Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Derňew hasabaty: Gözellik merkezi 90% arzanladyş bilen Berdimuhamedowyň garyndaşlaryna satyldy


Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabatda 2020-nji ýylda ulanylmaga berlen Halkara estetiki bejeriş merkezi uly möçberlerdäki arzanladyş esasynda şol wagtky prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň garyndaşlary bilen ilteşikli kompaniýalara satylypdyr. Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa maglumatlary taslamasynyň (OCCRP) Turkmen.News we “Gundogar” neşirleri bilen bilelikde geçiren derňewleri bu maglumatlaryň üstüni açdy.

Türkmen paýtagtynyň günortasynda ýerleşýän iri gözellik merkeziniň gurluşygyna 51 milion ABŞ dollary möçberinde döwlet serişdesi sarp edildi. Bu desga 2020-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda ulanylmaga berildi. Açylyş dabarasyna şol wagtky prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Ýöne açylyşdan bary-ýogy iki gün ozal, prezidentiň karary bilen gözellik merkeziniň hususylaşdyrylmagyna rugsat berilýär. Şonda merkeziň bahasy milli pulda 155 million 750 müň manat hökmünde kesgitlenilýär. Bu möçber walýutanyň resmi alyş-çalyş bahasy boýunça 44,5 million dollara barabar bolýar. Ýöne Türkmenistanda walýutanyň gara bazary hereket edýär. Hususylaşdyrylýan desganyň satuwa çykarylan bahasy walýutanyň şol wagtky gara bazar bahasy boýunça (23,5 manat) takmynan 6,5 million dollara deň bolýar.

Bu söwdada döwlet gaznasy ýitgi çekýär. Gözellik merkeziniň täze eýeleri desganyň gurluşygyna dollaryň resmi kursy boýunça sarp edilen maliýe serişdelerinden, derňewlere görä, 90 göterim çemesi az pul tölemek mümkinçiligine eýe bolýarlar. Töleg 10 ýylyň içinde üzlüşilmeli edilýär.

Şeýlelikde, iri gözellik merkezi hususylaşdyrylýar. Onuň binýadynda “Aşgabat halkara estetiki bejeriş merkezi” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti esaslandyrylýar.

Derňew žurnalistleri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden syzan maglumatlaryň esasynda ýapyk paýdarlar jemgyýetiniň ýedi sany kompaniýadan ybarat bolandygyny anyklady. Şol kompaniýalaryň iki sanysy dolandyryjy maşgala bilen ilteşikli bolup durýar.

Derňewlere görä, olaryň biri “Ak Rowaç” söwda kärhanasydyr. Bu kärhana Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýegeni Şamyrat Rejepowyň eýeçiligindäki “Delanore Limited” kompaniýasyna wekilçilik edýän ekeni.

“Ak Rowaç” resmi taýdan Amanguly Ataniýazow atly bir adam tarapyndan dolandyrylýar. Ataniýazowyň telefon belgisi, derňewlere görä, köpler tarapyndan Şamyrat Rejepowyň işgäri hökmünde bellige alnypdyr.

Aşgabat halkara estetiki bejeriş merkezi ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine eýeçilik edýän ýedi kompaniýadan ikinjisi “Nurana Bedew” kärhanasy bolup durýar. Bu hojalyk kärhanasyna Rustam Bekdurdyýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýär. Bekdurdyýew, barlaglara görä, Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýal dogany Gülnabat Döwletowanyň beýleki bir gyzynyň adamsy bolan Ibabekir Bekdurdyýewiň erkek doganydyr.

Paýdarlar jemgyýetiniň düzümindäki beýleki kompaniýalar Berdimuhamedowlar bilen ilteşdirilmeýär.

Derňew işlerine görä, Aşgabat halkara estetiki bejeriş merkezi “Gözellik estetiki merkezi” hojalyk kärhanasy tarapyndan dolandyrylýar. Bu merkeze Gulýa Annanepesowa atly bir lukman ýolbaşçylyk edýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden syzan maglumatlarda estetiki bejeriş merkeziniň müdiriniň ady agzalmaýar. Ýöne merkeziň müdiriniň pasport maglumatlary, doglan senesi we ýaşaýan salgysy “Gözellik estetiki merkezi” hojalyk kärhanasynyň baş lukmany Annanepesowanyň maglumatlaryna gabat gelýär. Bu bolsa iki kompaniýanyň hem şol bir adam tarapyndan dolandyrylýan bolmagynyň mümkindigi baradaky ähtimallyklary güýçlendirýär.

Annanepesowa barada köp maglumat bilinmeýär. Ýöne ol şol wagtky prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurtlara amala aşyran azyndan iki döwlet saparynda – 2017-nji ýylyň oktýabr aýynda Katar döwletine hem-de 2019-njy ýylyň noýabr aýynda Italiýa amala aşyrylan döwlet saparlarynda – türkmen wekiliýetiniň düzümine girizilipdir.

Annanepesowa 2016-njy ýylyň oktýabr aýynda Garaşsyzlygyň 25 ýyllygy mynasybetli, “Gözellik estetiki merkezi” hojalyk kärhanasynyň açylmagyndan bir ýyl töweregi soňra bolsa, saglyk pudagynda bitiren hyzmatlary üçin, döwlet sylaglary bilen sylaglanypdyr. Ikinji sylagy kabul edijileriň sanawynda Annanepesowa “Gözellik estetiki merkeziniň” müdiri hökmünde görkezilýär.

Derňew žurnalistleriniň çeşmelerine görä, Annanepesowanyň adamsy Maksat Geldiýew Milli howpsuzlyk ministrliginiň kiber senzura gözegçilik edýän “Sekizinji bölüminde” işlän ekeni.

Žurnalistler bu hasabatda ady agzalan şahslardan teswir alyp bilmeýär.

Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa maglumatlary taslamasy, mundan ozal, ýerli hyzmatdaşlar bilen bilelikde, Berdimuhamedowlaryň ýakyn töwereginiň eýeçiligindäki beýleki kompaniýalaryň, şol sanda Altyn Asyr öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň eýeçilik durumy barada jemgyýetçilige bilinmeýän maglumatlaryň üstüni açdylar.

Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2006-2022-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň prezidenti boldy. Ol 2022-nji ýylyň 12-nji martynda ýokary döwlet wezipesini ogly Serdar Berdimuhamedowa geçirdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG