Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebabyň polisiýasy gulluga barmadyk raýatlary öýlerinden alyp, harby bölümlere tabşyrýar


Çagyryş boýunça harby gulluga alnan esgerler kasam kabul edýär. Illýustrasiýa suraty
Çagyryş boýunça harby gulluga alnan esgerler kasam kabul edýär. Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynda harby gulluga çagyryş haty gowşurylan raýatlary harby gulluga almak çäreleri güýçlendirildi. Şu günler çakylyk hatyny alan erkek raýatlar wagtynda degişli harby bölüme barmasa, onda olar polisiýa tarapyndan öýlerinden alnyp gidilýär. Harby gullugyny alty aý yza süýşürmek isleýän raýatlardan 500 ABŞ dollary möçberinde para soralýar.

“Lebabyň harby komissarlyklarynda 1-nji oktýabrda güýz paslynyň harby çagyryş möwsümi başlady. Raýatlary harby gulluga almak çäresi 6-njy oktýabrda has güýçli depginde alnyp baryldy. Polisiýa işgärleri harby gulluga çagyryş hatyny alan raýatlaryň öýüne baryp, olary komissarlyklara alyp gaýtdylar” diýip, Azatlyk Radiosynyňsebitdäki habarçysy 9-njy oktýabrda gürrüň berdi.

Çagyryş hatyny alan raýatyň saglyk ýagdaýy harby gullugy berjaý etmäge rugsat bermeýän bolsa, onda oňa Türkmenabat şäher hassahanasynda bejergi almaga ýollanma berilýär.

“Bu raýatlara hassahanada diňe ýatak mugt berilýär. Galan derman-därini, yssy nahary näsagyň özi satyn almaly bolýar. Hökümet iki ýyl döwlete gulluk etjek raýatyň saglyk bejergisini-de öz üstüne almaýar” diýip, ýagdaýlardan habarly ygtybarly çeşmämiz gürrüň berdi.

Türkmenistanda “çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary ýurduň Ýaragly güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we raýatlaryň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy” dowam edýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow bu baradaky karara 16-njy sentýabrda gol goýdy.

Habarçymyz we çeşmämiz bu çärä badalga berilmegi bilen, harby bölümlerde para möwsüminiň hem aç-açan başlandygyny aýdýar. Olaryň tassyklamagyna görä, harby gullugyny alty aý yza süýşürmek isleýän raýatlardan 500 ABŞ dollary möçberinde para soralýar.

“Gullukdaky ýaramaz şertler zerarly ene-atalar haýsy welaýatlaryň harby bölümlerinde gulluk şertleri gowy bolsa, çagalaryny şol bölümlere ibermek isleýärler. Olar munuň üçin harby komissarlygyndaky ofiserlere 200 ABŞ dollary möçberinde para berýärler” diýip, çeşmämiz aýtdy.

Azatlygyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada kommentariýa almak üçin Lebabyň harby bölümi, Polisiýa müdirligi we ýurduň Goranmak ministrligi bilen habarlaşmak synanyşyklary başa barmady.

Soňky ýyllarda türkmen häkimiýetleri raýatlary, şol sanda mekdebi ýaňy tamamlan uçurymlary dessine çagyryş boýunça harby gulluga almak çärelerini güýçlendirdiler. Häkimiýetler bu çäreleriniň sebäplerini aç-açan düşündirmeýärler. Ýöne Azatlyk bilen söhbetdeş bolen harby bölümleriň ofiserleri muny ýurtda esger ýetmezçiligi bilen düşündirýärler.

Munuň bilen bir wagtda, Türkmenistanyň harby bölümlerinde gullukçylaryň durmuş üpjünçilik ýagdaýynyň we lukmançylyk kömeginiň pesdigi, dedowşina, ýagny eden-etdilikler, sütem we ýanamalar, şeýle-de bularyň pidasy bolan esgerler hakynda Azatlyk ýyllarboýy habar berip gelýär.

Ene-atalar bu ýagdaýlar zerarly, özleriniň para berip, esger ogullaryny “gowy” hasaplanýan harby bölümlere ýerleşdirmäge ýa-da gullukdan ir boşatmaga mejbur bolýandyklaryny aýdýarlar.

Iýun aýynda ýagdaýlardan habarly ygtybarly çeşmämiz Aşgabadyň harby komissarlygynda paranyň mukdarynyň 7 müň ABŞ dollaryna ýetendigini habar berdi. Ol şonda bu serişdä paýtagtyň ýaşaýjylarynyň harby gulluk borjuny öz şäherinde berjaý etmek mümkinçiligine eýe bolýandygyny hem aýtdy.

Türkmenistanda harby gulluk hökmany hasaplanýar. Ýurtda şertnama boýunça harby gulluk ýa-da alternatiw gulluk göz öňünde tutulmaýar. Türkmenistanda raýatlary çagyryş boýunça harby gulluga almak we gulluk möhletini tamamlan esgerleri öýlerine ugratmak möwsümi ýylda iki gezek apreliň başyndan iýunyň aýagyna çenli we oktýabryň başyndan dekabryň aýagyna çenli amala aşyrylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG