Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prokuratura barlaglary harby bölümleriň ‘aýbyny açýar’


Barlagçylar harby bölümlerde naharhanalary, ammarlary we ýatakhanalary barlaýarlar hem-de şahsy düzüm bilen wagyz-nesihat işlerini geçirýärler. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.
Barlagçylar harby bölümlerde naharhanalary, ammarlary we ýatakhanalary barlaýarlar hem-de şahsy düzüm bilen wagyz-nesihat işlerini geçirýärler. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.

Goranmak ministrliginiň hem-de harby prokuraturalaryň Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän harby bölümlerde geçirýän barlaglary esgerleriň ýüzbe-ýüz bolýan käbir problemalarynyň üstüni açýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy harby çeşmelere salgylanyp, 6-njy noýabrda sebitden habar berdi.

Harby bölümlerde ýaňy-ýakynda geçirilen barlaglarda esgerleriň iýmit üpjünçiligi, arassaçylyk-gigiýena şertleri, şeýle-de harby bölümlerde öňden bäri dowam edýän başga-da birnäçe mesele boýunça käbir kemçilikleriň üsti açyldy. Ýöne problemalaryň çözgüdi bilen bagly görüljek çäreler barada gürrüň gozgalmaýar.

Azatlyga mälim bolşuna görä, Goranmak ministrliginiň hem-de harby prokuraturalaryň wekilleri barlaglaryň arasynda esgerler bilen ýüzbe-ýüz gürrüňdeşlikleri hem geçirdiler.

“Kaka etrabynda we Duşak şäherçesinde ýerleşýän harby bölümlere duýdansyz barlagçylar gelýär. Harby bölümler başdan-aýak barlanýar” diýip, bir harby ofiser Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Barlagçylar naharhanalary, esgerleriň iýmit üpjünçiliginiň ýagdaýyny, şeýle-de ýatakhanalary we esgerleriň harby lybas üpjünçiligini hem-de harby ammarlary barlaýarlar. Harby bölümlerde ýöredilýän resminamalar hem prokuratura işgärleri tarapyndan gözden geçirilýär.

“Duýdansyz barlaglarda ähli ugurlarda kemçilik tapyldy. Harby ýolbaşçylar taýýarlyk görüp ýetişmändirler. Naharhanalarda mesge, şeker we çörek ýaly iýmit önümleriniň esgerlere berilmeli normadan az goýberilýändigi anyklandy” diýip, ýagdaýdan habarly çeşme aýdýar.

Muňa garamazdan, şahsy düzüm bilen geçirilen gürrüňdeşliklerde esgerler özleriniň hiç-hili arz şikaýatlarynyň ýokdugyny aýdýarlar.

“Sebäbi, esgerler özleriniň ýüzbe-ýüz bolýan problemalaryny beýan etseler, barlagçylar giden badyna kemsitmelere we başga-da dürli kynçylyklara sezewar ediljekdiklerini oňat bilýärler” diýip, harby ofiser aýdýar.

Şeýle-de, duýdansyz barlaglarda harby bölümleriň ýaramaz arassaçylyk-gigiýena şertleriniň üsti açyldy: ýatakhanalarda we esgerleriň egin-eşiklerinde bit tapyldy. Harby serkerdeler emele gelen bu ýagdaý boýunça esgerleri aýyplaýarlar, “wagtly-wagtynda ýuwunmasalar şeýle bolýar, biz aýdyp ýadadyk” diýip, Azatlygyň çeşmesi bir harby serkerdäniň sözlerini sitirleýär.

Ýagdaýdan habarly çeşme harby bölümleriň sabyn we şampun ýaly zerur arassaçylyk serişdeleri bilen wagtly-wagtynda üpjün edilmeýändigini aýdýar.

Azatlyk Radiosy türkmen goşunynda ýyllar boýy dowam edýän problemalar barada yzygiderli habar berip gelýär. Harby bölümlerde geçirilýän barlaglar Azatlyk Radiosynyň soňky wagtlarda harby pudakda dowam edýän problemalar barada yzly-yzyna beren habarlarynyň yz ýanyna gabat geldi.

Harby bölümlerde giň ýaýran problemalaryň arasynda, ene-atalar öz çagalaryny “oňat” hasaplanylýan harby bölümlere düşürmek üçin onlarça müň manat möçberinde para bermäge razy bolýandyklaryny aýdýarlar.

Harby bölümleriň medisina otaglaryna-da aýlanan barlagçylar ol ýerlerde diňe ýod, “zelýonka” we sargy ýaly saglyk serişdeleriniň saklanýandygyny gördüler.

Ministrligiň hem-de harby prokuraturalaryň wekilleri barlaglaryň yz ýany, esgerler bilen ýygnak geçirip, wagyz-nesihat işlerini alyp bardylar.

Olar gürrüňdeşligiň dowamynda käbir harby bölümlerde wagtal-wagtal esgerleriň arasynda uruş-dawalaryň ýüze çykýandygyny, hatda uruş-jenjellerde öwezini dolup bolmajak ýitgileriň hasaba alynýandygyny aýdyp, esgerleri tertip-düzgüni saklamaga çagyrypdyrlar. Şeýle-de, barlagçylar şahsy düzümiň arasynda geçiren wagyz-nesihat işleriniň dowamynda kä halatlarda harby bölümlerde beçebazlyk ýaly hadysalaryň hem hasaba alynýandygyny aýdyp, munuň türkmen kanunçylygynda türme tussaglygyna getirýändigini duýdurypdyrlar.

Azatlyk Radiosy harby bölümlerde geçirilen barlaglar boýunça Türkmenistanyň Goranmak ministrliginden teswir alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG