Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanyň birnäçe edara-kärhanasynda işgärleriň zähmet haklary gijikdirilýär


Gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň işçileri bäş aý bäri zähmet haklaryny alyp bilmeýärler. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy
Gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň işçileri bäş aý bäri zähmet haklaryny alyp bilmeýärler. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy

Hazar deňziniň ýakasynda ýerleşýän Balkan welaýatynda gämiçi ussalar, iri balykçylyk kärhanasynyň işgärleri we transport işçileriniň ençemesi özleriniň aýlyk zähmet haklarynyň 4-5 aý bäri gijikdirilýändigini aýdýarlar.

Zähmet haklarynyň gijikdirilmegi günbatar sebitiň Gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda, “Hazar Balyk” kärhanasynda we Türkmenbaşy şäheriniň awtomobil parkynda bolup geçýär.

150-den gowrak işgäri bolan gämiçilik kärhanasynyň işçileri öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirendiklerine garamazdan, bäş aý çemesi wagt bäri zähmet haklarynyň tölenilmeýändigini aýdýarlar.

“Döwlet gämiçi ussalara hojalyk hasaplaşygyna meňzeş usulda töleg töleýär. Ýagny, ýerine ýetirilen işlere laýyklykda hasaplaşyk geçirilýär. Meselem, bir tonna polat işlenilse, kärhananyň hasabyna takmynan 20 müň manat möçberinde töleg geçirilýär. Ýönekeý işçileriň iş sagadyna 5 manat 50 teňňe möçberinde hak tölenýär. Kärhana öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirdi. Meýilnamalar berjaý edildi. Muňa garamazdan, bäş aý bäri zähmet haklary tölenilmeýär” diýip, Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň kebşir bölüminiň bir hünärmeni aýdýar.

Emele gelen bu ýagdaý kompaniýada 10-dan gowrak işçiniň işden aýrylmagyna getiripdir. Hünärmeniň sözlerine görä, zawodyň gämiçileri (gämileriň kapitanlary) we ofis işgärleri, buhgalterler, ýagny gaznaçylar zähmet haklaryny kabul edipdirler. Ýöne işçileriň aýlyklary gijikdirilýär. Gijikmeler gämiçi ussalaryň, ýönekeý işçileriň hem-de ýükçileriň güzeran şertlerini kynlaşdyrýar.

Sebitde ýerleşýän “Hazar Balyk” kärhanasynyň işgärleri hem birmeňzeş ýagdaýlary başdan geçirýärler. Olar özleriniň zähmet haklarynyň dört aý çemesi wagt bäri tölenilmeýändigini aýdýarlar. Onsuz hem soňky iki ýyldan gowrak wagtyň dowamynda balykçylyk kärhanasynyň bekre balyklaryny ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen bölümlerinde önümçiligiň depgini peselipdir, iş orunlary kemeldilipdir. Balykçy hojalygyň işgärleri häzirki wagtda diňe kilka balyklaryny gaplaýjy bölümde önümçiligiň dowam etdirilýändigini aýdýarlar. Ozalky ýyllarda “Hazar Balyk” kärhanasy 500-den gowrak adamy iş bilen üpjün edýän ekeni, ýöne soňky wagtlarda kärhana özüniň işçi güýjüniň ýarysyndan gowragyny ýitiripdir.

“Kärhanada häzirki wagtda kilka balyklaryndan başga balyk öndürilmeýär. “Hazar Balyk” wagtyň geçmegi bilen kiçijik önümçilik kärhanasyna öwrülip barýar” diýip, bir balykçy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenbaşy şäheriniň bir transport kärhanasynda hem takmynan awgust aýyndan bäri ençeme işgärleriň aýlyk zähmet haklary tölenilmeýär.

“Ulag parkynyň taksi sürüjileri, mehaniki ussalar, awtobus sürüjileri dört aý bäri aýlyksyz işleýär” diýip, bir transport işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda, edara-kärhanalaryň işgärleri özleriniň zähmet haklarynyň tölenilmegine garaşýarlar.

Ozalky ýyllarda Türkmenistanda dekabryň aýlyk haklarynyň baýramçylyk mynasybetli öňünden tölenen pursatlary hem bolupdy.

Hazaryň kenarynda ýerleşýän “Balkan” Gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bolup, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty bu kärhanadan 80 göterim paý alýar.

Kompaniýa özüniň ýyllyk kuwwatynyň 10 müň tonna polady işläp, her ýyl 4-6 sany gämini gurmaga, 20-30 sany gämide abatlaýyş işlerini geçirmäge mümkinçiliginiň bardygyny aýdýar.

"Türkmendeňizderýaýollary" agentligi gämi gurluşyk kärhanasyna gözegçilik edýär.

“Hazar Balyk” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Hazar deňziniň kenaryndaky goraghana zolagynda balyklary suwda ösdürip ýetişdirýär we balyk önümlerini gaýtadan işleýär.

2018-nji ýylda “Balkan Balyk” döwlet kärhanalary we “Türkmen Balyk” söwda öýi hususylaşdyrylyp, “Hazar Balyk” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine goşuldy.

Günbatar sebitdäki edara-kärhanalarda işgärleriň zähmet haklarynyň gijikdirilmegi ýurtda ykdysady kynçylyklaryň dowam edýän wagtynda bolup geçýär.

Edara-kärhanalarda we guramalarda zähmet haklarynyň wagtly-wagtynda tölenilmegi bilen bagly meseleler 18-nji dekabrda prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan hem gün tertibine getirildi.

Prezident “iş maslahatynyň dowamynda Täze ýyl mynasybetli dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi, baýramçylyk günlerinde bazarlaryň we dükanlaryň dürli azyk harytlary bilen bolelin, elýeterli bahalardan üpjün edilmegi, aýlyk zähmet haklarynyň öz wagtynda tölenilmegi babatda welaýatlaryň häkimlerine degişli tabşyryklary berdi” diýip, TDH ýazýar.

Şeýle-de, ähli welaýatlaryň häkimleri prezidente beren hasabatlarynda öz sebitlerinde ýerleşýän edara-kärhanalarda we guramalarda “işgärleriň aýlyk zähmet haklaryny tölemek ugrunda zerur işleriň geçirilýändigini” aýtdylar.

Azatlyk Radiosy aýlyklaryň gijikdirilmegi boýunça Gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyndan, “Hazar Balyk” kärhanasyndan hem-de Türkmenbaşynyň transport resmilerinden teswir alyp bilmedi.

Mundan ozal, Türkmenistanyň dürli sebitlerinde şu ýylyň aprel aýynda ilatyň döwlet kömek pullarynyň we pensiýalarynyň gijikdirilmegi bilen bagly meseleler ýüze çykdy.

Şeýle-de, dekabryň birinji ýarymynda Balkan sebitiniň hem-de paýtagt Aşgabadyň köp sanly bankomatlarynda nagt ýetmezçiligi ýüze çykdy.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki media serişdeleri ýurtda zähmet haklarynyň gijikdirilmegi, hem-de nagt ýetmezçiliginiň ýüze çykmagy ýaly meseleler barada habar bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG