Lebap welaýatynyň merkezi şäheri Türkmenabatda býujet işgärleriniň, talyplaryň we ýaşulularyň gatnaşdyrylmagynda köpçülikleýin mejbury çäreleriň ýene biri geçirildi. Çäräniň dowamynda Hasyl toýy mynasybetli döwlet telewideniýesi üçin öňünden reportažlar taýýarlandy.
Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy bu gezekki çärä soňky aýlarda görlüp-eşidilmedik derejede köp adamyň gatnaşdyrylandygyny we onuň howa şertleri zerarly juda uzaga çekendigini aýdýar.
“8-nji noýabrda Ak öýüň öňündäki meýdançada geçirilen bu çärä býujet işgärleriniň 500 sanysy gök milli köýnekde, talyp ýaşlaryň 250 sanysy gyzyl milli köýnekde gelmeli edildi. Bu ýerde ýaşuly adamlaryň we eneleriň hem 10-dan gowragy bardy” diýip, lebaply býujet işgäri anonim şertde 9-njy noýabrda gürrüň berdi.
Býujetçileriň we talyplaryň birnäçesiniň habarçymyza aýtmagyna görä, döwlet telewideniýesi çäräni irden sagat takmynan 9:00-da wideo düşürip başlanda, Türkmenabatda güýçli ýel turdy.
“Bir sagat çemesi dowam eden ýelden soň, howa has-da ýaramazlaşyp, onuň düzümindäki hapa, tozan bölejikleri has-da artdy. Şondan soňra 11:30-da çäreçiler boşadyldy. Olara meýilleşdirilen çäräniň günüň ikinji ýarymynda geçiriljekdigi we onuň günortan sagat 2-de wideo düşürilip başlanjakdygy aýdyldy” diýip, lebaply talyp gürrüň berdi.
Onuň tassyklamagyna görä, aradan bir ýarym sagat geçip-geçmänkä, çäreçiler gaýtadan Ak öýüň öňündäki meýdança üýşdüler we döwlet telewideniýesi çäräni wideo düşürip başlady.
“Bu çäre giçlik sagat 6-a çenli dowam etdi. Býujet işgärleri, talyplar we ýaşulular tutuş güni diýen ýaly dik aýak üstünde geçirdiler. Hususan-da, ýaşulular we gartaşan býujet işgärleri kösendiler” diýip, býujet işgäri belledi.
Azatlyk ýokarda aýdylanlar barada şäher häkimliginden we onuň medeniýet hem-de oba hojalygy bölümlerinden kommentariý alyp bilmedi.
Bu waka, prezidentiň degişli ýolbaşçylara her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde - şu ýyl 12-nji noýabrda - bellenilýän Hasyl toýuny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmelidigini tabşyrmagynyň yz ýanyna gabat geldi.
Döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedow bu baradaky tabşyrygyny Ministrler Kabinetiniň 6-njy noýabrda geçirilen mejlisinde etdi.
Hasyl toýlarynda, adatça, aýdym-saz çykyşlary, konsertler we maslahatlar geçirilip, oba hojalyk ekinlerinden uly hasyl alnandygy aýdylýar we tapawutlanan oba hojalyk işgärleri sylaglanýar. Emma bu çärelere görlen taýýarlyklaryň jikme-jiklikleri barada hiç zat aýdylmaýar.
Türkmenistanda döwlet telewideniýesi üçin reportažlary öňünden taýýarlap goýmak we bu çärelere býujet işgärlerini, talyplary, okuwçylary, ýaşululary we çagalary gatnaşdyrmak tejribesi ýurt garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan bäri dowam edýär.
Geçen aýyň ortalarynda Marydaky habarçymyz häkimiýetleriň döwlet telewideniýesine reportaž taýýarlamak üçin geçiren köpçülikleýin çäresinde duýdansyz başlan ýagyn zerarly öýlerine gitmek islän ýüzlerçe çäreçini goýbermändigini, netijede, olaryň bir sagat çemesi ýagşyň aşagynda ezilendigini habar berdi.
Azatlyk bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylar çärä gatnaşýanlaryň arasynda saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy, käte olaryň keselhana ýerleşdirilmegi bilen bagly wakalaryň bolýandygyny onlarça gezek gürrüň berdiler.
Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanyň media serişdeleri ýurtda baýramçylyk çäreleriniň “uly şowhun bilen bellenendigini” yzygiderli habar berýär, ýöne ýokarda aýdylan ýagdaýlar barada asla gürrüň gozgamaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum