljek çärelere gatnaşýarlar. Her etrapdan 300 adamdan ybarat owadan milli geýimli, ýaşy 45-den aşmadyk býujet işgärleri saýlanyp alyndy” diýip, ýagdaýlardan habarly býujet işgäri anonim şertde aýtdy.
Çäreler welaýat kitaphanasynda, Ak öý binasynda, Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky sazly drama teatrda we welaýat muzeýinde surata düşürildi. Munuň bilen bagly, Balkanabadyň merkezi köçeleriniň azyndan iki sanysy ýapyldy.
“Çärelerde prezidentiň ýazandygy aýdylýan kitap giňden wasp edildi. Bu çäreleriň öňümizdäki günlerde döwlet telewideniýesinde efire beriljekdigi aýdyldy” diýip, býujet işgäri belledi.
Habarçymyň tassyklamagyna görä, Türkmenbaşydan we welaýatyň beýleki etraplaryndan baran býujet işgärleri 4-nji ýanwarda günortan öýlerine dolanarlar. Býujet işgärlerini öz hasaplaryna Balkanabatdaky myhmanhanalara ýerleşdirmek tabşyryldy.
“Her bir býujet işgäri standart otag üçin 135 manat tölemeli bolýar. Käbir býujetçiler bu çykdajydan başga-da, çäre üçin gözellik salonlaryna we lybaslara hem pul çykdajy etmeli boldular” diýip, býujet işgäri belledi.
Balkanabat bilen bir wagtda Awazada hem kiçi sahnalar guralyp, prezidentiň ýazan kitabyny wagyz etmek boýunça çäreler geçirildi.
“Deňiz kenarynda eli kitaply talyp ýaşlar özleriçe kitaby reklama etdiler. Bu kitabyň haýsydyr bir kategoriýa boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna giriziljekdigi hem aýdylýar” diýip, türkmenbaşyly başga bir býujet işgäri belledi.
Azatlyk bu çäreler barada ýerli häkimiýetlerden kommentariý alyp bilmedi.
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 25-nji dekabrda geçiren iş maslahatynyň başynda ýurduň ýaşlaryna bagyşlap ýazan ilkinji kitabynyň çapdan çykandygyny aýtdy.
“Ýaşlaryň gazanýan üstünlikleri bizi örän guwandyrýar. Ýakynda ‘Ýaşlar — Watanyň daýanjy’ atly kitabym çapdan çykdy. Onda ýurdumyzyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten sepgitleriniň, gazanan üstünlikleriniň jemi jemlenýär” diýip, TDH prezidentiň sözlerini sitirledi.
Türkmenistan garaşsyzlygyny alansoň, ýurtda döwlet baştutanlarynyň ýazandygy aýdylýan kitaplaryň çapdan çykmagy we onuň döwlet derejesinde propaganda edilmegi adaty tejribä öwrüldi.
Türkmenistanda häzirki döwlet baştutanynyň kakasy, Gurbanguly Berdimumamedow 2007-nji ýylda prezident bolanyndan soň, onuň 60-a golaý kitaby çapdan çykdy. Bu kitaplaryň käbiri birden üç dilde çap edildi.
Munuň bilen bir wagtda, ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň adyndan çap edilen kitaplar okuw programmalaryndan we wagyz çärelerinden ‘gysylyp çykaryldy’.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum