Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Etniki özbek azlyklarynyň wekilleri öz ene dillerinde bilim almak hukuklaryny talap edýär


Türkmenistanda geçirilen soňky uçdantutma ilaty ýazuwynyň netijeleri ýurtdaky milli azlyklaryň sanyny aýan etmedi. Illýustrasiýa suraty.
Türkmenistanda geçirilen soňky uçdantutma ilaty ýazuwynyň netijeleri ýurtdaky milli azlyklaryň sanyny aýan etmedi. Illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanyň dürli sebitlerinde kowçum bolup ýaşaýan özbek milli azlyklarynyň wekilleri özleriniň medeni hukuklarynyň hem-de öz ene dillerinde bilim almak mümkinçilikleriniň çäklendirilýändigini aýdýarlar. Azatlyk Radiosyna gelip gowşan okyjy hatynyň awtory ýurtda etniki azlyklaryň ýagdaýyna üns çekilmegini haýyş edýär.

Türkmen wekiliýeti awgust aýynda Jynsy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini aradan aýyrmak boýunça BMG-niň Ženewadaky edarasynda beren hasabatynda Türkmenistanda milletara sazlaşygyny üpjün etmek boýunça tagalla edilýändigini öňe sürdi.

Azatlyk Radiosyna iberilen okyjy haty ýurtda ýaşaýan etniki özbek azlyklarynyň birnäçe wekiline salgylanyp, hususan-da olaryň ene dillerinde bilim almak mümkinçilikleriniň çäklendirilmeginden şikaýat edýär.

Türkmen häkimiýetleri “ýurduň Konstitusiýasynda kepil berlen öz ene diliňi öwrenmek hukugyny ýurduň içinde gazanmagy asla dile getirmeýärler” diýip, okyjynyň haty aýdýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 21-nji maddasy şeýle diýýär:

“Türkmenistanyň döwlet dili türkmen dilidir. Türkmenistanyň ähli raýatlaryna öz ene dilini peýdalanmak hukugy kepillendirilýär”

Türkmenistanda garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan başlap, döwlet dilini öňe sürmek we giňden ulanylmagyny gazanmak tagallalarynyň çäklerinde özbek dilli mekdepler we synplar ýapylyp başlandy.

“2000-nji ýyllaryň başlaryndan bäri şäherde ýekeje-de özbek dilinde okadylýan synp ýa-da özbek dili we edebiýaty dersleri öwredilýän ýekeje mekdep ýa synp galmady” diýip, Magdanly şäherinde mugallym bolup işleýän pensiýa ýaşyndaky bir özbek ýaşulysy aýdýar.

Lebaply mugallym Türkmenistanda 1995-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwynyň netijelerine görä, Magdanly şäheriniň ilatynyň 84,5 göteriminiň etniki özbeklerden ybarat bolandygyny aýdýar.

Türkmenistanda 2022-nji ýylyň dekabr aýynda geçirilen uçdantutma ilaty ýazuwynyň netijeleri ýurtdaky milli azlyklaryň sanyny aýan etmeýär.

Etniki özbek azlyklarynyň wekillerine görä, türkmen häkimiýetleri ýurtda özbek mekdepleriniň açylmazlygyny mugallym we kitap ýetmezçiligi bilen düşündirýärler.

Ýöne Daşoguz welaýatyndan bolan bir etniki özbek mugallymynyň sözlerine görä, ençeme türkmenistanly etniki özbekler goňşy Özbegistanyň ýokary okuw jaýlarynda mugallymçylyk hünär ugry boýunça okuwy tamamlap ýurtda dolanýarlar.

“Üstesine, Daşoguz welaýatynyň özünde-de ozalky özbek mekdeplerinde işlän ýüzlerçe mugallym bar. Oňa görä-de, özbek dilinde başlangyç synpdan başlap, takyk, tebigy, ynsanperwer ugurlaryndan, bedenterbiýe, aýdym-saz we beýleki derslerinden bilim berip biljek pedagoglaryň sany az däl, ýöne häkimiýetler türkmenleşdirmek syýasatyndan el çekip, ýurtda adam hukuklaryny goramak üçin, hiç hili hakyky iş edesi gelenok” diýip, Azatlyk Radiosyna gelip gowşan okyjy hatynda aýdylýar.

Daşoguz welaýatynda özbek azlyklarynyň kowçum bolup ýaşaýan etraby, S. A. Nyýazow adyndaky etrap 2020-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistanda iň gowy etrap yglan edildi we 1 million dollar möçberinde pul baýragy bilen sylaglandy.

2021-nji ýylyň fewralynda şol wagtky prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejeli özbek resmileri bilen Aşgabatda geçiren duşuşygynda bu etrapda etniki özbekleriň kowçum bolup ýaşaýandygyny aýtdy.

Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally 17-nji oktýabrda Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde “etniki azlyklaryň hukuklaryna sarpa goýulmagynyň olarda watana bolan buýsanç duýgusyny döredýändigini” aýtdy.

“Özbeklere etniki azlyklar diýmegem nädogry. Sebäbi, özbekler köplük. Olara öz ene dilinde okamaga, sowat almaga, olara mekdep açmaga rugsat berlenok. Bu, elbetde, şol milletiň, umuman beýleki azlykdaky milletleriň hukugynyň kemsidilmegini aňladýar” diýip, türkmen ýazyjysy aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri ençeme ýyllardan bäri döwlet dolandyryşynda, güýç gurluşlarynda türkmenleşdirme syýasatyny alyp bardy. Etniki azlyklaryň wekilleri ýokary döwlet wezipelerine bellenilmeýär. Kanun goraýjy edaralaryň işgärleri, hususan-da, bäş ýyl ozal güýçlendirilen görnüşde türkmenleşdirme syýasatyna mejbur edildi.

21-nji oktýabrda Özbegistanda Özbek diliniň güni bellenilip geçilýär.

Maglumat üçin aýdylsa, mundan ozal, Özbegistanyň käbir ýokary okuw jaýlarynda 2023-2024-nji okuw ýyly üçin türkmen dili hünäri boýunça onlarça kwota bölünip berildi. Garagalpak döwlet uniwersitetinde “Filologiýa, türkmen dili” hünäri boýunça, Nöküsiň döwlet mugallymçylyk institutynda bolsa, “Ene dili we edebiýat: türkmen dili we edebiýaty, türkmen dili” hem-de “başlangyç bilim” hünärleri boýunça kwotalar bölünip berlipdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG