Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanyň bankomatlarynda nagt pul tapdyrmaýar


4-5-nji dekabrda Türkmenbaşynyň dürli künjegindäki bankomatlaryň öňünde gartaşan adamlaryň onlarçasy üýşdi. (Illýustrasiýa suraty)
4-5-nji dekabrda Türkmenbaşynyň dürli künjegindäki bankomatlaryň öňünde gartaşan adamlaryň onlarçasy üýşdi. (Illýustrasiýa suraty)

Balkanda ilatyň bank kartlaryndaky pensiýa we aýlyk haklaryny, şeýle-de kömek pullaryny nagtlaşdyrmak mümkinçiligi gaýtadan kynlaşýar. Şu günler welaýatyň bankomatlarynda nagt pul tapdyrmaýar. Bu ýagdaý, hususan-da, pensionerlere ýaramaz täsir edýär. Häkimiýetler bankomatlardaky nagt ýetmezçiligini söwda nokatlaryndaky töleg terminallarynda barlag geçirmek arkaly çözmäge çalyşýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy 5-nji dekabrda sebitden beren maglumatynda bankomatlarda emele gelen nagt ýetmezçiligini öňki prezidentiň döwründäki “maliýe krizisine” meňzedýär.

“Häzirki prezident Serdar Berdimuhamedowyň döwründe beýle pul gytçylygy bolmandy. Aýyň başyndan bäri Türkmenbaşy we Balkanabat şäherleriniň ýekeje bankomatynda hem pul ýok” diýip, habarçymyz belledi.

4-5-nji dekabrda Türkmenbaşynyň dürli künjegindäki bankomatlaryň öňünde gartaşan adamlaryň onlarçasy üýşdi. Olar pul tapman, bir bankomatdan beýlekisine gatnadylar.

“Pensionerleriň käbiri pul salnar diýen umyt bilen, gijesi bilen bankomatlaryň golaýynda nobata garaşdylar. Olary göreniňde gaty gynanýarsyň. Köp pensioner Awazanyň myhmanhanalaryna aýlanyp, olardaky bankomatlardan pul gözledi. Ýöne myhmanhanalardaky bankomatlaryň ýekejesinde hem pul ýok” diýip, türkmenbaşyly bir ýaşaýjy şaýat bolan ýagdaýlaryny gürrüň berdi.

Käbir pensionerler taksi sürüjilerinden kartlaryny berip goýberip, pensiýa haklaryny beýleki şäherlerdäki we etraplardaky bankomatlardan nagtlaşdyryp bermegi soraýarlar.

Ýöne welaýatyň beýleki sebitlerindäki bankomatlarda hem nagt puluň tapdyrmaýandygy sebäpli, olaryň bu synanyşyklary hem oňyn netije tapmaýar.

“Alýanymyz ujypsyz pul, ony hem nagtlaşdyrmak görgi. Döwletiň bu hereketi bilen pensionerler ‘tizräk ölüň’ diýip aýdýan ýaly duýýarys. Sebäbi söwda dükanlaryndaky töleg terminallaryny hem ýygnap alypdyrlar. Indi kartymyzy girewe goýup, prosentine pul alaýmasak başga alajymyz galmady. Öýlerimizde çörek ýok, dermanlarymyzy satyn alyp bilemizok” diýip, 69 ýaşly pensioner anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyz şu günler häkimiýetleriň bankomatlardaky nagt ýetmezçiligini söwda nokatlaryndaky töleg terminallaryny ýygnap, olarda barlag geçirmek arkaly çözmäge çalyşýandygyny hem aýdýar.

“Türkmenbaşynyň salgyt gullugy her bir dükanyň nagt pul girdejisini hem barlaýar. Häkimiýetler söwdadaky nagt pullary hem banklara aldyrmak üstünde iş alyp barýarlar” diýip, ýerli telekeçi anonim şertde habarçymyza aýtdy.

Häkimiýetler bankomatlarda nagt ýetmezçiligi we onuň sebäpleri barada ilata aç-açan düşündiriş bermeýärler.

Azatlygyň bu barada ýerli häkimiýetlerden, şol sanda bank resmilerinden we salgyt gullugyndan kommentariý almak synanyşyklary hem oňyn netije bermedi.

Ýöne “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik bankynyň ýerli edarasynyň bir işgäriniň anonim şertde aýtmagyna görä, nagt ýetmezçiliginiň sebäbi döwlet harmanyna pagta hasylyny tabşyran daýhanlar bilen hasaplaşyklaryň geçirilmegi bilen baglanyşykly.

“Gyzylarbat, Bereket we Magtymguly etraplarynda kärendeçi daýhanlaryň hasyl girdejileri tölendi. Bu, bankomatlarda nagt ýetmezçiligine getirýär” diýip, bank işgäri aýtdy.

Bu barada agzalýan bankdan resmi kommentariý alyp bolmady.

Häzirki wagtda ýurtda pagtany soňky hanasyna çenli ýygnap almak, ýygnalan hasyl üçin kärendeçiler bilen hasaplaşyklary geçirmek işleri dowam edýär.

Balkanda bankomatlarda nagt ýetmezçiligi bilen bagly ýagdaý soňky gezek awgust aýynda ýüze çykypdy. Şonda pensionerler we býujet işgärleri azyndan bir hepdeläp bank kartlaryndan puly çekip bilmändiler.

Soňky sekiz ýyl bäri Türkmenistan zähmet haklaryny, döwlet kömek pullaryny we pensiýalary raýatlaryň bank kartlaryna geçirýär. Raýatlar kartlaryndaky pullary diňe bankomatlarda nagtlaşdyryp bilýärler.

Häkimiýetler munuň sanly maliýe ulgamlaryny ilatyň durmuşyna ornaşdyrmak maksady bilen amal edilýändigini aýdýarlar. Şol bir wagtyň özünde, ilat bankomatlarda nagt ýetmezçiligi bilen yzygiderli ýüzbe-ýüz bolýar.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri bu ýagdaýlar barada düşündiriş ýa maglumat bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG